barlagcy
04.02.2022 18:56
Şeýlemikä munda owaldan gurluş,
Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş.

“Ynha, tutdum” diýen şatlygyň, bagtyň
Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň.

Begenersiň, okap dostuň hatlaryn,
Emma wagtlaýyn.

Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak,
Bakydyr öýdersiň,
Pursatdyr, pursat.

Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin,
Monça borsuň, emma bu-da az salym.

Saýalaýyn diýseň — Gün geler birden,
Güneşläýin diýseň — tüm geler birden.

Geler käbir pursatlary saklasyň,
Yrýa bolar ähli eden yhlasyň.

Pursatlar serdäki humar ýaly-la,
Gider bary duman kimin göterlip.
SÖÝGIDEN,
IMANDAN,
UMYTDAN özge
Şatlyk ýokdur bütin ömre ýeterlik.

KAKAMYRAT REJEP
10
37
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
4 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
guli_
4 Fewral 2022
👏👏👏👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.