aykam_12
05.12.2023 18:50

Synpdaşlar


Bileje bir mekdepde, bir synpda

Okaýardyk, oýnaýardyk synpdaşlar.

Bir-birimizi çekýärdik suratda,

Bezeýärdik, murt çekýärdik synpdaşlar.


Birnäçe gezek uçitelska bardyk,

Telefon getirdik, tutulyp gynandyk📱

«Şirin» ukaskadan hem datdyk,

Şonda-da gaýtalanýardy, synpdaşlar.


Oglanlar özbaşynady, uruşýardylar,

Gyzlar hem özbaşyna, gülüşýärdiler😄

Mugallymlar: «Bezzat klass» diýişýärdiler,

Iň hezili mekdep döwrüdi, synpdaşlar.


Her synpda bardy uruşjaň gyzlar,

Her synpda bardy boýy ulular👍🏻

Onuň tersine, bardy hem kiçi boýlular

Bedenterbiýede adam saýlap, synpdaşlar.


Oglanlar nyzamda, kelle tahýasyz,

Gyzlar owadan köýnekde, makýažsyz🧍🏻‍♀️

Biziň synp mekdepde deňsiz-taýsyz

Döwrümiziň gülleridik synpdaşlar.


Gündelikde bahanyň üstünden boýardyk,

Bufetden karzyna zat alardyk🧾

«Kimde karz bar?» diýse ümsüm durardyk,

Mugallymlar barybir bilerdi, synpdaşlar.


Mugallym çykdygy, şatlyk-şowhundy

Hapa sebet tordy, kagyz hem topdy🗑️

Mekdep-türme, pallamak bolsa ýokançdy

Şatlykly we taýsyzdy synpdaşlar.


Öý işini sorardyk, göçürerdik

Ornuna şokolad alyp bererdik🍫

Mugallym gidende, žurnal dörerdik

Şol günler üýtgeşikdi, synpdaşlar.


Mekdep döwri örän hezildi, hoşdy,

Näçe okasak hem kellämiz boşdy😅

Uly arzuw-maksatlar hyjuwlap joşdy,

Ajap, gowy günlerdi, synpdaşlar.


Awtor: 😉

32
52
aykam_12
04.12.2023 20:12
Hakyky bolan gülkünç wakalar

Mekdep günleri örän gyzykly. Her bir okuwçyda her hili wakalar bolandyr. Meniň okaýan mekdebim daşyndan köne bolsa-da, içi gyzykly taryhy ýerdi. Men mekdepde bolan gülkünç wakalar we synpym hakda biraz beýan etmekçi.

Geň hem gülkünç
Bir zat aýdaýynmy? Aý, gowusy, aýtmaýyn. Aýtsam, hem gülkünç hem geň. Bolýar, başyny başladym, indi aýdaýyn. Biziň synpymyzda 11 okuwçy bar. Iň geň ýeri, şol 11 okuwçynyň 2-si oglan😆

Naharhanada
Men naharhananyň penjiresiniň öňünde synpdaşymyň jigisiniň gapdalragynda nobata durdum.
Synpdaşymyň jigisi 10 teňňäni duska uzadyp:
-Duska apa, maňa kreşki beriň—diýýär-ä🤭🤭

«Pis-pis»
Synpdaşlarym gülleri arassalamak üçin biziň ulanýan suw pürkýänimize «pis-pis» diýerdiler.
Bir güni şenbelik (subbotnik) etmeli günümiz gelende, tagtany süpürdiler we men güllere suw sepdim. Birazdan soň synpdaşlarym «pis-pis» bilen suw sepişip oýnap başladylar. Birki joram meniň arkama gizlenýär-ä😄 Üstüme birazrak suw hem sepildi🤦🏻‍♀️ Başyny başlan joramdan gaçýan joralarym «pis-pis»-i alyp, başlan jorama suw sepip başladylar. Oýnap, oýnap gaýtmakçy bolanmyzda suw sepen joralarym başyny başlan jorama:
-Öýüňe baryb-am ýuwun, çala ýuwundyrdyk-diýdi😆

5-nji synp, 26-maý. Informatika dersi boýunça synag. Informatika kabinetinde synagy geçerdi. Men mekdebe bardym, öz synpyma girdim, synpdaşlarymyň köpüsi gelipdi (özi 11 okuwçy😆). Menem ýerime geçip oturdym. Mugallymlar bize öňünden kagyza ýazylan 25 soragnamany bererdi we biz jogaplap, taýýarlyk görmelidik. Synpdaşlarym tolgunýardylar (5-nji synpda synag has başgaçady). Men öýde 23 sanysyny ýazypdym, galanlaryny synpda ýazyp oturdym. 25-nji soragnama gelemde, jaň boldy we bizi mugallym çagyrdy. Bize kitaplarymyzy we ruçkalarymyzy alyp gelmegimizi aýtdy. Ilki 5 okuwçy girmelidi. Ilkinji bolup girenler: men, Artur, Roza, Guwanç we Zuhra. Biz girdik we bize bilet saýlatdy. Biz saýlap, ýerimize geçdik. Mugallym bize häli goşa kagyz bermändi. Goşa kagyza biz elimizdäki biletleriň jogaplaryny ýazmalydyk. Mugallyma jaň geldi we gürleşenden soňra:
-Arkasyna ady-familiýaňyzy ýazyň-diýdi (goşa kagyz bermäni ýadynda däl öýdýän).
Bizem näme, ilkinji gezek şeýle synag bolansoň, bilediň arkasyna ýazdyk. Soň bir synpdaşym:
-Mugallym, birinji adyňyz ýazmalymy ýa familiýaňy?-diýip sorady. Mugallym:
-Size goşa kagyz berdimmi?-diýdi. Biz ,,ýok" diýip jogap berdik. Mugallym:
-Onda ady-familiýaňyzy nirä ýazdyñyz?
Bu gezek biz ümsüm.
-Biletleriňizi getiriň!
Biz mugallyma biletlerimizi getirdik. Mugallym biletlerimiziň arkasyny gördi we ýene:
-Nirä ýazdyňyz ady-familiýaňyzy?-diýip sorady. Şo-ol ümsümlik. Soň mendenem sorady. Elbetde, hiç zat aýtmadym.
Gysga aýdanda, mugallym bize gepläp, goşa kagyz berdi. Biletlerimizi ýene gaýtadan çykarmaly boldy😅

Ine, şeýle-şeýle wakalar. Siziň başyňyzdan nähili gülkünç wakalar geçdi??
22
142
aykam_12
02.12.2023 16:38
Iki ýüzli adam Edward Mordake (Mordrake) 1887-nji ýylda Angliýada dogulýar. Bu adamyň esasy aýratynlygy onuň ikinji ýüzi bolup durýar. Onuň ikinji ýüzi iýip-içip, gaty gepläp bilenok, emma aglap, gülip we ýuwaşja seslenip bilýär. Edwardyň aýtmagyna görä, onuň ikinji ýüzi gijelerine gürleýär we gülýär. Edward gülen wagty ikinji ýüzi aglaýar, Edward aglanda bolsa gülýär. Edward özüniň ikinji ýüzüne «şeýtanyň ýüzi» diýipdir. Bu ýagdaýlardan halas bolmak üçin Edward 1910-njy ýylda özüniň ikinji ýüzüni görkezýär we operasiýa edip aýyrtjak bolýar. Ýöne lukmanlar bu ýüzüň beýnä gaty ýakyn bolandygy sebäpli hiç zat edip bilmejekdiklerini aýtýarlar. Edward Mordake bu ýagdaýlara, ikinji ýüzüniň hereketine, gorkuly gijelere çydam edip bilmän 1910-njy ýylyň 26-sentýabrynda özüni asyp, bu dünýe bilen hoşlaşýar.

Ony tapan adamlaryň aýtmaklaryna görä, Edward öli halyndaka, ikinji ýüzüniň ýyrşarýandygyny, gülýändigini aýdýarlar...
21
87
aykam_12
01.12.2023 19:41

Dil öwrenmegiň usullary

Häzirki döwürde daşary ýurda gitmekçi bolanyňyzda, şol ýurduň dilini bilmek bilen siz utanman, erkin gürläp bilersiňiz.

Şeýle-de dil bilmek arkaly şol dildäki kitaplary, kinolary we ş.m. kynçylyksyz görüp bolýar. Häzirki wagtda, esasanam, türk, rus we iňlis dilleri has meşhur. Elbetde, «dil öwrendim» diýip, öz ene diliňi hem ýatdan çykarmaly däl.

Bu gün men dil öwrenmegiň usullaryny taýýarlap, size ýetirmegi makul bildim.


1. Öwrenmekçi bolýan diliňizde kino görüň, aýdym diňläň. Düşünseňiz, kitaplary okaň.

Hawa, häzir dil öwrenmegiň netijeli görnüşleriniň biri–şol dilde kitap okap, aýdym diňläp, kino görmek. Şol hereketler arkaly siz öwrenmekçi bolýan diliňiz biraz aňsatlaşar.


2. Jora ýa-da dostuňyza şol dil hakda gürrüň beriň we başardygyňyzdan gepleşige şol diliň sözlerinden goşup gürläň.

Siz öwrenmekçi bolýan diliňizi joraňyz (dostuňyz) bilen gürleşmek arkaly özleşdiriň. Şonda, size dil öwrenmek kyn düşmez.


3.Hemmesi öz wagtynda

Käte, käbir adamlar öz islän dilini tiz wagtda gowy öwrenjek bolýar. Ýöne, «hemmesi öz wagtynda». Siziň öwrenesiňiz gelýän dili, belki,–uzak möhletde öwrenýänsiňiz. Ol siziň başarnygyňyza, ýatkeşligiňize bagly. Dil öwrenmek üçin bellibir wagt belläp, şol boýunça hereket etmek has gowy bolar.


4. Mugt dil öwreniň.

Häzirki wagtda Google we Google Play-da dil öwrenmek üçin müňläp saýtlar we goşundylar bar. Siz şol saýtlar arkaly mugt dil öwreniň. Hem puluňyzy tygşytlarsyňyz, hem öz bellän wagtyňyzda oturyp öwreniberersiňiz. Ýöne, kurslara baryp öwrenmek hem bolar.


5. Maksatlaryňyzy anyk ediň.

Dil öwrenmek ünsden düşürilmeli däldir. Dil aragatnaşyk serişdesi bolany üçin, siziň bilen gepleşik döredýän adamyň aýdýanlaryna düşünip bilmek we dil ulananyňyzda pikiriňizi doly beýan edip bilmek gaty möhümdir. Eger, hakykatdan-da öwrenmek isleýän bolsaňyz–bu siziň esasy maksadyňyz bolmaly. Daşary ýurt dilini diňe ýat tutmak arkaly öwrenmek mümkin däl. Ony iş ýüzünde has köp synap görmeli bolarsyňyz.


6. Öwrenýän diliňize öz ene diliňiz ýaly garaň.

Öwrenmek isleýän diliňizde sözleýän adamlaryň sözleýiş nusgalaryna öýkünmäge synanyşyň. Daşary ýurda gideniňizde, gürläniňizde iberilen aksent bilen başga bir ýurduň raýatydygyňyzy biliner. Şonuň üçin olaryň gepleşiklerini köp diňlemek, sesiň we intonasiýanyň äheňine öýkünmek üçin türgenleşmeli.

29
219
aykam_12
25.11.2023 07:18
GÖZÜŇ REŇKI SIZIŇ SAGLYGYŇYZ BARADA NÄME AÝDYP BILER?

Elbetde, anyk keseliň güýçlenmeginiň hakyky howpy köp sanly dürli faktorlara bagly bolýar. Ýöne gözüň reňkli ýorkasy boýunça saglygyň umumy ýagdaýy barada bilmäge mümkinçilik berýän käbir kanunalaýyklyklar hem bar. Bu barada popmech.ru belleýär.

Goňur reňkli perde. “Göz ýapyk reňkli boldugyça, siziň ultra-benewşe şöhlelerden dogabitdi goragyňyz şonça-da ýokary bolýar. Ýöne bu siziň günden goraýjy äýnekleri dakynmaly däldigiňizi ýa-da günden goraýjy kremlerden peýdalanmaly däldigiňizi aňlatmaýar, her kim bulardan peýdalanyp biler” – diýip, göz lukmany belleýär. Şeýle adamlar açyk reňkli gözi bolan adamlara garanda, gözüň, deriniň rak keseli howpuna we kataraktanyň ösmegine (göz jöwheriniň garalmagy) ýakyn bolýarlar.
Ýene bir zat: siz agyryny duýmagyň pes derejesine we birahatlygyň ýokary derejesine eýe bolup bilersiňiz. Bu barada 2014-nji ýylda Agyrynyň Amerikan Jemgyýetiniň (APS) her ýylda geçirilýän ylmy konferensiýasynda hödürlenilen barlagda bellenildi.

Ýaşyl reňkli perde. Şol barlagyň maglumatlary boýunça, gözleri açyk-ýaşyl reňkde bolan adamlar agyryny duýmagyň ýokary derejesine we howsalalygyň hem-de dartgynlylygyň pes derejesine eýe bolup bilerler. Ýöne açyk reňkli gözler goýungözlere garanda, ultra-benewşe şöhlelerinden pes goraglylygy üpjün edýärler.
Gök reňkli perde. Ýaşyl gözli adamlarda bar bolan howplaryň üstüne siziň alkogola garaşlylygyňyzyň has ýokary bolmagy goşulýar. Bu tezisi öňe süren barlagyň awtorlary şeýle arabaglanyşygyň nädip ýüze çykýandygyny heniz düşündirip bilenoklar we olar bu meseläni çözmek üçin gözegçiligi alyp barmagyň zerurdygyny belleýärler.

Gyzyl gözler. Wagtyň geçmegi bilen gan aýlanyş damarlarynyň giňän ýa-da ýarylan ýagdaýynda her kimde gözüň gyzarmasy bolup geçýär. Bu kada boýunça, gözüň guraklygyndan, allergiýadan, Günden ýa-da tozandan bolýar. Gözüň yzygiderli gyzarmasy, esasan, garry adamlaryň arasynda, dartgynlylyk bilen bagly bolup bilýär. Eger-de siziň gözüňiz iki gün yzygider gyzyl bolup durýan bolsa, dogry diagnozy oturtmak üçin lukmana ýüz tutuň. Bu infeksiýa, gan aýlanyş damarlarynyň normadan çykmagy ýa-da has düýpli zat bolup biler.

Gözüň saralmagy. Eger-de gözüň agy sary reňke öwrülýän bolsa, bu siziň bagryňyzyň howp astyndadygyndan habar berýär. Sary gözler – sary getirmäniň, organizmiň maddalary süzgüçden geçirijilik ukybyna täsir edýän bagyr keseliniň alamatydyr. Gözüňiziň reňki üýtgeşik bolup başlasa, hökman lukmana ýüz tutuň.
26
100
aykam_12
23.11.2023 14:35
GÖZÜŇIZIŇ REŇKI SIZIŇ HÄSIÝETIŇIZ BARADA BEÝAN EDÝÄR

Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, ada­myň gözüniň reň­ki onuň hä­si­ýe­ti­ne hem tä­sir ed­ýär. Gö­züň, esa­san, bäş dür­li reň­ki bol­ýar we ola­ryň her­si baş­ga bir hä­si­ýe­ti ala­mat­lan­dyr­ýar. Gö­zü­ňi­ziň reň­ki­niň hä­si­ýe­ti­ňi­ze la­ýyk gel­ýän­di­gi bi­len gy­zyk­lan­ýan bol­sa­ňyz, postumyň ga­lan bö­le­gi­ni okap bi­ler­si­ňiz.

Ga­ra-go­ňur göz­ler: şeý­le reňk­li gö­zi bo­lan adam­la­ryň gu­ra­ma­çyl bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu hä­si­ýet iş ýe­rin­de, is­len­dik şert­de ýa-da gat­na­şyk­la­r­da ýü­ze çy­kyp bi­ler. Mun­dan baş­ga-da ga­ra-go­ňur göz­li adam­lar ün­si ta­lap ed­ýän iş­ler­de üs­tün­lik ga­zan­ýar­lar.

Gök göz­ler: gök göz­li adam­lar, adat­ça, er­kin­li­gi söý­üp, tä­ze­lik we hä­zir­ki za­man dur­muş ýö­rel­ge­le­ri üçin has açyk­dyr. Ru­hy duý­gu­la­ry ga­ty ýo­ka­ry bo­lan­soň, bu ta­rap­la­ry ýag­şy­lyk üçin ulan­ýar­lar we hiç­ ha­çan ýum­şak duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­me­ýär­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da, gök göz­li adam­la­ryň ýi­ti agy­ry­la­ra çy­dam­ly­dy­gy hem-de seý­rek dü­mew­le­ýän­dik­le­ri­ aý­dyl­ýar.

Go­ňur göz­ler: go­ňur göz­li adam­lar er­kin­li­gi­ ga­ty go­wy gör­ýär­ler we dur­mu­şa de­ňag­ram­ly ga­ra­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da beý­le­ki adam­lar syr­ly­ly­gy se­bäp­li ola­ry özü­ne­çe­ki­ji we adat­dan da­şa­ry di­ýip hä­si­ýet­len­dir­ýär­ler. Şeý­le hem go­ňur gözl­i adam­lar­yň aglabasynyň iý­mit siň­di­riş ul­ga­myn­da kemçilikleriň bar­dy­gy yl­my bar­lag­lar­da ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Açyk go­ňur göz­ler: iň köp ýaý­ran göz reňk­le­ri­niň bi­ri bo­lan açyk go­ňur göz­li adam­lar mä­hir­li bo­lup, is­len­dik gur­şa­wa al­şyp bil­ýär­ler. Beý­leki adam­lar olar bi­len dost­laş­ma­gy ga­ty gy­zyk­ly ha­sap­la­ýar­lar.

Ýa­şyl göz­ler: ýa­şyl göz­li adam­lar özü­neçe­ki­ji we duý­gur bol­ýar­lar. Her ada­ma di­ýen ýa­ly tä­sir et­me­gi ba­şar­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da dö­re­di­ji­lik­li, ynam­ly we ga­ha­ryna bäs gelip bil­ýän adam­lar ha­sap­lan­ýar.

Si­ziň göz reňk­le­ri­ňi­ziň aň­lad­ýan hä­si­ýet­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, äh­li­ňi­ziň ýü­zü­ňi­ziň gü­lüp, göz­le­ri­ňi­ziň bol­sa my­dama mä­hir­den, nur­dan do­ly bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­rin!
27
147
aykam_12
08.09.2023 19:02

Ogrunyň soňky islegi



Üç-bäş ýaşlaryndaky bir çaga goňşularynyň towuklarynyň ýumurtgasyndan ogurlap ejesine getirip berdi we ejesiniň diýjek sözlerine garaşdy.Halala,harama üns bermeýän ejesi:


-Berekella,akyllyja oglum-diýip oglunyň başyny sypalap,kellesinden ogşap,ony öwýär.



Oglan ejesi öwensoň,günde ýa günaşa goňşularynyň ýumurtgasyndan ogurlamagyny dowam edýär.Wagt geçip ulaldygyça ogurlygyny hem ulaldýar.Ilki ýumurtgany towuga,towugy horaza,horazy guza,guzyny goýna öwrüp,ökde ogry bolup ýetişýär.Şeýdip ogurlyk edip,ýaramaz işlere baş goşup,ýamanlykda adykýar.Ýaramazlyklaryny dowam edip ahyryn bir gün bir jenaýatynyň üstünde tutulyp,ölüm jezasyna höküm edilýär.Bu habary eşidip,ejesi dady-perýat edip gelýär kazynyň ýanyna.Kazydan:


-Ýekeje ogluma rehim ediň,maňa başga esewan etjek ýok\\\"-diýip,saçyny ýolup,näçe gohlasa hem oňa gulak asan bolmaýar.


Kazy ol ogrydan:


-Seniň iň soňky haýyşyň bar my?-diýip soraýar.Sebäbi ol döwürde jenaýatçynyň soňky haýyşyny bitirmek däbi bar ekeni.Ogry kaza:


-Ölmänkäm,ejem janyň dilinden öpmek isleýärin-diýýär.


Ejesi oglunyň islegini eşidip:


-Gel,balam,ejeň dilini öp-diýýär.


-Hany,ejemjan diliňden öpeýin-diýýär,ejesi dilini çykaranda bolsa,onuň dilini gaty dişläp goparyp taşlapdyr.Bu wakany gören adamlar,,Haý,zalym ogul,öňki eden etmişleriňi az gördüň mi,ejeň dilini gopardyň\\\"diýişýärler.Oglan olara:


-Wah,anygyna ýetmän gürleýäňiz.Meniň şu günlere düşmegime ejemiň şol dili sebäp boldy.Men ýaňy ogurlyga başlap,ilki ýumurtgany äkelemde ,,Berekella,oglum\\\"-diýmän meniň temmimi beren bolsady,men bu wagt ömrümiň diýen wagty ölmeli bolmazdym-diý-

ýär.



Manyly sözler:


✓Söz diliňden sypýança,ol seniň ýesiriň.Söz diliňden sypansoň, sen onuň ýesiri!!!


✓Günäler adata öwrülýändigini unutmaň!!!


✓Owadanlyk ýüzde däl,ýürekde bolmaly...


✓Ýürek ýadan wagty der gözden çykar



**Iň uly betbagtçylyk-hakyky dostuň bolmazlygydyr


F.Bekon



Like 👉🏻❤️👈🏻

23
121
aykam_12
07.09.2023 14:18

Degişmeler!!!


,,Men seni gowy görýän,biz ikimiz mydama bile bolarys.Adamlar bizi görende:,,Bular nähili owadan eken\" diýýärler.Ikimiz bile jübüt bolup ýaşarys.Bizi aýyrmaga hiç kim het edip bilmez diýip umyt edýän.\"diýip köwşüň biri ikinjisine aýdypdyr 😅😅😂


--------------------


Bazarda biri derini bulap:


-Ýolbarsyň derisini alyň,ýolbarsyň!-diýip gygyrypdyr.Bir adam gelip derini aňry-bäri agdaryp,görüpdir-de:


-Haý,bu ýolbarsyň däl,itiň derisi ahyr-diýse,derini satyjy hem:


-Itiň ady Ýolbarsdy...🤣🤣


------------------


Bir däli ikinjisine:


-Men suw içip geljek-diýipdir.


Ikinjisi hem:


-Meň üçin hem suw içip gel-diýipdir.


Şeýdip birinji däli suw içmäne gidipdir.


-Men suw içip geldim-diýip,birinji däli aýdypdyr.Ikinji däli:


-Meň üçinem suw içip geldiň mi?!


-Hawa,seň üçinem hapa suw içdim!😂😅


------------------


Inisi agasyna:


-Aga,kündik diý


-Kündik


-Gulagyňa mündik-diýip inisi gülipdir.Agasy hem:


-Bolýa,inim indi sen kündik diý.


-Kündik


-Gulagyň düýbüne ýelmejek


-Wii,gelişmed-ä


Agasy hem:


-Onda häzir gelişdireris.Şaaaaaarp diýip ýelmäpdir🤣🤣



Ýylgyran bolsaňyz like ❤️❤️❤️❤️

31
319