babamyrat
22.04.2020 08:14
Birine söz aýtsam "Okajak" diýýär,
Başgasy "Men sizden kiçijik" diýýär.
Garaz, maňa galsa gapyşýar dünýä,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine!
Elbetde, okamak gowy zat weli,
Degmedimikä şu güne çenli eli?!
Ýaşyna seretmän, kiçimi uly,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
Dostum diýýär:"Toýdan taparlar birni!"
Toýda saňa böküp duran gyz barmy?
Soňam toýda gyza ýüz berjek bolsa,
Ondanam bir Agageldi bolarmy?
Men küýsäp duramok, bir kemsiz ýary,
Kemsiz gözel eli boşlaň hyýaly.
Uludan toý tutup doslarym ýaly,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine!
7
557
babamyrat
19.04.2020 17:48
Halaýan gyzyňy ýa-da ýigdiňi gabanmak – gatnaşyklary gowşadýan güýç bolup durýandyr. Gabanmak düşünjesi halaýan adamyňyzyň wagtyň her çäginde nirde we näme bilen meşgul bolýandygyny, haýsy adamlar bilen gepleşýändigini gözegçilik etmek synanşygyny aňladýandyr. Dogry, halaýan adamyňyz bilen bile duşuşýan wagt aralygy üçin sen jogapkärsiň. Ol wagt aralygy sen halaýan adamyňa sarp edýärsiň, onuň bilen duşuşýarsyň, gerek bolanda oňa kömek berýärsiň, siz söhbetdeş bolýarsyňyz. Ol sagatlar ikiňiz üçin hem gerekli we gyzykly. Ýöne duşuşyklardan başga mahal siziň her biriňiziň öz işleriňiziň, maksatlaryňyz, aladalaryňyzyň bardygyny, ýaşaýyşda başga-da dürli adamlar bilen söhbetdeş bolmalydygyny bilmelidir.
Belki-de, halaýan adamyňyzda (köplenç hem oglanlar) siziň gatnaşýan adamlaryňyzyň käbiri bilen gatnaşygyňyzy çäklendirmek islegi dörär ýa-da ol siziň bir ýerlere ýeke özüňiziň gitmegiňizi oňlaman biler. Ýöne siziň hem öz gyzyklanmalaryňyzyň bardygyny ýatda saklap, olary sylamak wajypdyr. Sen hem öz halaýan adamyň gyzyklanmalaryny, şahsy durmuşyny sylap, oňa düşünmek bilen garamalysyň. Sagdyn söýgi, dostlukda gabanma kän ýer bolanok.
Özara gatnaşyklarda açyk gürrüňdeşlik alyp barmagy, biri-biriňize öz halaýan ýa-da halamaýan ýagdaýlaryňyz, howsalalaryňyz, aladalaryňyz barada açyk aýtmagy, islegleriňizi mälim etmegi başarmalydyr.
Gatnaşyklarda ýene bir wajyp, gerekli zat – bu biri-biriňize ynamlylykdyr. Biri-biriňize ynanmagy ýatdan çykarmaň. Sen öz göwün beren adamyňa ynanýan bolsaň, hakykatdan hem onuň saňa ikilik etmeýändigine, onuň pikir-hyýallarynyň päkdigine ynamly bolarsyň. Biri-biriňize ynanmak üçin bolsa, hiç haçan biri-biriňizi aldamaň
6
687
babamyrat
18.04.2020 15:20
Adamlar köplenç "Men seni halaýaryn", "Men ol gyzy söýýärin" diýenlerinde, bu sözleriň aýry-aýry manylary aňladýandygyna üns hem bermeýärler.
Halamak – bu başga adamynyň daşky gözelligine ýa-da adamkärçiligine, içki dünýäsine maýyl bolmak, gyzyklanmakdyr. Bu gyzyklanmanyň täsirinde ýaşamakdyr. Sebäbi ýigidi gyzyň gözelligi, inçe syraty, onuň akyly, mähremliligi özüne maýyl eden bolsa, gyzy oglanyň başarjaňlygy, durmuşa bolan garaýşy, edermenligi, owadan gözleri, saçlary özüne çekip biler. Halaýanlar wagtyň her pursatynda biri-biri bilen duşuşmaga, biri-biriniň ýanynda bolmaga, halaýan adamsyny eşitmäge, onuň hereketlerine şatlyk bilen syn etmäge çalyşýarlar.
Söýgi, bir adamyny söýmek – bu has çuň, çynlakaý duýgydyr. Çünki söýgi – halaýan adamyňa diňe bir maýyl bolmak, oňa guwanmak dälde, oňa islendik ýagdaýlarda kömege gelmäge, ol barada alada etmäge taýynlyk düýgusydyr. Halamak düýgusyndan adam söýmäge geçmelidir. Bu diňe bir ýönekeý ädimjik bolman, uzak geçilmeli ýoldur. Söýýän adam halaýanyna peýdaly boljak bolar, diňe bir ondan aladany, ünsi talap etmän, özi hem halaýan adamsynyň durmuşyna “garylyp-gatylmaga”, oňa kömek etmäge, goltgy bermäge çalşar. Hakyky söýgi wagtyň gelmegi bilen maşgala gurmaga itergi berer, ony jebisleşdirer.
Ýöne ýetginjeklik döwründe halaýan adamyňa düýgyň näçe-de berk ýaly görünýän bolsa hem, esasan halamak düýgusy köplük edip, seýrek ýagdaýlarda hakyky söýgi duýgusyna geçip bilýändir. Ýetginjeklik pursady üçin halaýan adamyňa diňe bir guwanmak, halamak mahsus bolup, bu duýgular gysga wagtlaýyndyr. Dogry, ýetginjeklik döwründen halaýan adamsyny söýüp, ony sylap, hemmelerden eziz görüp we bütin ömrüni oňa bagyşlaýan adamlar hem duş gelýär. Ýöne şeýle gatnaşyklar örän seýrek duş gelýärler. Sen ýetginjeklikde diňe bir boýdaşyňy halaman, eýsem halan aýdymçyňa, artistiňe, öz mugallymyňa, sport türgenine hem maýyl bolup bilersiň we bu düýgular basym geçip biler.
Öz düýgularyň hemişe şeýle durnuksyz bolarmyka diýip aladalanma! Sen garşydaş jyns bilen gatnaşyk açmaga, sözleşmäge, oňa mahsus bolan häsiýetleri öwrenmäge çalyşýarsyň. Wagtyň geçmegi bilen sen kämilleşersiň, seniň halaýan adamyňy hem duýmak, oňa guwanmak, düşünmek ukybyň kämilleşip, ahyrynda söýgä öwrülip biljegi iküçsyzdyr.
halan bolsaňyz like ❤
9
729