awgust
25.04.2024 23:35
Maña "şygry taşla" diýme,
Öçer ýüzümiň şuglasy.
Onsoň, duýgularmyň geler,
Oýan-buýan urunasy.

Ylham menden öÿkeläýse,
Bagyşlap bilmen özümi.
Ümdüzine tutdyrar ol,
Kim doldurar öwezini?!

Senmi?! Seniň ornuň başga,
Näzik ýüregmiň teýinde.
Kapasadan çykar meni,
Özerkime gezeýin-le.

Seret, şygrym ganat saýyp,
Göge sary uçuşyma.
Soňra bolsa Poeziýaň,
gujagyna gaçyşyma.

Sen bulary nirden biljek,
Şygyrlarma gyzykmasaň.
Sada dilde aýdaýynmy,
Eger, göwnümi ýykmasaň?!

Höçjet gylygňy taşla-da,
Ýürekdeşim, ber ygtyýar.
"Ýaz-da, derdiňi gowzat" diý,
Etmek isleseň bagtyýar.

Çynar Myradowna
26
94
awgust
26 Aprel 2024
@garlawac, Ýalňyşmaýan adam ýok, dogry menem özümi akja jüýje edemok.Ýöne o gün şol postdaky teswirimi gepiň gerdişine görä diýip goyberdim.Men "grammatik taydan meňki dogry, siziňki ýalňyş" diymedim.Onsaňam o postdaky teswirim näme ün ala-böle seň maňzyňa batmady-la?!))
awgust
26 Aprel 2024
@garlawac, Ümdüzine tutdyrmak- uzaga, yzyna garaman gaçmak manyny berýär."Öz erkime" dp ýazmalydym bu yerde ýalňyşlygym bar. Başga nirede grammatik taýdan ýalňyşym bar?! "Ýazmaga ýaltanýan" diyipsiň-le, munça teswirleri ýazanyňda ýaltanmany bilmänsiň))
awgust
26 Aprel 2024
@sabyrly, Minnetdar!
sabyrly
26 Aprel 2024
👍super üstünlik
awgust
25 Aprel 2024
@beghanym, ❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.