barlagcy
17.04.2021 09:08
Sapar edip barsak Nuha mülküne
Köňül isläni dek ýaýlaklary bar
Seýran etsek gunçasyna, gülüne
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.

Magtymguly

Keşt eýleseň Garagumuň iline,
Çetili, çerkezli ýaýlaklary bar.
Gujaklasaň eliň ýetmez biline,
Gojaman-gojaman sazaklary bar.

Güneýleri bardyr ýaşyl ýylakly,
Çopanlary bardyr egri taýakly,
Çoluklary bardyr ýeňil aýakly,
Ýanlarynda azyk-suwluklary bar,

Eýläk atyp Garagumuň gyşyny,
Ýazlag wagty görseň çopan goşuny,
Gözel gyzlaň garanjaklap daşyny,
Maşyn bilen «ýanlyk ýaýmaklary» bar.

Otlar örer, dyza ýeter, mal doýar,
Gelinleri ýaşyl geýer, al geýer,
Suwsap barsaň küýze egip, çal guýar,
Ellerinde haşam çanaklary bar.

Hümmet kändir goýunlarnyň ýüňünde,
Sur bagana – altyn-kümüş deňinde,
Geçileri gezer süriň öňünde,
Üçemli-dördemli owlaklary bar.

Wasp eder men çölde döwlet tapany,
Zähmet bilen egne serpaý ýapany,
Hormatlydyr bu zamanyň çopany,
Pereňden, hindiden... gonaklary bar.

Bir-birine gyrpan bolup gözüni,
Ýaňlandyryp ähli türkmen düzüni,
«Çopanlara meýlis haram» sözüni
Ýaňsa alyp, dutar çalmaklary bar.

Säher-säher gadam urup ýoluňa,
Hataryňy gaýym guşap biliňe,
Timar berip çyksaň goşaniliňe.
Marally, towşanly awlaklary bar.

Eliňi gözüňe kölgeläp daşdan,
Jeýhun tarapyňa seretseň goşdan,
Kanal süýşüp gelýär, ýuwaş-ýuwaşdan,
Kenarynda gyzyl baýdaklary bar.

Kerim Gurbannepesow
13
174
barlagcy
14.04.2021 19:38
Hindiniň awçysy çyksa şikäre,
Özge aw islemez, pil sesin aňsa;
Otag ören bolsa bilbili-zara,
Otaga ot salar, gül sesin aňsa.

Jereniň balasyn baksaň, bejerseň,
Suw ýerine şeker-şerbetler berseň,
Höregne gül berip, bir güni görseň,
Watandan el gögär, çöl sesin aňsa,

Gündize gün zynat, gijäge – mahtap,
Kümüş zäge mätäç, altyna – simap,
Derýa görki mähek hem dürri-naýap,
Bilur röwşen tapar, kül sesin aňsa.

Harsydünýä söýer teňňäni, maly,
Bir gün bitap bolup, gitse mejaly,
Dönüp-deprenmäge bolmasa haly,
Galar garysyna, pul sesin aňsa.

Jelep karar etmez ýeke är bilen,
Dostun görse, bolmaz kesbi-kär bilen,
Ýola gelmez taýak bilen, zor bilen,
Ýagşy zen daş gaçar, gel sesin aňsa.

Gula döwlet gelse bilmez agasyn,
Nakyldyr: har semrär – deper eýesin,
Kyrk çillede görseň doňuz çagasyn,
Bükürdi urar gaçar jul sesin aňsa.

Ýagşy zen suhanwer, bolsa sypaýy,
Ýüzi misli mahtap, on tördi aýy,
Gaçar bethüýlerden söz guran saýy,
Çyrag iba kylar, ýel sesin aňsa.

Bedasylyň köňli açylar, şer diýseň,
Hergiz gitmez, il derdine ýör diýseň.
Bahyllaryň jany çykar, ber diýseň,
Täzeden jan geler, al sesin aňsa.

Karun mülkün alsa bir är ýa tişi,
Pulum az diýr, her gün çeker käýişi,
Nuhuň ömrün hasyl etse bir kişi,
Ýakmaz gulagyna, öl sesin aňsa.

Nepes, sen sözleseň ulus illerde,
Bilbil şeýda bolar täze güllede,
Asal ezgil dahan içre tillerde,
Ary hüjüm eýlär, bal sesin aňsa.

Mollanepes
15
75
barlagcy
12.04.2021 16:05
Rysgal doly öy bolsun,
Gapynyzda toy bolsun,
Balajyklan oynasyn,
Gaygy-gussa duymasyn.
Yaremezan!!!
Göwnacyga jay bersin,
Yalnyzlara tay bersin.
Yalnysana durmusda
Düzelmäge may bersin ,
Yaramezan !!!
Allam sagat jan bersin,
Yalanaja don bersin,
Umytsyza umydy,
Derdine derman bersin
Yaremezan! ! !
Yaremezan ! ! !
Boloweriñ caltyrak yazmaly yerim kopirak
Yaremezan!!!
Tutjak namaz orazalarynyz kabul bolsun!!!
18
93
barlagcy
09.04.2021 20:42

“ Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen”

Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen,
Tutuşlygna eýeläpdiň kalbymy.
Aýralyk, dag-hijran uzakda bizden,
Bitewidi ýüregmiziň ýangyny.

Şelaýyn dost, sen öz yşkyňy maňa,
bildiren şol bagtly günüňden başlap,
Çeken jebri-jepam aýan däl saňa,
Ýanyp ýaşadym men hem doňup,gagşap.

Ýöne şeýle çuňňur ejir ýok indi,
Öten söýgi hakda ýatlap ýörmeden,
Ýalan, boş mähriňi solan görmegňi,
unutman, gözüňi ýaşlap ýörmeden.

Birdenem neneň bagt! Diliňden ýaňy
bir kelam döküldi gyssagarada.
Geçen hoş günleriň ýatlamalarny
Ýüregiňde saklap ýörşüň barada.

Eý, zalym, sen maňa nähili eziz,
Yşk-söýgiň bireýýäm bolsa-da tamam.
Terk etmändir seni näziklik heniz
Ýürekde ýaşaýan bolsa ýatlamaň.

Ine, şu pikirden derdim ýeňleýär
gam-gyussa ýok, birazajyk solsamam.
Indi sen ömürlik meniňkisiň, ýar,
Elýeterden has uzakda bolsaňam.

A Bayron
15
90
barlagcy
08.04.2021 21:01

Sen aýala mydam geçirimli bol,
Egri gapyrgadan ýasalandyr ol.
Hudaý hem bilmändir ony göneldip.
Sen göneltjek bolup,
egäýseň eger,
Ol şarta döwüler.
El degirmän ýörseň,
hasam egreler,
Adam,
Hudaý eçilib-ä bilipdir,
Bize şeýle hüýr-melegi beripdir.
Egme-de, döwme-de,
aýtjak zadym şol:
Sen aýala mydam geçirimli bol!

I W Gýote
12
213
barlagcy
barlagcy
07.04.2021 00:59
Ýolaýrytda durus, ine, Aýralyga bolup bendi, Garamyk deý gözleriňde Hünjüleriň häzirlendi. Öňümizde ýol uzalyp, Gussa çökdi göwnümize. Ýetmedimi Beýik Söýgiň Mejnun islän göwni bize? Gögerip gam
barlagcy
05.04.2021 15:24
Keşt edip gezmişem pany jahany,
Sen deý gözel hiç görmedim illerde;
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Şeýda köňül joşmaz özge güllerde.

Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
Yşgyňda bahar men, köýüňde nar men.
Tä ölinçäm seniň ýoluň garar men,
Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda.

Säher seýle çyksa, ger tökse siller,
Owsunar her ýana, tutukdyr tiller,
Zerefşan gulpagy, syýa käkiller,
Çöşse ýere düşer, örseň billerde.

Nergiz gaşyň, helal gözüňe gurban,
Adyň zikr etmäge dilde ýok perman,
Bir janym bar, müň derdim bar,
sen derman,
Jismim ot içinde, ýaşym sillerde.

Mis özün deň etmiş simu-zer bilen,
Muş barabar bolmuş murgy-per bilen
Zäher hemra bolmuş bir şeker bilen,
Enwer ebr içinde, göwher köllerde.

Elwan geýip, gyýa-gyýa bakar sen,
Zerewşan zülpuňi ýere döker sen,
Seýle çyksaň, ak jeren dek böker sen,
Jeren hem sen kimin bökmez çöllerde.

Nepes diýr, adatdyr, möwç urup joşma,
Aşyga humardyr ogryn garaşma,
Hem jilwe, hem gamza, näzu-kereşme
Mekan tutmuş göz-gaşyňda, gollarda

Mollanepes
18
67
barlagcy
03.04.2021 10:59
Ýigide on bäş ýaşynda
Söýgüli arwat ýagşydyr;
Andan soň köňlüniň hoşy,
Ýarag bilen at ýagşydyr.

Yşksyz ýürekde dert bolmaz,
Zaty namartdan mert bolmaz,
Barça adam jomart bolmaz,
Jaýynda hümmet ýagşydyr.

Gel, nesihat eşit bizden,
Aşa tagam geler duzdan,
Märekede bijaý sözden
Gury üýren it ýagşydyr.

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,
Garrylykda öçer röwşen,
Gylykly-da bolsa herçen,
Gözele summat ýagşydyr.

Atdyr ýigidiň ýoldaşy,
Oguldyr döwletiň başy,
Gyz-da bolsa koňül hoşy,
Ýigide zürýat ýagşydyr.

Ryzkyň dile gaýypdan,
Başyň gutulmaz aýypdan,
Heýwere näkes zagypdan, —
Ötseň müjerret ýagşydyr.

Magrupy, bilgeniň söýle,
Goç ýigitniň waspyn eýle,
At bilen ýaragyň şaýla,
Duşmana haýbat ýagşydyr.

Magrupy
18
152
barlagcy
31.03.2021 12:07
Käteler begenýän ujypsyz zada,
Käte-de gyýylýan şonçajyga men...
Şu gün gabat geldim köçäň ugrunda
Ýolunyp oklanan gunçajyga men.

Gyssagly barýardym. Wagtym çäklidi.
Emma köz basan dek egildim aşak.
«Gunçajyk, kim Seni bagyňdan ýoldy?
Kim Seni har etdi köçede taşlap?»

Gunçajyk uludan aldy-da demin,
Aýamyň içinde ýylgyrdy sessiz...
Maňa şondan artyk sag bol gerek däl.
Şo sag bol besdir.

...Käteler begenýän ujypsyz zada.
Käte-de gynanýan şonçajyga men.
Şu gün gabat geldim köçäň ugrunda.
Ýolunyp oklanan arçajyga men.

Howlugyp barýardym. Elim goşludy.
Ýaltandym. Egilip bilmedim aşak.
Ýöne öz içimden gargynyp geçdim:
«Seni köçä oklan niçiksi peşşap?»

Arçajyk uludan aldy-da demin,
Yzymdan seredip, gyňraldy sessiz...
Maňa şondan artyk jeza gerek däl
Şo jeza besdir.

Bäş ädim ätdim-de, yzyma serpdim.
Goşum ýere oklap, egildim aşak.
Tozanyn üfledim, goltugma saldym
Gökje maňlaýyndan üç gezek ogşap.

Arça ne ýylgyrdy,
Ne-de gyňraldy.
Emma goltugymy ýylatdy sessiz.
Ýazygym geçildi. Ýene men adam.
Şo bagtym besdir.

Kerim Gurbannepesow
11
182
barlagcy
30.03.2021 12:06
Gülleriň reňki goýalypdyr has,
Artypdyr söwüdiň ýürekdeşligi.
Indi güli ysgap heserläniň az.
Telper indi ýigriminiň mesligi.

Öňler dünýe durşy bilen şowhundy,
Indi onda dymyşyklyk köp ýaly.
Ýogsa düýn dälmidi, ýeňil owsunly
Eglenimde gülleň meni öpýäni.

Hiç haçan söýgiden etmändim heder,
Ýa şol gaçyrypmy ýürek saryny.
Indi göwün köp küýseýär gijeler
Ýalňyz ýolagçynyň aýdymlaryny.

Kanagat bermedi dumanly hyýal,
Soň onuň hanasy galypdyr eg.
Indi sadalygyň howruna uýan
Göçgünli sözlerme agyrýar nebsim.

Ýaz kemala gelip ýetişen wagty,
Başlanynda zyba güller gunçalap.
Ejap edýän öňki duýgularymdan
Hem olary tämizleýän şonçarak.

Mämmetnazar Babanazarow
10
99