Sapar edip barsak Nuha mülküne
Köňül isläni dek ýaýlaklary bar
Seýran etsek gunçasyna, gülüne
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.
Magtymguly
Keşt eýleseň Garagumuň iline,
Çetili, çerkezli ýaýlaklary bar.
Gujaklasaň eliň ýetmez biline,
Gojaman-gojaman sazaklary bar.
Güneýleri bardyr ýaşyl ýylakly,
Çopanlary bardyr egri taýakly,
Çoluklary bardyr ýeňil aýakly,
Ýanlarynda azyk-suwluklary bar,
Eýläk atyp Garagumuň gyşyny,
Ýazlag wagty görseň çopan goşuny,
Gözel gyzlaň garanjaklap daşyny,
Maşyn bilen «ýanlyk ýaýmaklary» bar.
Otlar örer, dyza ýeter, mal doýar,
Gelinleri ýaşyl geýer, al geýer,
Suwsap barsaň küýze egip, çal guýar,
Ellerinde haşam çanaklary bar.
Hümmet kändir goýunlarnyň ýüňünde,
Sur bagana – altyn-kümüş deňinde,
Geçileri gezer süriň öňünde,
Üçemli-dördemli owlaklary bar.
Wasp eder men çölde döwlet tapany,
Zähmet bilen egne serpaý ýapany,
Hormatlydyr bu zamanyň çopany,
Pereňden, hindiden... gonaklary bar.
Bir-birine gyrpan bolup gözüni,
Ýaňlandyryp ähli türkmen düzüni,
«Çopanlara meýlis haram» sözüni
Ýaňsa alyp, dutar çalmaklary bar.
Säher-säher gadam urup ýoluňa,
Hataryňy gaýym guşap biliňe,
Timar berip çyksaň goşaniliňe.
Marally, towşanly awlaklary bar.
Eliňi gözüňe kölgeläp daşdan,
Jeýhun tarapyňa seretseň goşdan,
Kanal süýşüp gelýär, ýuwaş-ýuwaşdan,
Kenarynda gyzyl baýdaklary bar.
Kerim Gurbannepesow