barlagcy
28.04.2023 10:43
Sen diňe synla,
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänmi, göwnümiňem synyşyn.
Ody öçürilmän galan çäýnek deý,
Gaýnap-gaýnap bar hasratyň dymyşyn…

Sen diňe synla,
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy.

Sen diňe synla,
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy,
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy.

Sen diňe synla,
Saňa ýat adamy, perişan haly…
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla,
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi
***
Ogulnur Atayewa
23
97
gulshatayewa97
28 Aprel 2023
Hem bu ýollaň gazap bilen garradyp, Güller ýaly soldyrşyny ter gyzy🥀
jemal_seyitniyazowa
28 Aprel 2023
Duýgudaşlyk sindromyna girmesem Käte goşgada düşünüp bilemok ekenimm
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.