aykam_12
08.09.2023 19:02

Ogrunyň soňky islegi



Üç-bäş ýaşlaryndaky bir çaga goňşularynyň towuklarynyň ýumurtgasyndan ogurlap ejesine getirip berdi we ejesiniň diýjek sözlerine garaşdy.Halala,harama üns bermeýän ejesi:


-Berekella,akyllyja oglum-diýip oglunyň başyny sypalap,kellesinden ogşap,ony öwýär.



Oglan ejesi öwensoň,günde ýa günaşa goňşularynyň ýumurtgasyndan ogurlamagyny dowam edýär.Wagt geçip ulaldygyça ogurlygyny hem ulaldýar.Ilki ýumurtgany towuga,towugy horaza,horazy guza,guzyny goýna öwrüp,ökde ogry bolup ýetişýär.Şeýdip ogurlyk edip,ýaramaz işlere baş goşup,ýamanlykda adykýar.Ýaramazlyklaryny dowam edip ahyryn bir gün bir jenaýatynyň üstünde tutulyp,ölüm jezasyna höküm edilýär.Bu habary eşidip,ejesi dady-perýat edip gelýär kazynyň ýanyna.Kazydan:


-Ýekeje ogluma rehim ediň,maňa başga esewan etjek ýok\\\"-diýip,saçyny ýolup,näçe gohlasa hem oňa gulak asan bolmaýar.


Kazy ol ogrydan:


-Seniň iň soňky haýyşyň bar my?-diýip soraýar.Sebäbi ol döwürde jenaýatçynyň soňky haýyşyny bitirmek däbi bar ekeni.Ogry kaza:


-Ölmänkäm,ejem janyň dilinden öpmek isleýärin-diýýär.


Ejesi oglunyň islegini eşidip:


-Gel,balam,ejeň dilini öp-diýýär.


-Hany,ejemjan diliňden öpeýin-diýýär,ejesi dilini çykaranda bolsa,onuň dilini gaty dişläp goparyp taşlapdyr.Bu wakany gören adamlar,,Haý,zalym ogul,öňki eden etmişleriňi az gördüň mi,ejeň dilini gopardyň\\\"diýişýärler.Oglan olara:


-Wah,anygyna ýetmän gürleýäňiz.Meniň şu günlere düşmegime ejemiň şol dili sebäp boldy.Men ýaňy ogurlyga başlap,ilki ýumurtgany äkelemde ,,Berekella,oglum\\\"-diýmän meniň temmimi beren bolsady,men bu wagt ömrümiň diýen wagty ölmeli bolmazdym-diý-

ýär.



Manyly sözler:


✓Söz diliňden sypýança,ol seniň ýesiriň.Söz diliňden sypansoň, sen onuň ýesiri!!!


✓Günäler adata öwrülýändigini unutmaň!!!


✓Owadanlyk ýüzde däl,ýürekde bolmaly...


✓Ýürek ýadan wagty der gözden çykar



**Iň uly betbagtçylyk-hakyky dostuň bolmazlygydyr


F.Bekon



Like 👉🏻❤️👈🏻

23
121
okan
1 Dekabr 2023
👍👍👍👏👏
fasat
9 Sentýabr 2023
👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.