Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.
Ol şeýle kenardy, –
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.
Ol şeýle bir uzak,
şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik,
şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.
Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn —
...Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.
Gurbannazar Ezizow