awgust
20.04.2024 14:45
Gussam ýitdi, özgerdim.
Baýra çykdym, düz gördüm.
Şol gyzlaryň içinde,
Humaý ýüzli gyz gördüm.

Çeşme akar şildiräp,
Gel ýanyma sülmüräp.
Gözüm gözüňe düşse,
Ýürejigim endirär.

Akja alkym, ak goşar,
Saçyň bile çolaşar.
Rakyplara aldanyp,
Gitme, ara tow düşer.

Däldir sözüm şelaýyn,
Çoý mähriňe ýylaýyn.
Özgä gabak galdyrma,
Meniňki bol ylaýym.

Kime ýeter gaýkysy,
Kime ýeter küýküsi,
Men-ä seni saýladym,
Bol öýümiň bikesi.


Awtor: Çynar Myradowna








Ýagny özüm :)
31
73
efsane_tm
20 Aprel 2024
haladym
sabyrly
20 Aprel 2024
@awgust, goşgy adyna seretmändirin tak şeýlede adyna seredip goşgy okamok goşgy bolsa boldy okaberýäs
awgust
20 Aprel 2024
@sabyrly, Sag bol! Şonuň üçin "Aşyk ýigidiň dilinden" diyip at goydum-da...😊
sabyrly
20 Aprel 2024
👍Üstünlik yzy gür bolsun okap gelýärkãm oglanyñ ýazan goşgusymyka diýdim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.