Gara saçlaryňy egnime ýaýyp,
Hamsygyp çalaja, ugranyma-da,
Galyşyń ýadymda…
Ýuwjak bolýaryn
Täleýi meý bilen Ukrainada.
Sen özge ykbala ýazylyp gitdiň,
Bu günlerem özge bilen atar daň.
Durmuş, çeýnäp meni gazaply it deý,
Dünýäň haýsy çukuryna atardyń?
Ýatyrmaýar meni harsatly gije,
Itleriň sesi-de gaýramda üýren.
Belki, şatlanaryn gün geçdigiçe,
Seň täze öýüňde baýramdy düýnem.
Ýöne şatlykly gün seňki bolsa-da,
Gyzyksyz bolandyr eden işiňem.
Şowhunly öý myhmanlardan dolsa-da,
Umyt bilen kän garansyň işige?!
Men bolsa, kysmatdan göçüp gidere,
Çalşyp ömri daşlaryna billiardyň,
Kakypdym, goşulyp köçekilere.
Ýogsa, maňa garaşýanyň bilýärdim.
Jaň edip diýmäge bognum ysmady
Ýoklugyny senden gowy başganyň.
Gowy günleň gysga bolar kysmaty,
Duýdum ýene bir gamly gün başlanyn.
“Göwnüm sende ýatyr, aýra ýatsagam…”,
Ýazan hatlaryňy gördüm, oýansam.
Gije başyň goýup ýarym ýassyga,
Meni näçe gezek ýatlap goýansyň…
Serdar Açylow