barlagcy
12.05.2023 00:43

Sürmeler bozulsa gaşdan,

Baharlar aýlansa daşdan,

Tapawdy ýok haýsy ýaşda,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Kä gözüme ilseň bolýar!


Asman hem Zemin arasyn,

Söýginiň hökmi sorasyn.

Didämiň agy-garasy,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Maňa mydam gülseň bolýar!


Köşeşmez kalbym zary hiç,

Galan zatlaryň bary hiç.

Ýa ir bolar, ýa juda giç,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Çakylygma gelseň bolýar!


Armanym äkider ýeller,

Goý, geň görse görsün iller,

Soňky pursat gyssam elleň,

Hem bir zady bilsem bolýar,

Ýüregiňde bolsam bolýar!


Gulsirin Hanowa

48
416
barlagcy
12 May 2023
Paradise, salam Hudaya sukur yagsy Gowymy Jennet okuwyny sagaman gutardynmy oguljygyn ulalyamy ozin jan saglyk gowymy name yitip gitdin gornenokla
Paradise
12 May 2023
Salam dayy gowmy yagdaylarynyz
melekkk.99
12 May 2023
Ýùreginde bolsam bolya ❤ 😍
okayjy
11 May 2023
guldesse, Akyl bolmansoñ kòsenip ýörndä şeýdip 😅
barlagcy
11 May 2023
Bilmedigini sorap owrenen alym soramaga namys eden ozine zalym diyya owrenmegin cagi yok maladesokayjy,
okayjy
11 May 2023
barlagcy, 🙂👌👍.
barlagcy
11 May 2023
okayjy, yok zyyany yok yone men dusundirdim
okayjy
11 May 2023
barlagcy, Salam dost. Gaty gòrme meñ bilsigeljiligim üçin :) " Bilesigelji " porgrammada hem blok bolupdym şu sorag köp berýänim sebäpli 😅.
barlagcy
11 May 2023
menesa___, howa tasirli setirler yurege barya incelik bn yazylypdyr sahyra berekella
menesa___
11 May 2023
Sen bir zady bilseň bolýar, Kä gözüme ilseň bolýar :)👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.