Almagül ýaglygy gyzyl seçekli,
Ýaşyl ketenisi sary zolakly
Bir mele gelin ol: göýä ýüzüni
Bugdaý suwy bilen ýuwýan ýalakdy.
Ýok, men ol geline aşyk bolamok.
Kimdignem bilemok. Bar bilýän zadym:
Onuň adamsy bar.
Öýleri bolsa –
Şu ýerlerden daş däl,
Üç dört müň ädim.
Ne-hä kärin bilýän,
Ne-de bir adyn.
Biziň işigmizden mahal-mahal ol
Geçip gidýär. Bir dem yzyndan bakýan,
Ýene ýatdan çykýar. Bar bolany şol.
Belki, bir geçende salam bererin,
Belki, olam maňa başyny atar.
(Başyn atmasa-da ýamanalgym ýok,
Meger öňküdenem sarpasy artar).
...Ýene köçämizden geçip gitdi ol,
Gaşlarnyň saýasy goşa çanakly.
Göýäki diýersiň şol çanaklardan
Köçä mähir paýlap barýan ýalakdy.
Köçäniň burçundan öwrüldi weli,
Çykdy garşysyndan bir daýaw oglan.
Belki ýegenidir, belki dogany.
(Ýöne beýle içgin durarmy olar?!)
Demsalym durdular. Gürrüňleşdiler.
Daýaw ýigit bolsa misli bir sadranç,
Saçlaryn sypalap, lowurdap durdy...
Girdi ýüregime kiçijik gabanç.
Bu nämäň gabanjy? Düşünjek boldum.
Sebäbin yzladym. Çykmady başym.
Gabanjak gabansyn! Meňki nämemiş –
Ne-hä aşygym,
Ne garyndaşym!
Ahyry sowaly şeýleräk çözdüm:
O zeýilli gelin dünýäde seýrek.
Seýrek zady bolsa bir bolup däl-de,
Il bolup gabanmak,
Goramak gerek.
Kerim Gurbannrpesow