awgust
07.07.2024 20:01
Mähriñe çoýarsyň nurly Gün ýaly,
Söýgüň bilen özgerdersiň dünýämi.
Hiç bir ynsan bolup bilmez sen ýaly,
Jana-jan, ejem!

Küýseglerim artar saña gün-günden,
Meger ýakymly zat ýokdur-la şundan.
Başy boglan, naçar körpe gyzyndan,
Mähre zar, ejem!

Hakyt Jennet giň gujagyň, alkymyň,
Sözle maňa sökeldigiň, sagdygyň.
Gelerňe çen boldy, öýde agtygyň,
Garaşýar, ejem!

Durmuş bi kä siltär, käte ýepbeklär,
Kä gussaň üstüne gussasyn seplär.
Utsaň gülmez, utulsañam köteklär,
Ol sen däl, ejem!

Azaşsam çelgisiň ömür ýoluma,
Döwran öter, gasyn düşer roýuma.
Sen şonda-da guwanarsyň boýuma,
Mähriban, ejem!


#Çynar Myradowna
11
66
sabyrly
8 Iýul 2024
👍👍👍
nabat_
8 Iýul 2024
🥰🥰
angelface
8 Iýul 2024
@bilem, dali oytyan sn😅🤣
bilem
7 Iýul 2024
Men seni soyyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.