Iş salyşdym bir biwepa ýar bilen,
«Ýarym» diýip, ýanyna barsam ynanmaz;
Süýekden syzdyryp ygtybar bilen,
Oda düşsem, bişsem, ýansam, ynanmaz.
Leýli—Mejnun kimin çöllere çyksam
Arzy—Ganbar deýin derýada aksam,
Perhat—Şirin deýin daglary ýyksam
Daşlaryň teýinde galsam, ynanmaz.
Gör, ne işler etdi Wamyku–Uzra,
Saýathan diýp goýdy ýaryny Hemra,
Depderde ýazylan Ýusup—Züleýha,
Olaryň hemrasy bolsam, ynanmaz.
Garyp bolup, Halap-Şirwana gaçsam,
Ýarym Şasenem diýp, örtenip-bişsem,
Şolar kimin ýedi ýylda gowuşsam,
Yzynda sargaryp-solsam, ynanmaz.
Men söwer ýarymy alabilmedim,
Şum rakyp tagn etdi, gülebilmedim,
Näzli ýaryň ugrun bilebilmedim,
Aglasam, aldanmaz, gülsem, ynanmaz.
Kemine diýr, arzym ýara ýetirsem,
Köňlümdäki syrym tile getirsem,
Iýmesem, içmesem, gözläp otursam,
Ajygsam, suwsasam, ölsem, ynanmaz.
Kemine