Gülleriň reňki goýalypdyr has,
Artypdyr söwüdiň ýürekdeşligi.
Indi güli ysgap heserläniň az.
Telper indi ýigriminiň mesligi.
Öňler dünýe durşy bilen şowhundy,
Indi onda dymyşyklyk köp ýaly.
Ýogsa düýn dälmidi, ýeňil owsunly
Eglenimde gülleň meni öpýäni.
Hiç haçan söýgiden etmändim heder,
Ýa şol gaçyrypmy ýürek saryny.
Indi göwün köp küýseýär gijeler
Ýalňyz ýolagçynyň aýdymlaryny.
Kanagat bermedi dumanly hyýal,
Soň onuň hanasy galypdyr eg.
Indi sadalygyň howruna uýan
Göçgünli sözlerme agyrýar nebsim.
Ýaz kemala gelip ýetişen wagty,
Başlanynda zyba güller gunçalap.
Ejap edýän öňki duýgularymdan
Hem olary tämizleýän şonçarak.
Mämmetnazar Babanazarow