barlagcy
14.03.2021 17:24
Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat,
Diňe adatam dal, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Yol, apatam ona gurbanlardandyr.
 
Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Yaňagy saherden ýasalan ýaly,
Gabagy mahirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.
 
llerniň barmagy misli bir seçek,
Döşleri meýdanly, gözleri goçak.
Bili ýarym gujak, saçy bir gujak,
Gözleri bar-düýpsüz ummanlardandyr.
 
Gözleriniň agy-dünyaň gündizi,
Gözleriniň garasy-gijaň tamizi.
Megerem şol ala gözleriň özi
Gijani-gündizi ýasanlardandyr.
 
Yüz gelniň içinden saýlanyp boýy,
Bir özi bezap dur giden bir toýy.
Edebiň merkezi, akylyň öyi,
Şahyr oňa akly haýranlardandyr.
 
Saýlap seçip, ajaplaryň ajabyn,
Haýsy ýigde bagş etdika gujagyn?
Şol gujakda mekan tutan goç ogul
Dünýade iň bagtly ynsanlardandyr.

10
120
barlagcy
13.03.2021 15:35
Hat

Öwrenişip bilemok sensiz günlere,
Dymyşlyk deý hiç ahyry gelmeýär.
Düşündim men: göwün berip dilbere,
Ýüregiňi aman saklap bolmaýar.

Şadyýan sözleriň, şadyýan keşbiň,
Öwrülip barýalar gamgyn aýdyma.
Ony dünýe döräp geldiler eşdip,
Indi ol bir gezek artyk aýdylar.

Ýollaryňa bakýan köne endikli,
Ýyldyzlar köz deýin gögi deşdigi.
Bilemok bir asyr bile boldukmy,
Ýa bary bir günde bolup geçdimi?!

Indi hiç kim menden öýkeläp gitmez,
Hem ertir ir bilen geçilmez günäm.
Jüp aýak sesine üýrer-de itler,
Başyma ýalňyzlyk derdini bürär.

Gözüm gidýär: bezäp gadym dünýäni,
Aý hiňlenip barýar suwly salmada.
Neneň kyn ekeni eden günäňi,
Aýdyp ötünere adam bolmasa.

Ýalňyz ýyldyz görsem dyglaýar inim,
Bu kimiň gazaby, bu kimiň hökmi?!
Pyşyrdap soraýan: Aýt, bu söýginiň,
Şat günleri köpmi, hasraty köpmi?!

Mämmetnazar Babanazarow
11
66
barlagcy
barlagcy
09.03.2021 00:18
Almagül ýaglygy gyzyl seçekli, Ýaşyl ketenisi sary zolakly Bir mele gelin ol: göýä ýüzüni Bugdaý suwy bilen ýuwýan ýalakdy. Ýok, men ol geline aşyk bolamok. Kimdignem bilemok. Bar bilýän zadym: Onuň
barlagcy
barlagcy
08.03.2021 13:51
Mähriban zenanlar. Gadyrdan ayal gyzlar. Siziñ ähliñizi halkara zenanlar guni bilen gyzgyn gutlayaryn. Durmusynyzda ustunlik jan saglyk egsilmez bagt arzuw edyan. Goy bahar bagulleri yaly mylayym
barlagcy
05.03.2021 02:14
Owadan gelinler! Siz hakda şu gün
Bir goşgy ýazmagy küýsedi ýürek.
Owadan siz. Ýöne owadanlygňyz
Size ýeňil düşýän däl bolsa gerek.
Akylla-da mydam –
Owadan gerek.
Samsyga-da mydam –
Owadan gerek.

...Köçeden uz ýöräp bir gelin barýar,
Elinde almaly, käşirli sebet.
Akyllam gaňrylyp, yzyna garýar,
Samsyklaram diýýär: «Seret-de seret!»

Bir ýigit gygyrýar: «Aý, Meret, Meret,
Wah, wah, seret, gara gözlerne seret!»
Elbetde, seretmek gadagan zat däl.
Ýöne beýdip geçi ýaly çekremek
Nämäňe gerek!

Hanha bir gapdalda ýene bir kelpeň
Gyzyldan dişini güjeňlän bolup,
Jikjeren bolup dur. Gelin uýalýar.
Gaşlar aşak inýär misli bir bulut.
Bulut al ýaňaga kölege salyp,

Lemmer-lemmer bolup,
ýagjak, ýagjak, ýagjak

Bolýar-da, saklanýar. Ýagaýaňda-da
Ol kelpeň ne-hä bir ýagaňňa degjek,

Ne damanňa degjek... Gelin düşünýär.
Gyzaran ýaňagna eltýär-de elin,
Ýaşyl ýeňi bilen bägül ýüzüni
Ýaprakly üzüm dek
Gizleýär gelin.

...Kioskyň ýanynda saklanýar gelin.
Elinde almaly, käşirli sebet.
Ýene-de beýleden kilçerýär biri:
«Eset, Mämmet, onuň saçlarna eset!»

Gelin bir üm bilen,
birje söz bilen
Kössekläp biljekdi kelpeňleň dilin
Emma beýtmedi ol. Beýtmekçem däldi.
Bägül dek paşyrdap barýardy gelin.

Öz iş-derdi bilen gümrady gelin.
Soňabaka çykdy ne gülki, ne gep.
...Şeýdip biedeplik diýilýän zady
Käte (geplemän hem!)
Sem edýär Edep.

Kerim Gurbannepesow
11
195
barlagcy
04.03.2021 10:30
Gara garnyň bolsa gaýgyň-aladaň,
Gurruga gaçsaňam tapdyr bir mydar.
Ýöne weli ikaýakly bendäňi
Dört aýakla meňzetmäwer, ýa hudam.

* * *
Dostuň bürgüt bolsa – daglara elter,
Dostuň bilbil bolsa – baglara elter.
Dostuň elguş bolsa – bir oba elter,
Dostuň baýguş bolsa – haraba elter.

* * *
Ýekedaban bolsaň – urmak ýaraşar,
Sandal bolsaň – çydap durmak ýaraşar.
Şyňk-şyňk edip dursa kiçijik çekiç –
Şodur içýakgyç.

Kerim Gurbannepesow
12
119
barlagcy
barlagcy
01.03.2021 11:26
Neneň oňat! Şol ýagyşlar ýagyp ýör, Şol güller gülleýär, türkmen düzünde. Şahyr söýgi setirlerin ýazyp ýör, Senem ýaşap ýörsüň ýeriň ýüzünde! Neneň oňat! Bu säherde gussam ýok, Güllerde damjalar —
barlagcy
28.02.2021 21:18
Myhmansöýer saçak bolsa,
Bir wepadar gujak bolsa.
Dutarym hem, gyjak bolsa,
Gaýry ne senet islärin.

Halkyň serdary azmasa,
Döwletli öýler tozmasa.
Çaman ýüwrükden ozmasa,
MYDAM ADALAT islärin.

Namart törde otyrmasa,
Çyn dost gapyda durmasa.
Duşman ýeňseden urmasa,
Gelse PETE-PET islärin.

Beýle alňasama gursak,
Aýak üstünde dik dursak.
Dinin undan danasumak,
Ýüzbe ýüz söhbet islärin
15
112
barlagcy
27.02.2021 20:18
Asman giňişligi zerurdy maňa,
Hem onuň erkana ýüzýän buludy.
Uçup gitmekçidim çemini tapyp,
Ýaş oglandym, arzuwlarym uludy.

Aýlygymyň ýaryny öýe ugradyp,
Ýele sowurýardym artanjasyny.
Goňşymyň üç gyzy bardy, niýetim,
Öýlenmekdi şolaň ortanjysyna.

Üýtgeşik bir sowgat alyp şo gyza,
Gutlajakdym 8-nji martyny.
Ýöne, pulsuzlygym sebäp boldy-da,
Bulaşdyrdy meniň ähli kartymy.

Pul sorasam, beriljegin bilsemem,
Islemändim işiň beýle biterni.
Şol gün maňa örän-örän zerurdy,
Azajyk hemaýat, az-kem itergi.

Ýogsam, tanyş adam bardy ýanymda,
Obadaşym bardy — üme düşmezdi.
Garaz, begenmedi begendirjegim,
Ykbal arzuwlarma düzediş berdi.

Aý, hawa-da, özge nireden bilsin,
Kesekiň ahwaly kesekä syrdyr.
Haýyş bilen kiçelmäge utanyp,
Nebir arzuwlarmyň ganatyn gyrdym.

Dünýä bir bolşuna galdy barybir,
Emma, bir ýetmezi bar eken oňam.
Hiç kimem özgäniň tabyn bilenok,
Soramasaň pul berenok, onsoňam.

Belki, her kime-de asman zerurdyr,
Hem onuň erkana ýüzýän buludy.
Her kim çemin tapyp, uçup gitjekdir,
Her kimiňem arzuwlary uludyr.

 Çary Ýegenmyradow
12
343
barlagcy
barlagcy
24.02.2021 18:39
Hamala çagalyk geçmejek ýaly, Çagalygyň kenarynda kän durdum. Bu dünýe durşuna sowaldy maňa, Şo sowallaň jogabyna näm berdim. Ol şeýle kenardy, – Beýik kenardy, Alkymynda sorag Adasy bardy. Aňyrsynda