Biz näme üçin hapa söwýäris?
Paýyş sözli dili ulanmazdan durmuşymyzy dowam etmek mümkindir. Ýöne halk arasynda ýaýran pikire görä, gaharly adamyň paýyş sözleri ulanmagy üýtgeşik hereket saýylmaýar, üstesine adaty wagtlarda hem gödek we hapa sözler giňden ulanylma endik edildi. Bu ýagdaý esasan hem ýaşlaryň arasynda uly depginde ýaýraýar. Paýyş sözleriň ýaş tapawudy bolmazdan giňden ulanylmagynda jemgyýetiň iň esasy birligi bolan maşgalanyň täsirli ýeriniň bardygy bellidir