awgust
05.05.2024 13:21
1) " Düýn bilen ýaşamaly däl, geçmişi ýatdan çykarmaly..." diýen çeşmeler kän, ýöne olary taşlap nirä gitjek?! Ahyr soňy barjak ýerimiz şolaryň ýany dälmi näme?!

2) Bu " ýalan" diýilýän dünýäde çyn ýaşamak bagt ahyry...

3)Şahyryň käbir setirleri tapmaçanyň içinde gizlenip, oňa awtoryň öz derejesinde ahwala düşen adam çözgüt tapar.

4) Başyna düşende ejeden aýrylan zürýat özüni köki kesilen agaç ýaly, kakadan aýrylan zürýat bolsa suwdan çykarylan balyk ýaly duýýar.

5)Käte tapylmaýan dertlere özüň derman bolasyň gelýär...

6)Hiç zada wagty ýok adam, hiç bir zady göwnejaý bitirýän däldir.

7)Ertir irden gowy zatlara sereden, ýagşy gürrüňler eden, oňat zatlara gözi düşen adamlaryň uzak ýaşaýandygyny çeşmeler nygtaýar.

8) Bedeni ýaşlykdan çeýe tutmagy başarmaly, süňk bir lagşasa ony soň dikeltmek kyn.

9)El döwlüp egri bitse kyn hem bolsa oňşup bolar, ýöne göwün döwlüp egri bitse iki tarap ün hem howpludyr.

10)Baýlyk akar suw ýaly zatdyr, gözbaşyny berk tutmasaň haçan kesiljegi belli däldir.
34
134
okyyjy
5 May 2024
👍👍👍
awgust
5 May 2024
@tmyigit76, Oňat, dogruçyl, halal umuman özüň bolup ýaşamak manysynda aydylan
tmyigit76
5 May 2024
Ýalan dünýäde nähili çyn ýaşap bolarka?
flowers_
5 May 2024
5)hakyky 🥺
seresaply
5 May 2024
👍🙂
Akram_Beshimov
5 May 2024
👍🏻 👌
awgust
5 May 2024
# Türkmenistanyň at gazanan ýazyjy şahyry we medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.