barlagcy
12.05.2023 14:58

Toý gününde arap atlar,

Durmaz, ýollanar-ýollanar,

Söweş güni goç ýigitler,

Ýarag şaýlanar-şaýlanar.


Baky bermez daglar-düzler,

Janyň alar hanjar gözler,

Ýigit görse gelin-gyzlar,

Geçer, sallanar-sallanar.


Gelin-gyz ýigit görende,

Alla myradyn berende,

Ak ýüze dodak degende,

Yzy hallanar-hallanar.


Baýram diýer, saklaň aty,

Berseň bedewe gymmaty,

Gelse ýigidiň döwleti,

Saýlap öýlener-öýlener.


Magtymguly Pyragy

21
117
okyjy dz
13 May 2023
Goşgyň awtory meni bagyşlasyn,ýöne Pyragyň goşgularna garanda "ýuwanrak" gelýä bi
okyjy dz
13 May 2023
Aý ýok Magtymgulyň goşgusyna meňzänoga bi
Myhman
12 May 2023
Siz mugallymmy?
Myhman
12 May 2023
Siz name ucindir mana tanys jenap barlagcy? Aslynda suratynyz yok ozunizi tànysdyranyzok yone gepleyan gurrunlerinizden siz mana gaty tanys
senorita
12 May 2023
guldesse, õzi gelip jogaplaýmasa 🙄
senorita
12 May 2023
Magtymguly Pyragynyñ goşgusy bolsa, nãme ũçin „Baýram diýer...” diýip ýazylan munda?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.