awgust
17.12.2024 19:58
Şu gün señ gelerñe garaşyp durkam,
Bir gözel gyz bilen sen gidip barýañ.
Ynan, şonda şeýle begendim bilseň,
Tebigat saklanyp bilmedi arman.

Şo gün ähli baglar ýapragyn dökdi,
Ähli guşlar gyrdy birden ganatyn.
Ýalan sözläp nämedeýin özüm-ä,
Ýanyňdaky gözel gyzy haladym.

"Ony edil meň söýşüm deý söý" diyip,
"Edil men deý aýa" diyip, hut şo gün,
Seň owadan gözleň saýlan gyzyna,
Sogrup ýüregimi beresim geldi,
Arman...
Arman, ony öz yerinden tapmadym,
Bagyşla...!


Laçyn Pürjäýewa
7
63
awgust
10.07.2024 15:09
Internet- bukjasy USSD - buýrugyñ, mobil goşandynyň we "Altyn asyr " ÝGPJ - niñ resmi saýtyndaky Şahsy otagyñ üsti bilen birikdirilýär.

Internet- bukjalaryny birikdirmek üçin USSD- buýruklar:

●Internet 3 (50mgb) -*0850*3#
●Internet 5 (100mgb)- *0850* 5#
●Internet 10 (250mgb)-*0850*10#
●Internet 15 (500mgb) - *0850*15# (Internet-bukja diñe "Sowgat 2000) nyrhnamasynda işleýär)
●Internet 60 (1,5 Gb) - *0850*60#
●Internet 160 (4 Gb) - *0850*160#
●Internet 200 ( 20 Gb)- *0850*200#

Internet-bukja hyzmatynyň bahasyna laýyklykdaky pul ýygymy we onuň möhleti birikdirilen wagtyndan başlanýar.Degişli möhlet dolanyndan soň, Internet bukjanyň galan megabaýtlaryny ulanyp bolmaýar.

Has giňişleýin maglumatlary "Altyn asyr" ÝGPJ-niň resmi saýtyndan okap bilersiňiz.



# Turkmenportal
9
54
awgust
09.07.2024 23:44
Gije giç ýatsañ näme bolarsyñ?

■ Ir garrarsyñ

■Ýatkeşligiñ küteler. Huṣsyz, unudyjy bolarsyñ

■Gaharjañ bolarsyñ

■Erbet (rak) kesele duçar bolmak ähtimalllygyñ ýokarlanar

■Semirärsiñ

■Ünsliligiñ peseler



♡ Şonuñ üçin mähribanlar, öz saglygymyzy özümiz goralyñ! SAGLYK-bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.
Gijäñiz rahat bolsun!

#Çynar Myradowna❤️
12
231
awgust
07.07.2024 20:01
Mähriñe çoýarsyň nurly Gün ýaly,
Söýgüň bilen özgerdersiň dünýämi.
Hiç bir ynsan bolup bilmez sen ýaly,
Jana-jan, ejem!

Küýseglerim artar saña gün-günden,
Meger ýakymly zat ýokdur-la şundan.
Başy boglan, naçar körpe gyzyndan,
Mähre zar, ejem!

Hakyt Jennet giň gujagyň, alkymyň,
Sözle maňa sökeldigiň, sagdygyň.
Gelerňe çen boldy, öýde agtygyň,
Garaşýar, ejem!

Durmuş bi kä siltär, käte ýepbeklär,
Kä gussaň üstüne gussasyn seplär.
Utsaň gülmez, utulsañam köteklär,
Ol sen däl, ejem!

Azaşsam çelgisiň ömür ýoluma,
Döwran öter, gasyn düşer roýuma.
Sen şonda-da guwanarsyň boýuma,
Mähriban, ejem!


#Çynar Myradowna
11
68
awgust
03.07.2024 14:25
Ne hasta bekler sabahı,
Ne taze ölüyü mezar.
Ne de şeytan bir günahı,
Seni beklediĝim kadar.

Geçti istemem gelmeni,
Yokluĝunda buldum seni.
Bırak vehmimde gölgeni,
Gelme, artık neye yarar.

#Necep Fazıl Kısakürek (1937)
❤️❤️❤️
12
19
awgust
01.07.2024 07:08
Şu gun ir sagat 06:49 da öwrenmeli prog.a girdim, bir seretsem menýuda ýekeje özüm online bolup otyryn.
Sizdede şeýle ýagdaý bolýarmy?
( Agzalar dil düwşen ýaly ýitirim bolýalar🤔😁)




(...Gowy görýän agzalarymyñ kä birleri prog.da ýok, bu-da meni gynandyrýar...🙁)
20
412
awgust
30.06.2024 13:13
Salam, gadyrly agzalar!
Ilki bilen hoş gördük!

Öwrenmeli programmany bir az hem bolsa gyzyklandyrmak maksady bilen ýörüte siz üçin taýýarlan "sorag-jogap" atly postum bilen gysgaça tanyş boluñ!
Soraglaryñ jemi 10 sany bolup, dogry jogap tapmak şertini döredýär.(Soraglar agyr däl, göterip bilersiniz😁)

Like basyp, teswir galdyrýan mähriban agzalara bolsa, köp minnetdarlygymy bildirýän!🫶

Onda näme, başlalyñmy?

1-nji sorag.⤵️
"Ýürejigiñ suwly bolsa,
Sözleriň gury bolmaýar.
Gursakdan ot çabramasa,
Gözleriň nury bolmaýar."

şu goşgynyñ dowamyndan haysy setirler gelmeli we awtory kim❓️

2-nji sorag⤵️
Türkmenistanda jemi näçe sany şäher bar❓️

3-nji sorag⤵️
Iñ agyr element haýsy❓️

4-nji sorag⤵️
Garajoglanyñ çyn ady näme❓️

5-nji sorag⤵️
"Dokuz ýüz segsen üç müñ iki" haýsy sanlar bilen ýazylýar❓️

6-njy sorag⤵️
Öýken näme işi ýerine ýetirýär❓️

7-nji sorag⤵️
"Teke gyzy Tatýana" romanyny kim ýazýar❓️

8-nji sorag⤵️
12 ýyl ozal 77 ýaşaýan Atam 20 ýyl ozal näçe ýaşyndady❓️

9njy sorag⤵️
Türkmenistanyñ döwlet Gimni resmi taýdan haçan tassyklanýar❓️

10njy sorag⤵️
Gün hanyñ näçe ogly bar❓️

Size üstünlik arzuwlaýan!❤️
19
171
awgust
29.06.2024 16:03
1. Sen, kaçan ürkek ceylansın daĝda,
Ben, peşine düşmüş bir canavarım!
Istersen dünyayı çaĝır imdada,
Sen varsın dünyada, bir de ben varım!

2. Her şeyin ilacı "Zaman" diyenler, birde bu kelimeyi tersden okumayı deneseler.

3.Neden en ufak bir söze inciniriz bilir misin?
Çünkü sözün sahıbi çok kıymetlidir...❤️

4.Öyle insanlar var ki;
Laĝıma düşseler,
laĝımı kirletirler.

5.Yola çıktıklarını, yolda bulduklarına deĝışirsen;
Hem yolunu kaybedersin,
hem dostunu.

6.Ya Islam'la yükselir,
ya inkarla çürürsün.
Bu yol mezarda bitmiyor,
Gittiĝinde görürsün.

7. Ey gönül! Bak ve ibret al, yere düşen kurumuş yapraĝa.
O da, eskiden yukarıdan bakardı topraĝa.







# Necep Fazıl Kısakürek
18
57
awgust
30.05.2024 07:44
Boýuñ hem oýuñ össe,
Söz bilen oýun etme,
Ýok "öwrenme" diýemok,
Köp bil, ýöne az geple.


#Aşyrmät Garly
16
138
awgust
08.05.2024 23:30
Howa bulutlaşyp ýagyş birsyhly,
ýagdy.Köçeler hem baglar ýuwuldy.
Daş çykdym. Elhepus, goñşy köçeden,
şo-ol eşdildi-durdy zaryn uwwuldy.

Bu nä boluş! Gara-gana bulaşyp,
ýatyr honha güjüjegiň jesedi.
Zowzanaklap, çyňsap öz çagasynyň,
başujyndan aýrylanok enesi.

Da:ş bilen güjügiň kellesin ýaryp,
wyždanyn ýuwdupdyr daýaw pyýada.
Munda etmişine ha-ha-haýlaýan,
onda güzap çekip ýanmazmy oda?!

Ah, ejize ganym ol naçarlaryň,
gözýaşdyr ganyna sereden däldir.
Azmydyr dünýede eziz balasyn,
topraga berenler?! Sanardan kändir.

Howa bulutlaşyp ýagyş birsyhly,
ýagsyn. Köçeler hem baglar ýuwulsyn.
Hem ýuwulsyn biwazlaryň ýüregi,
Goý, munda dirilik hem dünýä dursun!


#Çynar Myradowna
(Goşgy bolan waka esasynda bir az üýtgedilen)
32
79