barlagcy
30.12.2020 13:22
Ýagyşyň ýagmagy başarşy ýaly,
Aý, Günüň dogmagy başarşy ýaly,
Derýalaň akmagy başarşy ýaly,
Ýyldyrymyň çakmagy başarşy ýaly,
Biziň hem (bolsak-da haýsy hünärde!)
Ýagmagmyz,
Akmagmyz,
Çakmagmyz gerek.
...Köçe suwlaýanlar ýuwsun köçäni
Her gün iki gezek.
Belki, üç gezek.

2
Jaý gurýan adamlar
döwletiň beren
Ähli çüýün, reňkin, hekin, sementin
Şol jaýa siňdirsin. Birje gramyn
Ne-hä artyk goýsun, ne-de kemeltsin.

3
Zat satýan adamlar
döwletiň beren
Matasyn, eşigin, çäýnek, çemçesin
Magazinde satsyn, ýaşigi bilen
Jygyllygyň, howlusyna göçmesin.
Nebis diýilýän zat çenden geçmesin,
Geçse –
ýuwutjak ol bogaz düýäni.
Men bir magaziniň müdirin bilýän,
Bogaz düýäni däl, bogaz dünýäni
Ýuwutmaga taýyn. Elleri ýetse –
Aýy hem goparyp, bazarda satjak.
Halal zähmet bilen gabarsyn gapjyk,
Halal nygmat bilen bugarsyn saçak.

4
«Žiguli»
jüýje dek kopelip barýar –
Kelpeziň ölümi, akyllyň bagty.
Sowulyň, ýene-de bir kelpez gelýär.
Işi gyssag borly saklamaň ýigdi.
Onýança maňlaýy betona degdi.
Üç çagaly maral ýas tutdy ertir...
Maşyn artdygyça – paýhas köpelsin.
Maşyn artdygyça –
Artmasyn ýetim.

5
Täze ýyl
dogulsyn müňläp ogullar,
Dogulsyn, dogulsyn,
Has köp dogulsyn.
Ýöne kiçi-girim ogullar däl-de,
Hemmesi-de goçak ogullar bolsun.
Munça goçak ogul sygarmy dünýä?
(Meger, bu arzuwym juda çökderdir)
Goç ogullar üçin ýer darlyk etmez,
Dünýä sygmaýanlar owunjaklardyr.

6
Bir zalym kesel bar.
Adyn tutmaýyn.
Ýok bolsun dünýäden şol zalym Kesel!
Ol hakda etmäýin artykmaç gürrüň –
Gürrüň etsem, müňläp ýaralar erser.
Onuň garşysyna ne tankyt gerek,
Ne-de goşgy gerek, ne-de bir gürrüň.
Diňe derman gerek. Olam tapylar –
Edil sitromon dek satylar bir gün.

7
Täze ýyl
şeýle bir lukman ýyl bolsun –
Nesilsiz ojaklar bolsun nesilli.
Önelgesiz enäň, perzentsiz ataň
Çökgün göwünlerne insin teselli.
Namut sallançaklar,
Namut gujaklar,
Tukat öýler bolsun «jagyl-da-jugul».
Enäň her dyzynda bir gyz otursyn
Ataň dyzynda-da şonçarak ogul.

8
Aýlar, ýyllar şeýdip geçişip barýar.
Ynha ýene bir ýyl gerdene mündi.
Gutardy ýene bir kalendarymyz –
Hiç mahal, hiç mahal dolanmaz indi.
Dünýäde şatlyk-da, hasrat-da ýetik.
Bir adam dogulýar, bir adam ölýär.
Ömür hem, Ölüm hem çalşykly çemçe.
Gije gelinýär-de,
Gündiz gidilýär.
Dünýä aglap inýäs.
Gidemizde-de
Ýene agy bilen ugratsyn il-gün.
(Täze ýylyň gözel bosagasynda
Neçün ölüm hakda oýlandyň, göwün!)

9
Bu gün şatlyk gerek, bu gün saz gerek.
Şowhun, gülki gerek. Ýaşasyn gülki!
Äleme ineňde adam diýen zat
Bir uly gülküden döränmiş ilki.
Mydam ganymyzda at çapsyn gülki.
Gülkä düşünýänleň artsyn hasaby.
Gülkä gülüp,
aga aglap bilmese –
Geýim dek kirlärmiş adam ynsaby.

10
Ullakan stolmy,
Kiçijik stol,
Uly stanokmy,
Kiçi stanok –
Haýsynyň, başynda zähmet çeksek-de,
Dünýäde bir postdan ýokary post ýok –
Adamkärçilikden ýokary post ýok.
Şol –
şu günüň, ertäň iň uly posty.
Kimde-kim şol posta mynasyp bolsa –
Hem özüniň
hem-de iliniň dosty.
Miras bolup geçsin nesilden nesle
Adamkärçiligmiz, ýagşy gylygmyz.
(Şu günki ýaşlygmyz bisüwit geçse –
Biweç bor ertirki ýaşulylygmyz).

11
Göründi Hil atly bäşýyllygymyz.
Gülletsin ol, has-da gülletsin ili.
Iň ýokary sorta mynasyp bolsun
Hem Harydyň
hemem Ynsabyň hili.
Ol ikisi – biri-birine bagly.
Ynsap mürrük bolsa, Harydam mürrük
Täze ýyl arzuwym: zähmet adamsy
Mürrük ynsap bilen bolmasyn şärik.

12
Bir mahalky uly batyrçylyga
Bu gün talaňçylyk diýip-de bolar.
Bir mahalky uly dogruçyllyga
Bu gün ýalançylyk diýip-de bolar.
Batyrçylyk bilen dogruçyllyga
Döwür berýär käte täze bir many.
Bu gün iň ullakan gahrymançylyk
Gorap saklamaly ynsan ynsany.

Kerim Gurbannepesow
16
196
Myhman Myhman
19 Fewral 2021
Iñ gowy goryan sahyrym kerim aga
barlagcy
2 Yanwar 2021
Greenleaf, minnetdar

Myhman Myhman, ay Turkmenistandada sahyryn sarpasy uly tutulyara birnace dowlet sylaglary bar
Myhman Myhman
31 Dekabr 2020
gaty gowy tkmda yasamasdyñ seni su sozleñ ucin nobel bayragy bln sylaglardymm tkmda beyle zatlar bolsa dy biz ........
Myhman Myhman
30 Dekabr 2020
👌👌👌👏👏
:)han:)gyz:)
30 Dekabr 2020
👍🏻bet
Greenleaf
30 Dekabr 2020
Barlagçy juda gowy, şeýle sada dil, emma manysy welin deňizden hem çyň. Her bentde jemlenen giden bir many. Göýä boýlap ýören ýally giden ummany. Berekella 👍👍👍👍👍❤
Karaleva_04
30 Dekabr 2020
gaty gowy??❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.