awgust
08.05.2024 23:30
Howa bulutlaşyp ýagyş birsyhly,
ýagdy.Köçeler hem baglar ýuwuldy.
Daş çykdym. Elhepus, goñşy köçeden,
şo-ol eşdildi-durdy zaryn uwwuldy.

Bu nä boluş! Gara-gana bulaşyp,
ýatyr honha güjüjegiň jesedi.
Zowzanaklap, çyňsap öz çagasynyň,
başujyndan aýrylanok enesi.

Da:ş bilen güjügiň kellesin ýaryp,
wyždanyn ýuwdupdyr daýaw pyýada.
Munda etmişine ha-ha-haýlaýan,
onda güzap çekip ýanmazmy oda?!

Ah, ejize ganym ol naçarlaryň,
gözýaşdyr ganyna sereden däldir.
Azmydyr dünýede eziz balasyn,
topraga berenler?! Sanardan kändir.

Howa bulutlaşyp ýagyş birsyhly,
ýagsyn. Köçeler hem baglar ýuwulsyn.
Hem ýuwulsyn biwazlaryň ýüregi,
Goý, munda dirilik hem dünýä dursun!


#Çynar Myradowna
(Goşgy bolan waka esasynda bir az üýtgedilen)
32
79
sabyrly
11 May 2024
@awgust, sps minnetdar👍
awgust
11 May 2024
@sabyrly, Minnetdar! Biwaz- bozuk, bozgak manysyny beryär
sabyrly
9 May 2024
@awgust, gowy goşgy bolupdyr duýgulandyrjy Biwaz näme bolýa düşünmedim şo ýerine gelneje üstünlik ylhamyñyz gür bolsun
okyyjy
9 May 2024
Şular ýaly goşgylaram köpräk paýlaşylyp dursun
milana
9 May 2024
🥺🥺🥺😢
flowers_
9 May 2024
👍💜
awgust
8 May 2024
@medik_, Aslynda, o güjügi öldürip durkalar gördüm.Bu waka 1-2 yyl mundan ozal bolupdy, henizlerem göz öñümden gidenok.Beyle zalymlyk akyla sygjak zat däl:(
PILOT👮‍♂️✈🛩
8 May 2024
adama in wepaly haywan it.
medik_
8 May 2024
Haywanlaryn dili yok diyip kop adam ejir baryn cekdiryaler😑
medik_
8 May 2024
Gujujugi🥰👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.