barlagcy
04.06.2023 16:28
Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,
Gözleriniň ody ýürekde galdy.
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,
Garaýşy bu goşa garakda galdy.

Müň gyzyň içinden gözüňe iler,
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen antym duzda-çörekde galdy.

Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.

Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.
Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.
Jadyly gülküsi gulakda galdy.

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...

Berdinazar Hudaýnazarow
31
118
barlagcy
04.06.2023 10:56
Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
Göz gözüň öňünde surata düşdi.

Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
Gijeler gözleri uky gelmedi.

Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
Olar bir-birini düýşünde gördi.

Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

Pynhan-pynhan ýerde duşulan çagşar
Olary il-günden gizledi baglar.

Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar.

Iki ynsan bir-birine ýar boldy,
Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy.

Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi,
Gelin agraslandy, owadanlaşdy.

Edilen şert käte çyksa-da puja,
Gündiziň öýkesi ýazyldy gije.

Indi aýdaýaýn soň bolan zadam:
Adamdan döredi ýene bir adam.

Adamdan döredi ýene bir adam,
Oňa ömri uzak bolsun! diýdiler.

Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy:
Guduraşyp, içdiler hem iýdiler.

Kinniwannja adam welin aglaýar,
Köşeşdirýär diňe enäň emmesi.
Gara çyny bilen çyrlaýar körpe,
Şady-horram galanlaryň hemmesi.

Bu neneňsi waka, niçik ahwalat?
Näme üçin aglaýar ol, gülenok?
Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin
Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok

Berdinazar Hudaýnazarow
25
101
barlagcy
02.06.2023 18:30
Näme diýse, şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar:
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!

Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
Ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
Ýeňişi özüne çekerler hökman!

Olara duruw ýok. Olarda güýç bar,
Olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
Otluçöpüň dänesi deý sürtülýär,
Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.

Durmuş Kiselýowyň «Algebrasy» däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, —
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.

Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
Emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.

Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
Gynansa buzdur ol, begense — otdur.
Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.

Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
Tohum sepip utulan ýok, utan bar.
Il-gün üçin sähelçe-de haýr etse,
Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!

Gurbannazar Ezizow
24
97
barlagcy
01.06.2023 08:26
Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goýuň sözlerime:
Dört ogul deý, dert iner deý
Kuwwat beriň dyzlaryma.

Biriň ýazym, biriň arzym,
Abadym, säherim meniň.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.

Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.

Namartlar kä mert ýigde-de
Nahak ýere şyltak atar.
Ýöne welin, gyz halkyna
Olaň sözi has köp ýeter.

Emma, biliň, buýsançlylaň
Utdurany ýokdur heniz.
Lak atylar ýeňleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.

Durmuş guruň, ylalaşyň
Ýöne ara düşen söze
Orun berip köňlüňizde
Dyzap durmaň öýüňize.

Ýigit kimin, bir är kimin
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz-abraýyňyz bilen
Bir hataryň başy boluň.

Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»

Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm-aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym!

Gurbannazar Ezizow
20
54
barlagcy
24.05.2023 09:43
Agyrma ýüregim, agyrma beýle,
Ýör bile çykaly seýrana-seýle.
Belki gussalaryñ egsiler gider,
Bilýäñmi hool günem bolupdy $eýle.
Baý $onda kösäpdiñ agyryp öte,
$onda-da ikimiz çykypdyk çete.
Derman, därä pisint dagam etmediñ.
Kim bilýä nämeler düwdüñ sen nete?
Gereginden artyk urjak bolduñmy,
Ýa, urup ýadadyñ, durjak bolduñmy.
Bilmekligim üçin durmu$ gymmatyn,
Ýa, gorkuzup hile gurjak bolduñmy?
Siñesim gelenok Ýeriñ teýine,
Irden görenlerim ýogaldy öýle.
Entek edilmedik i$lerim ýatyr,
Agyrma ýüregim, agyrma beýle.

Ýazmyrat Çörli
20
88
barlagcy
12.05.2023 14:58

Toý gününde arap atlar,

Durmaz, ýollanar-ýollanar,

Söweş güni goç ýigitler,

Ýarag şaýlanar-şaýlanar.


Baky bermez daglar-düzler,

Janyň alar hanjar gözler,

Ýigit görse gelin-gyzlar,

Geçer, sallanar-sallanar.


Gelin-gyz ýigit görende,

Alla myradyn berende,

Ak ýüze dodak degende,

Yzy hallanar-hallanar.


Baýram diýer, saklaň aty,

Berseň bedewe gymmaty,

Gelse ýigidiň döwleti,

Saýlap öýlener-öýlener.


Magtymguly Pyragy

21
117
barlagcy
12.05.2023 00:43

Sürmeler bozulsa gaşdan,

Baharlar aýlansa daşdan,

Tapawdy ýok haýsy ýaşda,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Kä gözüme ilseň bolýar!


Asman hem Zemin arasyn,

Söýginiň hökmi sorasyn.

Didämiň agy-garasy,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Maňa mydam gülseň bolýar!


Köşeşmez kalbym zary hiç,

Galan zatlaryň bary hiç.

Ýa ir bolar, ýa juda giç,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Çakylygma gelseň bolýar!


Armanym äkider ýeller,

Goý, geň görse görsün iller,

Soňky pursat gyssam elleň,

Hem bir zady bilsem bolýar,

Ýüregiňde bolsam bolýar!


Gulsirin Hanowa

48
416
barlagcy
29.04.2023 22:43
Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap,
Ýene göz öňümde janlandy şol gün.
Neçün, henizlerem bilip bilemok—
Şol gün juda-juda göründiň solgun.

Durnalaň toýnugna dikip nazaryň,
Sypalap durşuňa güýzüň güllerin.
Bir zat diýmekçidiň,
başarmadyň sen,
Eda bilen gozgansa-da lebleriň.

Ýöne aýdyp başarmadyk sözlerňi,
Seň ahmyrly gözleriňden okadym.
Şeýdip şemal ýaly ýitdiň gözümden,
Goýup söýgimiziň soňky nokadyn.

Haýran bolup galdym salgymyň bilen,
Şo-ol äpet agajyň aralygynda.
Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal,
Bigünä söýgüden ar alanynda…

Kakamyrat Rejepow
21
67
barlagcy
28.04.2023 10:43
Sen diňe synla,
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänmi, göwnümiňem synyşyn.
Ody öçürilmän galan çäýnek deý,
Gaýnap-gaýnap bar hasratyň dymyşyn…

Sen diňe synla,
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy.

Sen diňe synla,
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy,
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy.

Sen diňe synla,
Saňa ýat adamy, perişan haly…
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla,
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi
***
Ogulnur Atayewa
23
97
barlagcy
25.04.2023 16:12
Men «Harplygy» bäşlik bilen okadym.
Soň harplar söz bolup, damdy dilimden.
Kagyzlarda goýup ýören nokadym.
Goşgy bolar diýip pikirlenmedim.

Aldamany öwretmedik enemden
Göwn etdim hak sözläp utulanymda.
Çagakam jylawlan tut şahalarmyň,
At däldigni bildim, ýykylanymda.

Ädimlermiň dogrudygna ynanman.
Ýalňyşyp ýaşadym bilgeşleýinden.
Nädürs günlerimden, ýok mende arman.
Ýalňyşmasam nädip düşüneýin men.

Ýaşadym islegmiň kejine gitmän.
Bezedim ykbaly öz elim bilen.
Şükür, asmanymdan ýyldyzlar bakýar.
Yşk ownamaz eken böleniň bilen.

Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW
28
110