Asman giňişligi zerurdy maňa,
Hem onuň erkana ýüzýän buludy.
Uçup gitmekçidim çemini tapyp,
Ýaş oglandym, arzuwlarym uludy.
Aýlygymyň ýaryny öýe ugradyp,
Ýele sowurýardym artanjasyny.
Goňşymyň üç gyzy bardy, niýetim,
Öýlenmekdi şolaň ortanjysyna.
Üýtgeşik bir sowgat alyp şo gyza,
Gutlajakdym 8-nji martyny.
Ýöne, pulsuzlygym sebäp boldy-da,
Bulaşdyrdy meniň ähli kartymy.
Pul sorasam, beriljegin bilsemem,
Islemändim işiň beýle biterni.
Şol gün maňa örän-örän zerurdy,
Azajyk hemaýat, az-kem itergi.
Ýogsam, tanyş adam bardy ýanymda,
Obadaşym bardy — üme düşmezdi.
Garaz, begenmedi begendirjegim,
Ykbal arzuwlarma düzediş berdi.
Aý, hawa-da, özge nireden bilsin,
Kesekiň ahwaly kesekä syrdyr.
Haýyş bilen kiçelmäge utanyp,
Nebir arzuwlarmyň ganatyn gyrdym.
Dünýä bir bolşuna galdy barybir,
Emma, bir ýetmezi bar eken oňam.
Hiç kimem özgäniň tabyn bilenok,
Soramasaň pul berenok, onsoňam.
Belki, her kime-de asman zerurdyr,
Hem onuň erkana ýüzýän buludy.
Her kim çemin tapyp, uçup gitjekdir,
Her kimiňem arzuwlary uludyr.
Çary Ýegenmyradow