Iki sany ýoldaş kafe gidýärler.
Ýoldaş 1: Gel, menýuny göreli.
Ýoldaş 2: (Şyrk! Şyrk! Kafeniň içini surata alyp başagaý).
Ýoldaş 1: Näme zakaz etsem diýýäň?
Ýoldaş 2: Gel ilki selfi alaly. Şu günüň dowamynda eýýäm 8 sany tanyşym selfi post edipdir. Bulara seret! Gel bizem özümiziňkini goýaly. Biz näme olardan kemmi?!
Ýoldaş 1: Selfä wagt tapylar-la. Biz bu ýere naharlanmak, bilelikde wagt geçirmek üçin geldig-ä.
Ýoldaş 2: (Telefony bilen başagaý. 30 sekunt soňra) Hä, maňa bir zat diýdiňmi?
Şeýle wakalar size tanyşmy? Belkem siziňem ýoldaşlaryňyzyň arasynda ýokarky 2-nji ýoldaşa meňzeşleri bardyr?