✔ Bagyşla
Hyrydar gözlermi gözlerňe dikip,
Başda söýüp bakan bolsam, bagyşla!
Aşyk ýüregimde suratyň çekip,
Joşup, arşa çykan bolsam, bagyşla!
Seniň gözleriňde görsem-de açyk,
Söýgiň syrlaryny bilmedim açyp,
Men nirä gideýin täleýden gaçyp,
Aglap, dyza çöken bolsam, bagyşla!
Ýazygym bar bolsa söýenim üçin,
Bialaç örtenip-köýenim üçin,
Şol gün saňa “söýýän” diýenim üçin,
Ýüregňe ýol çeken bolsam, bagyşla!
Garaňky gijäňe şöhle saçaýyn,
Ýa, asmandan damja bolup gaçaýyn,
Isleseň, gül bolup göwnüň açaýyn,
Gyz, göwnüňi ýykan bolsam, bagyşla!
Gujaklap öpemde gözlerňi süzüp,
Alypdyň gursakdan ýüregmi üzüp,
Sözleri monjuk deý bir ýüpe düzüp,
Soňra ýolup-söken bolsam, bagyşla!
Ýüregiň ýylysy, çogy bar bolsa,
Aýralygyň ody, dagy bar bolsa,
Her bir zadyň çeni, çägi bar bolsa,
Öz çägimden çykan bolsam, bagyşla!
Tagandurdy Hojadow