awgust
17.12.2024 19:58
Şu gün señ gelerñe garaşyp durkam,
Bir gözel gyz bilen sen gidip barýañ.
Ynan, şonda şeýle begendim bilseň,
Tebigat saklanyp bilmedi arman.

Şo gün ähli baglar ýapragyn dökdi,
Ähli guşlar gyrdy birden ganatyn.
Ýalan sözläp nämedeýin özüm-ä,
Ýanyňdaky gözel gyzy haladym.

"Ony edil meň söýşüm deý söý" diyip,
"Edil men deý aýa" diyip, hut şo gün,
Seň owadan gözleň saýlan gyzyna,
Sogrup ýüregimi beresim geldi,
Arman...
Arman, ony öz yerinden tapmadym,
Bagyşla...!


Laçyn Pürjäýewa
7
63
beghanym
18 Dekabr 2024
👍
alma___
17 Dekabr 2024
Giç ýagşy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.