babamyrat
19.04.2020 17:48
Halaýan gyzyňy ýa-da ýigdiňi gabanmak – gatnaşyklary gowşadýan güýç bolup durýandyr. Gabanmak düşünjesi halaýan adamyňyzyň wagtyň her çäginde nirde we näme bilen meşgul bolýandygyny, haýsy adamlar bilen gepleşýändigini gözegçilik etmek synanşygyny aňladýandyr. Dogry, halaýan adamyňyz bilen bile duşuşýan wagt aralygy üçin sen jogapkärsiň. Ol wagt aralygy sen halaýan adamyňa sarp edýärsiň, onuň bilen duşuşýarsyň, gerek bolanda oňa kömek berýärsiň, siz söhbetdeş bolýarsyňyz. Ol sagatlar ikiňiz üçin hem gerekli we gyzykly. Ýöne duşuşyklardan başga mahal siziň her biriňiziň öz işleriňiziň, maksatlaryňyz, aladalaryňyzyň bardygyny, ýaşaýyşda başga-da dürli adamlar bilen söhbetdeş bolmalydygyny bilmelidir.

Belki-de, halaýan adamyňyzda (köplenç hem oglanlar) siziň gatnaşýan adamlaryňyzyň käbiri bilen gatnaşygyňyzy çäklendirmek islegi dörär ýa-da ol siziň bir ýerlere ýeke özüňiziň gitmegiňizi oňlaman biler. Ýöne siziň hem öz gyzyklanmalaryňyzyň bardygyny ýatda saklap, olary sylamak wajypdyr. Sen hem öz halaýan adamyň gyzyklanmalaryny, şahsy durmuşyny sylap, oňa düşünmek bilen garamalysyň. Sagdyn söýgi, dostlukda gabanma kän ýer bolanok.

Özara gatnaşyklarda açyk gürrüňdeşlik alyp barmagy, biri-biriňize öz halaýan ýa-da halamaýan ýagdaýlaryňyz, howsalalaryňyz, aladalaryňyz barada açyk aýtmagy, islegleriňizi mälim etmegi başarmalydyr.

Gatnaşyklarda ýene bir wajyp, gerekli zat – bu biri-biriňize ynamlylykdyr. Biri-biriňize ynanmagy ýatdan çykarmaň. Sen öz göwün beren adamyňa ynanýan bolsaň, hakykatdan hem onuň saňa ikilik etmeýändigine, onuň pikir-hyýallarynyň päkdigine ynamly bolarsyň. Biri-biriňize ynanmak üçin bolsa, hiç haçan biri-biriňizi aldamaň
6
687
babamyrat
20 Aprel 2020
menin okan kitaplarym kän dünýä edebiýatyň sahyrlary

sagja bol teswir üçin gulnar
babamyrat
20 Aprel 2020
Salam gülnar gowumy ýagdaýlaryň
Myhman Gulnar
20 Aprel 2020
Hemiseki yaly gowy zatlary goyyanyz mlds 1000like. Kitap okayan diyyaniz wln haysy kitaplary meselem...
L-minikkalpler
19 Aprel 2020
Gabanmak kate soygin gutarmagyna getirip biler
gulshatayewa97
19 Aprel 2020
Gabanmaýan erkekden söýgiň ysy gelmez?
Myhman Kartanesi
19 Aprel 2020
Kiskanarim ,kisitlarim, trip atarym, döwerim ama seni asla brakmam bilmem anlatabildimmi?
guga00
19 Aprel 2020
Soyyaninem seni soyyan bolsa yitjek yeri yok. Yityan bolsa diymek soyyan daldir. Soymeyai zor bn saklap bolmaz
gulshatayewa97
19 Aprel 2020
Gabanmak-ýitirmekden gorkmakdyr?
BaHaRjYk.
19 Aprel 2020
Dogry ??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.