barlagcy
15.12.2021 16:49
Bir gyz bilen bäs eýleýir bir gelin,
Gelin aýdar: «Husnum erem bagydyr;
Aşyk ähli tirsem diýer ter gülüm,
Aşyk bolan bir-birine ýagydyr».

Gyz hem aýdar: «Ýüzüm hurşydy-hawer,
Husnum mähtäjidir mahy-münewwer,
Uzyndyr boýlarym serwi-senuber,
Ýaşym on dört, hup mestana çagydyr».

Gelin aýdar: «Meniň söhbedim süýji,
Ança ýigitlerniň başynyň täji,
Gyýa-gyýa baksam, gözümiň ujy
Gören aşyklaryň aklyn dagydyr.»

Gyz hem aýdar: «Älem ýakar näzlerim,
Beklegli gunça dek bolsam özlerim.
Indi ger açylsa bahar ýazlarym,
Baglaryň sünbüli zülpüm dagydyr».

Gelin diýr: «Bezensem müň dürli elwan,
Görmäge ajyzdyr hurşydy-taban,
Aşyk synasynda ýaradyr çendan,
Nerkes gözlerimiň goýan dagydyr».

Gyz hem aýdar: «Gelin maňa taý degil,
Goýnum bir jennetdir, özge jaý degil,
Deň görüngen täze dogan aý degil,
Ýakamdan görünen göwsüm agydyr».

«Gel, gyz, bäs eýleme sen meniň bilen,
Jahyllar janyna men otlar salan,
Kamatym barabar tubylar bilen,
Leblerim açylan gül ýapragydyr».

Gyz hem aýdar: «Husnum elem peýwendi,
Alynmyş geliniň galasy, kendi.
Abatdyr şährimiň müftahy-bendi,
Synam köp arzyly şa otagydyr».

Gelin aýdar: «Indi haýran olup men,
Seniň bu sözüňe teslim kylyp men.
Özüm satyp, ýüzläp tümen alyp men,
Goç ýigitnin seýran eden çagydyr».

Nepes diýer bizge barabar bary,
Serden çykmaz gyz-geliniň humary,
Ikiňiz hem täze bagyň gülzary,
Baglaryň açylgan gül pudagydyr.

Mollanepes
12
136
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15 Dekabr 2021
👍👍👍👍👍👍👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.