Hakyky bolan gülkünç wakalar
Mekdep günleri örän gyzykly. Her bir okuwçyda her hili wakalar bolandyr. Meniň okaýan mekdebim daşyndan köne bolsa-da, içi gyzykly taryhy ýerdi. Men mekdepde bolan gülkünç wakalar we synpym hakda biraz beýan etmekçi.
Geň hem gülkünç
Bir zat aýdaýynmy? Aý, gowusy, aýtmaýyn. Aýtsam, hem gülkünç hem geň. Bolýar, başyny başladym, indi aýdaýyn. Biziň synpymyzda 11 okuwçy bar. Iň geň ýeri, şol 11 okuwçynyň 2-si oglan😆
Naharhanada
Men naharhananyň penjiresiniň öňünde synpdaşymyň jigisiniň gapdalragynda nobata durdum.
Synpdaşymyň jigisi 10 teňňäni duska uzadyp:
-Duska apa, maňa kreşki beriň—diýýär-ä🤭🤭
«Pis-pis»
Synpdaşlarym gülleri arassalamak üçin biziň ulanýan suw pürkýänimize «pis-pis» diýerdiler.
Bir güni şenbelik (subbotnik) etmeli günümiz gelende, tagtany süpürdiler we men güllere suw sepdim. Birazdan soň synpdaşlarym «pis-pis» bilen suw sepişip oýnap başladylar. Birki joram meniň arkama gizlenýär-ä😄 Üstüme birazrak suw hem sepildi🤦🏻♀️ Başyny başlan joramdan gaçýan joralarym «pis-pis»-i alyp, başlan jorama suw sepip başladylar. Oýnap, oýnap gaýtmakçy bolanmyzda suw sepen joralarym başyny başlan jorama:
-Öýüňe baryb-am ýuwun, çala ýuwundyrdyk-diýdi😆
5-nji synp, 26-maý. Informatika dersi boýunça synag. Informatika kabinetinde synagy geçerdi. Men mekdebe bardym, öz synpyma girdim, synpdaşlarymyň köpüsi gelipdi (özi 11 okuwçy😆). Menem ýerime geçip oturdym. Mugallymlar bize öňünden kagyza ýazylan 25 soragnamany bererdi we biz jogaplap, taýýarlyk görmelidik. Synpdaşlarym tolgunýardylar (5-nji synpda synag has başgaçady). Men öýde 23 sanysyny ýazypdym, galanlaryny synpda ýazyp oturdym. 25-nji soragnama gelemde, jaň boldy we bizi mugallym çagyrdy. Bize kitaplarymyzy we ruçkalarymyzy alyp gelmegimizi aýtdy. Ilki 5 okuwçy girmelidi. Ilkinji bolup girenler: men, Artur, Roza, Guwanç we Zuhra. Biz girdik we bize bilet saýlatdy. Biz saýlap, ýerimize geçdik. Mugallym bize häli goşa kagyz bermändi. Goşa kagyza biz elimizdäki biletleriň jogaplaryny ýazmalydyk. Mugallyma jaň geldi we gürleşenden soňra:
-Arkasyna ady-familiýaňyzy ýazyň-diýdi (goşa kagyz bermäni ýadynda däl öýdýän).
Bizem näme, ilkinji gezek şeýle synag bolansoň, bilediň arkasyna ýazdyk. Soň bir synpdaşym:
-Mugallym, birinji adyňyz ýazmalymy ýa familiýaňy?-diýip sorady. Mugallym:
-Size goşa kagyz berdimmi?-diýdi. Biz ,,ýok" diýip jogap berdik. Mugallym:
-Onda ady-familiýaňyzy nirä ýazdyñyz?
Bu gezek biz ümsüm.
-Biletleriňizi getiriň!
Biz mugallyma biletlerimizi getirdik. Mugallym biletlerimiziň arkasyny gördi we ýene:
-Nirä ýazdyňyz ady-familiýaňyzy?-diýip sorady. Şo-ol ümsümlik. Soň mendenem sorady. Elbetde, hiç zat aýtmadym.
Gysga aýdanda, mugallym bize gepläp, goşa kagyz berdi. Biletlerimizi ýene gaýtadan çykarmaly boldy😅
Ine, şeýle-şeýle wakalar. Siziň başyňyzdan nähili gülkünç wakalar geçdi??