awgust
05.05.2024 13:21
1) " Düýn bilen ýaşamaly däl, geçmişi ýatdan çykarmaly..." diýen çeşmeler kän, ýöne olary taşlap nirä gitjek?! Ahyr soňy barjak ýerimiz şolaryň ýany dälmi näme?!
2) Bu " ýalan" diýilýän dünýäde çyn ýaşamak bagt ahyry...
3)Şahyryň käbir setirleri tapmaçanyň içinde gizlenip, oňa awtoryň öz derejesinde ahwala düşen adam çözgüt tapar.
4) Başyna düşende ejeden aýrylan zürýat özüni köki kesilen agaç ýaly, kakadan aýrylan zürýat bolsa suwdan çykarylan balyk ýaly duýýar.
5)Käte tapylmaýan dertlere özüň derman bolasyň gelýär...
6)Hiç zada wagty ýok adam, hiç bir zady göwnejaý bitirýän däldir.
7)Ertir irden gowy zatlara sereden, ýagşy gürrüňler eden, oňat zatlara gözi düşen adamlaryň uzak ýaşaýandygyny çeşmeler nygtaýar.
8) Bedeni ýaşlykdan çeýe tutmagy başarmaly, süňk bir lagşasa ony soň dikeltmek kyn.
9)El döwlüp egri bitse kyn hem bolsa oňşup bolar, ýöne göwün döwlüp egri bitse iki tarap ün hem howpludyr.
10)Baýlyk akar suw ýaly zatdyr, gözbaşyny berk tutmasaň haçan kesiljegi belli däldir.
34
134
awgust
25.04.2024 23:35
Maña "şygry taşla" diýme,
Öçer ýüzümiň şuglasy.
Onsoň, duýgularmyň geler,
Oýan-buýan urunasy.
Ylham menden öÿkeläýse,
Bagyşlap bilmen özümi.
Ümdüzine tutdyrar ol,
Kim doldurar öwezini?!
Senmi?! Seniň ornuň başga,
Näzik ýüregmiň teýinde.
Kapasadan çykar meni,
Özerkime gezeýin-le.
Seret, şygrym ganat saýyp,
Göge sary uçuşyma.
Soňra bolsa Poeziýaň,
gujagyna gaçyşyma.
Sen bulary nirden biljek,
Şygyrlarma gyzykmasaň.
Sada dilde aýdaýynmy,
Eger, göwnümi ýykmasaň?!
Höçjet gylygňy taşla-da,
Ýürekdeşim, ber ygtyýar.
"Ýaz-da, derdiňi gowzat" diý,
Etmek isleseň bagtyýar.
Çynar Myradowna
26
94
awgust
20.04.2024 14:45
Gussam ýitdi, özgerdim.
Baýra çykdym, düz gördüm.
Şol gyzlaryň içinde,
Humaý ýüzli gyz gördüm.
Çeşme akar şildiräp,
Gel ýanyma sülmüräp.
Gözüm gözüňe düşse,
Ýürejigim endirär.
Akja alkym, ak goşar,
Saçyň bile çolaşar.
Rakyplara aldanyp,
Gitme, ara tow düşer.
Däldir sözüm şelaýyn,
Çoý mähriňe ýylaýyn.
Özgä gabak galdyrma,
Meniňki bol ylaýym.
Kime ýeter gaýkysy,
Kime ýeter küýküsi,
Men-ä seni saýladym,
Bol öýümiň bikesi.
Awtor: Çynar Myradowna
Ýagny özüm :)
31
73