barlagcy
03.04.2021 10:59
Ýigide on bäş ýaşynda
Söýgüli arwat ýagşydyr;
Andan soň köňlüniň hoşy,
Ýarag bilen at ýagşydyr.

Yşksyz ýürekde dert bolmaz,
Zaty namartdan mert bolmaz,
Barça adam jomart bolmaz,
Jaýynda hümmet ýagşydyr.

Gel, nesihat eşit bizden,
Aşa tagam geler duzdan,
Märekede bijaý sözden
Gury üýren it ýagşydyr.

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,
Garrylykda öçer röwşen,
Gylykly-da bolsa herçen,
Gözele summat ýagşydyr.

Atdyr ýigidiň ýoldaşy,
Oguldyr döwletiň başy,
Gyz-da bolsa koňül hoşy,
Ýigide zürýat ýagşydyr.

Ryzkyň dile gaýypdan,
Başyň gutulmaz aýypdan,
Heýwere näkes zagypdan, —
Ötseň müjerret ýagşydyr.

Magrupy, bilgeniň söýle,
Goç ýigitniň waspyn eýle,
At bilen ýaragyň şaýla,
Duşmana haýbat ýagşydyr.

Magrupy
18
152
safia
5 Aprel 2021
👌👌👌👍
Myhman Myhman
4 Aprel 2021
Gowy ozin gowymy owadanja
S_guvanjova
3 Aprel 2021
Myhman Myhman,salam govmy
Myhman Myhman
3 Aprel 2021
Salam turkmen peri
guli_
3 Aprel 2021
👌👏👏👍
S_guvanjova
3 Aprel 2021
👍👍👍👍👍
sahet_ashyrov
3 Aprel 2021
Gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.