barlagcy
04.02.2022 18:56
Şeýlemikä munda owaldan gurluş,
Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş.
“Ynha, tutdum” diýen şatlygyň, bagtyň
Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň.
Begenersiň, okap dostuň hatlaryn,
Emma wagtlaýyn.
Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak,
Bakydyr öýdersiň,
Pursatdyr, pursat.
Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin,
Monça borsuň, emma bu-da az salym.
Saýalaýyn diýseň — Gün geler birden,
Güneşläýin diýseň — tüm geler birden.
Geler käbir pursatlary saklasyň,
Yrýa bolar ähli eden yhlasyň.
Pursatlar serdäki humar ýaly-la,
Gider bary duman kimin göterlip.
SÖÝGIDEN,
IMANDAN,
UMYTDAN özge
Şatlyk ýokdur bütin ömre ýeterlik.
KAKAMYRAT REJEP
10
37
2
barlagcy
30.01.2022 00:45
Iş salyşdym bir biwepa ýar bilen,
«Ýarym» diýip, ýanyna barsam ynanmaz;
Süýekden syzdyryp ygtybar bilen,
Oda düşsem, bişsem, ýansam, ynanmaz.
Leýli—Mejnun kimin çöllere çyksam
Arzy—Ganbar deýin derýada aksam,
Perhat—Şirin deýin daglary ýyksam
Daşlaryň teýinde galsam, ynanmaz.
Gör, ne işler etdi Wamyku–Uzra,
Saýathan diýp goýdy ýaryny Hemra,
Depderde ýazylan Ýusup—Züleýha,
Olaryň hemrasy bolsam, ynanmaz.
Garyp bolup, Halap-Şirwana gaçsam,
Ýarym Şasenem diýp, örtenip-bişsem,
Şolar kimin ýedi ýylda gowuşsam,
Yzynda sargaryp-solsam, ynanmaz.
Men söwer ýarymy alabilmedim,
Şum rakyp tagn etdi, gülebilmedim,
Näzli ýaryň ugrun bilebilmedim,
Aglasam, aldanmaz, gülsem, ynanmaz.
Kemine diýr, arzym ýara ýetirsem,
Köňlümdäki syrym tile getirsem,
Iýmesem, içmesem, gözläp otursam,
Ajygsam, suwsasam, ölsem, ynanmaz.
Kemine
7
69
2
barlagcy
27.01.2022 21:35
Synlap tylla günüñ batyp barşyny,
Aslyşyp zor bilen dagdan-depeden.
Bildim günleñ meni terk edýänini
Ýeke-ýekeden...
Ýöne gün adam däl, dogar ýene-de,
Säher ýene guşlar joşup ses eder.
Uzar barar, ak günleriñ kerweni,
Ýeke-ýekeden..
Geçibersin günler, ýöne siz beri,
Göwne degip gybat etmäñ keseden.
Çünki adamlaram gidip barýar-a
Ýeke-ýekeden...
Goja zemin içre bir hakykat bar,
Göz ýetirer geçmişine es eden.
Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat,
Ýeke ýekeden..
Kakamyrat REJEPOW
8
49
6
barlagcy
13.01.2022 02:20
Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,
Galplygam etmedim, hudaýa şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç ýitmedim, hudaýa şükür.
Ilkinji sözümi senden başladym,
Duzuňy syladym — ýalan ýazmadym.
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.
Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.
Sen bolaňsoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.
Hol, gaýanyň eteginde oturan
Bagyň deňesinden tabytly geçdim.
Ýene bir gün, gökden sowulyp duman,
Şol bagyň düýbünde al şerap içdim.
Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen.
Sen, seretsem, öňki süňňüm ekeniň.
Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen
Aýakda yz goýan seniň tikeniň.
Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş, —
Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin.
Baky uka batsam bir gazaply gyş,
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin!
Gurbannazar Ezizow
10
85
1
barlagcy
18.12.2021 19:28
Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.
Bir zada düşünýän:
şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.
Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.
Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,
Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.
Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.
Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,
Soňra ökünç bile egilip ýörüs!
Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!
Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...
Gurbannazar Ezizow
12
145
4
barlagcy
15.12.2021 16:49
Bir gyz bilen bäs eýleýir bir gelin,
Gelin aýdar: «Husnum erem bagydyr;
Aşyk ähli tirsem diýer ter gülüm,
Aşyk bolan bir-birine ýagydyr».
Gyz hem aýdar: «Ýüzüm hurşydy-hawer,
Husnum mähtäjidir mahy-münewwer,
Uzyndyr boýlarym serwi-senuber,
Ýaşym on dört, hup mestana çagydyr».
Gelin aýdar: «Meniň söhbedim süýji,
Ança ýigitlerniň başynyň täji,
Gyýa-gyýa baksam, gözümiň ujy
Gören aşyklaryň aklyn dagydyr.»
Gyz hem aýdar: «Älem ýakar näzlerim,
Beklegli gunça dek bolsam özlerim.
Indi ger açylsa bahar ýazlarym,
Baglaryň sünbüli zülpüm dagydyr».
Gelin diýr: «Bezensem müň dürli elwan,
Görmäge ajyzdyr hurşydy-taban,
Aşyk synasynda ýaradyr çendan,
Nerkes gözlerimiň goýan dagydyr».
Gyz hem aýdar: «Gelin maňa taý degil,
Goýnum bir jennetdir, özge jaý degil,
Deň görüngen täze dogan aý degil,
Ýakamdan görünen göwsüm agydyr».
«Gel, gyz, bäs eýleme sen meniň bilen,
Jahyllar janyna men otlar salan,
Kamatym barabar tubylar bilen,
Leblerim açylan gül ýapragydyr».
Gyz hem aýdar: «Husnum elem peýwendi,
Alynmyş geliniň galasy, kendi.
Abatdyr şährimiň müftahy-bendi,
Synam köp arzyly şa otagydyr».
Gelin aýdar: «Indi haýran olup men,
Seniň bu sözüňe teslim kylyp men.
Özüm satyp, ýüzläp tümen alyp men,
Goç ýigitnin seýran eden çagydyr».
Nepes diýer bizge barabar bary,
Serden çykmaz gyz-geliniň humary,
Ikiňiz hem täze bagyň gülzary,
Baglaryň açylgan gül pudagydyr.
Mollanepes
12
136
1
barlagcy
11.12.2021 23:25
Agalar, arzymny beýan eýlesem,
Durun, Mehin atly watanym galdy;
Gat-gat düşek düşäp üçek üstüne,
Mest olup, agdarlyp ýatanym galdy.
Bir şahyny alamana (çaglaryn),
Lap eýlesem, on kişini eglärin,
Gyzylbaşyň ýurt soran beglerin
Eltip Harazminde satanym galdy.
Gökdepe, Bähre il, Ürgençdir ýurdum,
Bamydyr leňňerim, arslanym-şirim,
Hoja Alamberdar — bir gözli pirim,
Gum ýassanyp anda ýatanym galdy.
Aç gurt idim, aljak ýerim düşlärdim,
Ýaby münüp, has bedewler uşlardym,
Durunda ýazlaýyp, Mehin gyşlardym,
On gije-gün toýlar tutanym galdy.
Magrupy diýr, gül aýrylsa zaglardan,
Sowuk suwly, ter çemenli baglardan,
Altmyş başly, ala garly daglardan
At münüp, üstünden ötenim galdy.
Magrupy
12
107
2
barlagcy
07.12.2021 00:00
Sen owadan,
owadan sen owadan,
Peri-peýkerdenmi, Hüýrdenmi, aslyň!?
Seni gören bendäň bagty oýanar,
Seni gören bende ýitirer aklyn.
Ýaňy dogan Aýdan, gyýkmajyk
Aýdan Seniň gaşlaryňa düşüpdir kölge.
Heser bile bulduraýan dideleň,
Garamyk gözleriň yşykdyr köňle.
Ýaňaklaryň aly— säheriň agy,
Ysgadygyň melul eder ysyna.
Çalaja çyzylan gyrmyzy lebleň
Janym alýar meňzäp posaň yzyna.
Lal biçäre seni görse dil açar,
Dilli lal bor: owadan sen, owadan!
Saçlaryň goýberseň çeşme deý akar, Göwherden jyga ol Başa orasaň...
11
132
2
barlagcy
17.11.2021 17:27
Gum-gukluk bar, başga zat ýok, Ak derekleň arasynda Janly zatdan men ýeke-täk, Ak derekleň arasynda. Synlap durup, ylla, däli Ýaprak basan inçe ýoly, Gezmeleýär güýz şemaly, Ak derekleň arasynda.
13
110
2
barlagcy
25.10.2021 14:31
Eýýäm ol gün öwrülipdir öňňine,
Bilýän, bu günümem düýn bolup galar.
Owadan ömürde saklamaň kine,
Beýtseň, aňsat işler kyn bolup galar.
Bu dünýäniň şowhunyna gatylman,
Düňderilip dymyp ýörmek akyl däl,
Aýdyň yşk sözlerin, asla çekinmäň,
Ýogsam, ol gursakda müýn bolup galar.
Sada göwün – hoş sözleriň kärizi,
Ol bu dünýäň şatlygynyň şärigi,
Haka uýup, düz tutanlar pälini,
Zemin şalygynda şan bolup galar.
Bahar bolup dünýäleri nagyşlaň,
Mähir bolup günäleri bagyşlaň,
Päklik ömrüň ummanyny gulaçlap,
Ak kenara barýan sal bolup galar.
Dünýe geziň, Zemin geziň, il geziň,
Tapmarsyňyz Watan ýaly giň ýeri,
Türkmenimiň bu garagöz illeri,
Mertebesi synmaz il bolup galar.
Kakamyrat Rejepow
13
513
26
Yene yükle