awesome
12.08.2022 20:40
Şu gün dünýäden ötdi on dört ýaşly,
Bir ogul.
Indi täzeden bolar özge ýerde,
Bir dogum.

Kemeldi,
Emma ýeňlemedi agramy dünýäň.
Ýaş ölümdi,
günäli deý köp ynsanlar,
Ökünýär.

Gonan ýeri gonamçylyk, çäk berilen
Toprakdy.
Gijelerem ýeke galar, ýeke galsa,
Gorkardy.

Pelek aýlar, ykbal haýran
Kysmata,
Rahat ýatar, gykylyksyz - içi käte
Gysmasa.

"Gabroş" ýaly oýun etmese-de
Ajala.
Niçik çäre ýok? Gowy düşünýäs
Aljaga.

Giden gider,
Bu kanundyr, diri galar diriler,
...Ölülerem öli ýatmaz,
Wagty gelse direler.


Ahally
17
117
awesome
11.08.2022 10:32
AÝAT

"Biz aýatyñ dälmi Seniñ, Ýa Alla!.."
Möwlana Idris.

Nämähreme bakan gözlem.
Bihuda söz sözlän dillem.
Harama uzalan ellem.
Aýaklam...
Bularyñ barysy jemlenip erte
Bilip-bilmän eden günälerime
Kylmankalar kyýamatda güwälik
"Rabbina atina fid-dünýä hasaneten
we fil-ahyreti hasaneten we kyna azaben-nar..."
diýip diksem Arşa sary ýüzümi
Gözüm ýumsam dünýe doly kemçine
Hem werziş etdirsem kemter dilimi
Tesbih sanalanda "Subhanallaha".
Magtymgulyñ wesýetine eýerip
Dözsem, dözmesemem günde-günaşa
Köze basyp goýsam iki elimi.
Ýüz öwrüp şeýtanyñ erkinliginden
Birmahallar bet işlere hallanlap
Ökjesi ýukalşan aýaklarymyñ
Ugruny üýtgetsem metjide tarap.
Saba Gögüñ ýüzi serpileninde
Parhy ýok türkmenmi, uýgurmy, arap
Gullañ dogasyna garaşylýan çag
Başym egik dyza çöksem,
Ýalbarsam.
Hem-de aýalymyñ ukudasyrap
Ýorganynda synlaýanyn añşyrman
Öýümiñ töründe eglemde seždä
Hakdan gorkunjyma sessiz aglasam...
Meni bu günlere salan şeýtanyñ
Ýedi ismine ýetmiş gezek gargasam.
Harwar-harwar günälermi bagyşlap
Şu gezegem kabul edermi tobam...
Şeksiz!
Çünki men,
Diñe men däl - her men ýaly gul
Ýer ýüzüne ybrat üçin inderlen
Iñ ajap,
Iñ uly aýaty Allañ!

Has TÜRKMEN.
13
113
awesome
10.08.2022 18:48
Ariana

Eýsem Awestada turanlylara garşy goýulýan ariler kimler?
Olara nämüçin ariler diýilýär? Olaryň hökümdarlaryny Awestada nämüçin ariý patyşalary, ýurtlaryny bolsa ariler ýurdy , ýagny, Ariana diýlip atlandyrýarlar?
Alymlaryň kesgitlemelerine görä, Merkezi we Günorta Ýewropada ýa-da Gara deňziň we Hazar deňziniň demirgazygyndaky giň sähralyklarda ýaşap, miladydanöňki, IV müňýyllykda dumly-duşa pytran taýpalara ylymda indoýewropa halkyýetleri diýilýär. Şolaryň gündogara tarap gaýdan bölegine bolsa, indoiranlar diýilýär.
Indoiranlar häzirki Eýranyň hem-de Orta Aziýanyň çäklerinde ýaşapdyrlar. Olaryň belli bir taýpa ýa halka degişli bolandygy, ýöne antropologiýa we jyns taýdan dürli-dürli bolandyklary çaklanylýar.
Olaryň arasynda “arýa” sözi ýörgünli bolupdyr. Bu söz asylly, pähimli diýen manyny aňladýpdyr. Bu ady hususan-da öňe çykan we ýolbaşçylyk roluny oýnan taýpalaryň serdarlary, şeýle hem olaryň ýakyn adamlary göterendir diýip çak edilýär. Şonuň üçinem, indoiranlar ylymda “ariler” diýlip atlandyrylýar. Şeýle hem “arýa” sözi etniki däl-de, sosial, syýasy düşünje hasap edilýär. Ýer ýüzünde hiç haçan “arýa” diýen halkyň bolmandygy, ýaşamandygy tekrarlanýar.
Ariler gelmezden öňem Eýran topragynyň dürli taýpalardan ybarat bolandygyny bellemek gerek. Eýranyň has irki ýaşaýjylary Orta Aziýadan ýa-da Gara deňziň demirgazyk ýakalaryndan gelendirler diýlip güman edilýär. Geň ýeri XI asyrda bu ýere gündogardan gaýdyp gelen oguzlaryň bir bölegi ýene-de Gara deňziň demirgazyk ýakalaryna tarap yňýarlar we rus hem-de ukrain halklarynyň halk hökmünde kemala gelmegine öz goşantlaryny goşýarlar.
Miladydanöňki II müňýyllykda indoiranlaryň bir bölegi Hindistana gidýär. Olara indoariler diýilýär. Galan bölekleri bolsa Gündogar Ýewropada, Orta we Merkezi Aziýada dürli Eýran taýpalaryny – skifleri, midiýalylary, parslary, saklary we beýlekileri emele getiripdirler.
Alymlaryň tassyklamalaryna görä, Iran (Eýran) sözi hem edil, Tur:an sözi kimin, Ari:an diýen düýp we goşma sözden emele gelipdir. Ýagny ariler ýurdy. Ariana – Eýran daglyklarynyň gadymy adydyr. Iran – şol bir sözüň has soňky görnüşidir. Arian – Iran – Eýran. Şeýle hem, “Ariana” sözi Eýranyň diňe häzirkiçäklerinidäl-de, has giň möçberdäki meýdany öz içine alýar.
Indoariler günorta tarap gidenlerinde, häzirki Eýranyň we Owganystanyň üsti bilen geçendirler, hereket eden ugurlary bolsa esasan häzirki Tejen derýasynyň boýlarynyň üstünden düşendir diýlip çak edilýär.
Bu bolsa öküzleriň – turlaryň öz asly mekanlary bolan Öküz (Tejen) derýasynyň boýunda we soňraky süýşen ýerlerinde ariler bilen medeni we etniki taýdan garyşyp-gatyşandyrlar diýmäge doly esas berýär.
Çünki, oguzlar Öküz derýasynyň boýundan miladydanöňki IVmüňýyllykda giden bollaýanlarynda-da, indoiranlaryň asly mekanlaryndan örňäp Eýrana we Orta Aziýa aralaşan döwürlerine gabat gelýär. Eger-de oguzlar käbir alymlaryň çak edişi ýaly, Öküz derýasynyň boýundan miladydanöňki II müňýyllykda giden bolsalar, onda-ha olar bu ýerde ariler bilen tas, iki müň ýyla golaý garyşyp-gatyşyp oturandyrlar diýip oýlanmaga mümkinçilik döredýär.
Aslynda turlar-öküzler nämüçin Öküz derýasynyň boýundan gitdilerkän?
Biziň pikirimizçe, bu zatlaryň aňyrsynda düşnükli hadysa ýatyr. Ýagny, ariler täze dini-taglymatlary-zoroastrizmi döredýärler. Turlar bolsa oňa uýmaýarlar. Olaryň öz totomlary bar: Asman, Gün, Aý, Ýyldyz. Dogry, şol zatlara arilerem uýýarlar. Hatda Awestada şol zatlaryň hersine bagyşlanan ýörite gimnleri hem bar. Ýöne otparazçylyk dinini esaslandyryjy Zaratuştra şolaryň ählisini bir ýere jemläp, olary ýeke-täk Hudaýyň – Ahura – Manýanyň garamagynda goýýar. Ot – Hudaýyň ogly diýip yglan edýär. Aýam, GünemÝyldyzlaram, ýer-suwam diňe Ahura – Mana uýan adama hyzmat eder, uýmadygy betbagtçylyga uçradar diýen düşünje ýaýradýar. Olar üçin kim Ahura – Mana uýmasa, jyna-arwaha gol beren, döwlerden sapak alan, tersa, has takygy dünýädäki ähli gowluklaryň we hakykatyň duşmany bolan Anhra – Manýanyň şägirdi. Olar üçin turlaram şeýle. Awestada olar hatda turlaryň watanynam – döwleriň, arwahlaryň mekany hökmünde suratlandyrýarlar. Hut şonuň üçinem, tur serkerdesi Afrasyýabya mukaddes Hwarnony ele salmak başardanok. Awestany öwreniji alymlar tarapyndan häzirki Aral deňzidir öýdülýän Worokuşa deňziniň düýbünde gizlengi ýatan, ele salan bol suwly, mes toprakly, bol suwly ýerlere, mala, baýlyga eýe edýän adamy mukaddes “Hwarno” diňe arilere, ari patyşalaryna nesip edýär. Hususan-da Zaratuştranyň täze taglymatyny ilkinji bolup goldan şa Wiştasp Hwarnony ele salmagy başarýar. Şondan soň “hwarno” arileriň kawiler dinastiýasyna (Şanamada Keýanitler) yzly-yzyna howandarlyk edýär.
Turlaryň – öküzleriň Öküz derýasynyň boýundan örňäp gündogara tarap süýşmeklerine sebäp bolanam şol, Awestadan görünýän dini gapma-garşylyklar bolaýmasyn? Öküzleriň Öküz derýasynyň boýundan örňemeklerini käbir alymlar miladydanöňki II müňýyllygyň ahyrlarynda ýüz beren gurakçylyk sebäplidir öýdýärler. Ýöne, şol gurakçylygyň Öküz derýasynyň Eýran tarapdan bilkastlaýyn beklenmegi zerarly bolandygyny çak edýänlerem bar. Turlar bilen arileriň arasynda täze din zerarly düşen gapma-garşylygy nazarda tutsaň, soňky çaklama hakykata has golaý görünýär.
Bu ýerde-de geň galyp oturasy iş ýok. Islendik din dünýä inende ägirt uly garşylyklara sezewar bolýar. Çünki, din – bu külli adamzat möçberindäki syýasy öwrülişik. Öňki din hem öz ornuny “mesaňa” diýäge-de beräýenok. Asyrlarboýy beýnisinde berç bolan köne ynanjy adamlaryň aňyndan çykarmagam aňsat däl. Hut, şonuň üçinem, täze dini ýaýradyjylar, hususan-da onuň pygamberleri, köplenç öňki ynanja uýýanlaryň pidasy bolupdyr. Zaratuştranyň özem Hudaýa mynajat edip duran wagty, pyçaklanylyp öldürilipdir. Isa pygamber bolsa haça çüýlenipdir. Muhammet pygamber birnäçe kynçylyklara sezewar edilipdir. Öňki ynanjy gorap, täze dine garşy baş göteren Afrasyýabyň, külli tur halkynyň şol, taryhy hereketlerem tebigy, kanunalaýyk ýagdaýdyr we türkmenleriň gadymyýetde otparazçylyk dinine uýandyklary baradaky pikir iňňän şübhelidir. Bu – şol bir territoriýada haýsy möwrütde haýsy halkyň mekan tutandygy bilen baglydyr.
Galyberse-de, öküzleriň – turlaryň Öküz derýasynyň boýundan otparazçylyk dini döremezden öň giden bolmaklaram mümkin.
Çünki, Änewden, Göksüýriden Mesopotizmiýa gidip, soň ol ýerde şumerler-sümerler adyny alan halklaram bu ýerden hut şol döwürler ýagny, otparazçylyk dini döremezden öň giden hasap edilýär. Bu-da hususan, arileriň şu topara aralaşan döwrüne gabat gelýär. Ýöne, her näme bolaýanda-da turlar Gündogara tarap süýşselerem öz taryhy örülerinden – Turandan çykyp gidenoklar.
Asylha-da arilerem turlaram, Eýranam, Turanam biri-birine gaty bir ýat halk ýa ýat ýurt däldir. Olaryň ikisem Eýran, Turan atly taryhy, mähnet gazanyň içinde gaýnap bişen, köp gezekler garyşyp-gatyşyp, iňňän ýakynlyk bilen kemala gelen halklardyr.
Türkmen halkynyň gelip çykyşyny öwrenijiler, oguzlar XI asyrda Türkmenistanyň häzirki çäklerine ikinji gezek gaýdyp gelenlerinden soň, Eýran dilli birnäçe ýerli taýpalar bilen garyşyp, türkmen halkyny emele getiripdirler diýýärler.
Ana, şol Eýran dilli, ýerli diýilýän taýpalar – saklara, parslara, midiýalylara we başga-da şolar ýaly birnäçe halkyýetlere öwrülen gadymy arilerdir. Şol taryhy gatylmaklyk, öňem bir gezek garyşyp-gatyşyp turan we eýran halkynyň indi ikinji gezek bir gazana gapgarylyşydyr.
Gadymy akkatlar, elamlar bilen bir hatarda saklar, parslar, midiýalylar hem häzirki eýran halkynyň kemala gelmeginde görnükli rol oýnapdyrlar. Eýran halkynyň kemala gelmeginde, diliniň kämilleşmeginde medeni taýdan ösmeginde türki taýpalaryňam (seljuklar, gyzylbaşlar, gajarlar, mongollaryňam, (huligirler), araplaryňam täsiri uludyr.
Ýeri gelende aýtsak, XVI asyrda Eýranda dörän güýçli, sefewiller dinastiýasyny tagta çykaranam ýokarda ady tutulan türki taýpalardyr.
XVII asyrda bolsa, Eýranda türkileriň gajarlar dinastiýasy berkarar edilýär.

Watan gaz. 2-nji sentýabr. 1997ý.

Juma HUDAÝGULY
16
53
awesome
09.08.2022 22:37
"Soňa goýulan soň..."
Näme üçin?
Näme üçin iň wajyp zatlar soňuna goýulýarka?
Toýda bagşylaram iň gowy aýdymlaryny soňundan aýdýar.
Film görseňem manysy soňunda jemlenýär.
Kitabam şeýle, soňuna ýetmeseň netije çykaryp bolanok.
Sözlemiň soňuna bir nokat gerek. Nokatsyz sözlem tamamlananok.
Sakawy soňuna çenli diňlemeseň näme diýjek bolýanyna düşünip bolanok.
Ynsan soňky demini alyp-berýänçä onuň ömrüne baha bermek kyn.
Soňky dem.
Gymmatly soňky dem.
Jemleýji hemem howply soňky dem.
Ömrüňi haýyrly ötürip soňky demiňde imansyz gitmek howpyndan kim azat?
Haýyrsyz ýaşan biriniň toba gapysy ýapylmanka soňky demde edip ýetişen tobasynyň kabul bolmajagyna kim kepil geçip biler?
Kimiň soňy nähili gutarjagy belli däl.
Soňumyza çenli belli däl.

Soňda jemleme bar.
Ýaradan dinini yslam bilen jemleýär.
Pygamberler zynjyrynynyň soň halkasyny Muhammet (saw) bilen tamamlaýar.
Kitaplarynyň soňky nokadyny Kuran bilen goýýar.
Bu soňa goýlan amanatlara üns beriň:
dinimiz soňky,
Pygamberimiz soňky,
Kitabymyzyň soňky.
Bular ýöne ýere soňa goýulmadyk bolsa gerek.
Bular soňky zamanada ýaşaýanlar üçin hasam soň dereje gymmatly.

Şeýleräk hadys ýadyma düşdi: «Her namazyňy iň soňky gezek okaýan ýaly oka».
Dogry, her namazy däl, her güni soňky gün ýaşaýan ýaly ýaşap bolsa.
Her agşam geçen günüň bilen ýüzleşip-hasaplaşmagy basarsaň…

Ýazgymy optimistik soňlamak isledim.
Unutmaň! Iň ähmiýetli, iň gözel zatlar soňa goýlandyr.
Jennet hem soň, Jemal hem soň.
Ynananlara nesip etsin, bu gözel soň, bu gozel soňsuzlyk.

Sakawyň soňy.
Pikirlenmek üçin bir topar soňlar....
Günüň soňy
Ýylyň soňy
Zamanaň soňy
Demiň soňy
Ömrüň soňy
Niýetiň soňy
Amalyň soňy
Şeriň soňy
Haýryň soňy
Sabryň soňy
Zulumyň soňy
Zalymyň soňy
Mazlumyň soňy.


@mango.
18
128
awesome
09.08.2022 20:43
Güllüje sandygma arkamy diräp, Öz goşgymy özüm okap agladym.

Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyñ 5-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyñ üçünjisi bolup dünýä indi. 2003-nji ýylda ýaşaýan etrabynyñ 1-nji orta mekdebine okuwa baran Ogulnur şol mekdebi 2013-nji ýylda tamamlaýar. Ogulnuryñ goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda "Garagum" žurnalynyñ 10-njy sanynda çykdy. Göräýmäge ýönekeýje ýaly bolup görünýän her goşgusynda üýtgeşik bir setirine we özboluşlyja pikirine duş gelmek bolýan Ogulnur Ataýewanyñ döredijiligi onuñ gelejegine bil baglap boljak zehindigine güwä geçýär.


EJEM ÜÇIN ÝENE BIR HAT

Käsedäki çaýyň sowap gidipdir,
Sen çeýneýäň gara çaýyň şemmesin.
Hoşlaşdym-da turup gaýtdym ýanyňdan,
Men ýene-de aýdyp bilmän hemmesin.

Hem şol gije ýene ýatyp bilmedim,
Bir ahwalat ýüregimi çawrady.
Güllüje sandygma arkamy diräp,
Öz goşgymy özüm okap agladym.

***

Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men hiç kime garaşsyz
Garaşdym.

Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara,
Derdim çekişeňok, asyl özüň dert,
Sen hossar däl, saňa syrym açara.
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.

***

Sen diňe synla...
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänimi, göwnümiňem synyşyn,
Ody öçürilmän galan çäýnek deý
Gaýnap-gaýnap, bar hasratyň dymyşyn...

Sen diňe synla...
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy...

Sen diňe synla...
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy...

Sen diňe synla...
Saňa ýat adamy, perişan haly...
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi...


AGLAMA DIÝME

Aglasam agym ýetmejek,
Derdim bar, aglama diýme!
Em edäý, ömür bitmejek,
Ýaram bar, aglama diýme!

Ýüregimiň yşyk tary,
Haýal-ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly,
Merdiň ýok, aglama diýme!

Kalby päk, göwni çagajyk,
Aglamak maňa nämejik,
Şu gün ses edip aglajak,
Şertim täk, aglama diýme!


Ogulnur ATAÝEWA
17
108
awesome
07.08.2022 20:16
Wagt geçdigiçe... ömrüňden ýene bir ýyl gerdeniňe mündügiçe üns berýän zatlaň azalýar, arzuwlar könelýär, höwesler kütelýär, hyjuwlaryň kiparlaýan eken!
Ýöne muny boýun almajak bolup gaty dyrjaşýas.
Musa Ýusup.
~~~~~~~~~~~~~
Parasatsyz häkim şu günki ejiz raýatyny nähak kemsitmek bilen öz ertirine güýçli garşydaş taýynlaýar.
Atajan Tagan
~~~~~~~~~~~~~~
Adalatyň aklyndan azaşan ýerinde pelsepe dymar.
D.Diderot
~~~~~~~~~~~~~~~~
Eger adam mugt naharlanýan bolsa, ol pula derek öz saglygyndan töleýär.
Eziz Derýaýew
~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Hemmämiziň çagalygymyzda goýup gaýdan zadymyz — bahymrak ulalmak hakdaky arzuwlarymyzdyr.
A.Ç.Bathyz
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Hatda dowzaha girmek üçinem öňünden alada etmeli.
Atajan Tagan
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Ýere atan bir dänäň müň bir bolup gaýdyp gelýär. O dünýäniň barlygam bir gowy zat: ýogsam bu toprakda gömülen ölüleriňem gögerip çykjagy hakdy.
Nobatguly Rejebow, «Magtymguly» romany
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Adamyň kemçiligi bir bilen biri goşup üç çykarmagynda däl-de, şonuň näme üçin üç bolýandygyna akyl ýetirip bilmeýänligindedir.
A.Ç.Bathyz
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Ýazmak üçin sowatlylykdan başga akyl hem gerekdir.
Juma Hudaýguly
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Ýerde mydam ýer tapylýar jesede.
Çary Ýegenmyradow
12
98
awesome
06.08.2022 18:53
Kähalat ýalňyzlygym sebäpli uzakly gün ýazýaryn. Köpçülikden gyra çekileniňde kämillige bolan ymtylyş döreýär. Adamyň ruhy ýalňyzlykda öz-özi bilen gürleşýär, köplenç hem ruhuň güýji herekete öwrülýär. Şonuň üçin eger adam bagtly bolmak isleýän bolsa, özi üçin köpräk wagt bölüp aýyrmaly. Emma ýalňyzlyk peýda getirjekmi ýa-da zyýan – bu adamyň temperamentine, sowadyna
we hususy häsiýetlerine bagly. Eger ýokary häsiýetli adamyň sap ýüregi ýalnñyzlykda hasam arassalanýan bolsa, ownuk kişiniň gödek ýüregi öňküsindenem gödekleşýär. Şol sebäpden ýalňyzlyk ruhy güýçli ynsan
terbiýelese, ejiz ruhlylar üçin ol jebirdir. Ýazyjy welin, ýazmaýan wagty dünýeden gaçmaly däldir. Men
ideýalar däl-de, ilki bilen diri adamlar bilen gyzyklanýaryn. Kino, telewideniýe we teatr ýüregimi gysdyrýar. Adatça aşa dilewar adamlar ýaramaz ýazyjylar bolsa-da, men söhbetdeşligi, kimdir birini diňlemegi halaýaryn.

Ernest Hemingueý
16
109
awesome
06.08.2022 13:32
Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.
Degişme äheňinde: Gelin-gyzlar hakynda aýdylanlar.

1. “On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryň erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmezdim”. — Owidiý
2. “Aýallaryň gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok”. — Jon Webster
3. “Garakçylar ýa puluňy alar ýa-da janyňy. Aýallar onuň ikisinem alar”. — Samuel Batler
4. “Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapyp bilmedik ýekeje soragym bar: Aýal näme isleýär?” — Marsel Prust
5. “Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr”. — Oskar Waýld
6. Aýallar bilen erkek adamlar iň bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryň ikisi-de aýallara ynanmaýar”. — Genri Luis Menken
7. Zenanlar rewolusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýärler. Olar ýuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkek adamlary gowy görýärler”. — Genri Luis Menken
8. Erkek adam bilen bagtly ýaşajak bolsaň, oňa köpräk düşünip, azrak söýjek bolmaly. Aýal bilen bagtly ýaşajak bolsaň ony köpräk söýüp, düşünmezlige çalyşmaly”. — Elen Roulend


Terjime eden: Merjen Ýazlyýewa
26
187
awesome
05.08.2022 12:02
F.M.DOSTOÝEWSKINIÑ "JENAÝAT WE JEZA" ROMANYNDAKY RASKOLNIKOWYÑ OBRAZYNYÑ T.GOBBSYÑ "LEWIAFAN" ESERI ESASYNDAKY DERÑEWI

(ýa-da “Meniň hakym barmy?” diýen soragyň jogaby)

Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romanynyň baş gahrymany Raskolnikowyň obrazynda onuň hak we nähak baradaky garaýyşlarynyň sebäbi ýatyr. Bu iki pikir şahsyýeti gününe goýmaýan we onuň öz barlygyny anyklamakda hereket etmäge itergi berýän güýjüdir. Raskolnikowyň obrazynyň haklylyk (“Meniň hakym barmy?”) we nähaklyk (“ ýa-da gadaganmy?”) konsepsiýasyny derňemek isleýändigimiz sebäpli, bulary meşhur iňlis filosofy Tomas Gobbsyň “Lewiýafan” atly eseri esasynda derňemegi makul bildik. Sebäbi T.Gobbsyň bu eseri raýat hukuklaryny kesgitleýän gollanma bolup, ol häzirki zaman raýat hukuk öwreniş ylymlarynyň we köpsanly kanunlaryň esasyny düzýär.
Ilki bilen Raskolnikowy jenaýat etmäge mejbur edýän (biziň bu ýerde “iterýän sebäpler” diýen adalgany ulanmakdan saklanýandygymyzyň sebäbi itermegiň mejbur etmegiň ilkinji basgançagy bolup durýanlygyndan gelip çykýar. Raskolnikowyň obrazy bolsa, düşen ahwalyndan aýňalybilmän, barha we barha “iteriji güýje” garşy çykybilmedik, diýmek, mejbur bolan adamyň obrazydyr) sebäpler barada agzasak, awtor ol sebäpleriň hemmesini diýen ýaly diňe bir ýagdaýyň - Garyplygyň içinde jemläpdir. Garyplyk romanda dürli röwüşlerde janlanypdyr:
Garyplyk – alaçsyzlyk
Garyplyk – biçärelik
Garyplyk – dilegçilik
Garyplyk – boýun egijilik
Şu ahwallaryň assosiasiýasy (birleşmesi) romanyň baş gahrymanynyň obrazynyň esasy içki we daşky öwüşginini görmäge ýardam edýär. Eger şu ahwallaryň jemini bir sözde atlandyrmaly bolsa, onda oňa “melanholiýa” (göwnüçökgünlik) diýmeli bolardy. “Adamyň ruhy ejir çekmeleri ony esassyz gorkmaklyga iterýän, adatça, melanholiýa diýlip atlandyrylýan dälilikidir” Şu kegitleme Raskolnikowyň ruhy ahwalynyň kesgitlemesidir. “Uzak görgüler adamy tirana öwürýär” – diýip, nemes filosofy F. Niçşe “Zaratustra şeýle diýipdir” atly kitabynda belläpdi. Hut uzak görgüler we dynuwsyz ejir çekmeler adam aňyny üýtgedýär. Şeýlelikde, tebigaty boýunça örän gorkak adam hiç kimiň milt edibilmejek hereketlerine baş urýar. Gorkak Raskolnikow batyr Raskolnikowa öwrülýär. Ol öz-özünden: “Nähili işi amala aşyrjak bolýan, şol bir wagtda-da nähili biderek zatlardan gorkýan?” – diýip soraýar. Indiki basgançak romanyň baş gahrymany Raskolnikowyň ýokardaky agzalan garyplyk dünýäsine bolan gatnaşygy. Onuň garyplyk – alaçsyzlyk jähtden gatnaşygy – ejiz bolasy gelenok, garyplyk – biçärelik jähtden gatnaşygy – munuň bir çäresini tapasy gelýär, garyplyk – dilegçilik jähtden gatnaşygy – ol, hatda, öz dosty Razumuhindenem kömek sorap bilmeýär, sebäbi şol kömegiň öz “garyplygyny” aradan aýrybiljekdigine bolan ynamy ýok, garyplyk – boýun egijilik jähtden gatnaşygy – ol özüni düýbünden boýun egmäge ukypsyz adam hasaplaýar. Şol döwürlerdäki Raskolnikowyň obrazy ummanyň düýbündäki ýer titremäniň obrazyna çalym edip dur.
Ýokardaky aýdylanlardan Raskolnikowyň garyplyga bolan gatnaşygyny Ýigrenç duýgusy bilen häsiýetlendirmelidigi baradaky pikir gelip çykýar. Diýmek, Raskolnikow garyplygyndan diňe bir närazy bolman, ol ony ýüregi bilen ýigrenýär. T.Gobbs ady agzalan eserinde ýigrenji, hyjuwy konsepsiýasynyň ruhy tarapyny günä we toba diýip atlandyryp, şo nukdaýnazar esasynda seljersek, onda ilki bilen günäniň näme bolýandygyny aýdyňlaşdyrmak gerek. “Günä – diňe bir kanuny bozýan hereketler ýa kanun tarapyndan aýtmasy gadagan edilen sözleri aýtmakdan, ýa-da kanunyň salgy berýän hereketlerini etmezlikden ybarat bolman, kanuny bozmak baradaky isleg – meýliň bolmagyndan hem döreýär” – diýip, T.Gobbs belleýär. (sah. 225) Elbetde, ol günäni etikanyň dilinde däl-de, islendik hukukça mahsus bolşy ýaly, hukugy öwreniş ylmynyň dilinde düşündirýär. Biziň üçinem iň gyzykly tarapy häzirlikçe Raskolnikowyň günäsiniň hukuk taýdan düşündirilişidir. T.Gobbs günäniň nämedigini beýan edýän wagtynda isleg bilen meýliň tebigatyny hem mälim edýär. Günä etmek baradaky Isleg bilen meýliň adamyň günä işleri göz öňüne getirip edýän arzuwyndan has agyrdygyny tekrarlaýar. Sebäbi adamyň göz öňüne getirmelerinde “eger şu hakyky bolan bolaýsa” diýen arzuw – lezzetiň esasynda hyjuwyň bardygyny, hyjuwyň bolsa adamyň tebigatyna örän mahsusdygyny belleýär (Şol ýerde)
Ýeri gelende aýtsak, T.Gobbsyň bu kesgitlemesi bilen köpler, aýratynam, ruhanylar ylalaşmady. Sebäbi isleg bilen meýli arzuw – hyjuwdan has agyr duýgy hökmünde alaýanyňda-da, onuň isleg – meýli oýaryjy merkezdigini hem ýatdan çykarmaly däldir. Adamyň meýli bilen islegi onuň arzuw – hyjuwyndan gelip çykýar ahyryn. Şol sebäpden, eger bir erbetligi düýp – teýkary bilen ýok etjek bolsaň, onda onuň düýp sebäbini aradan aýyrmaly bolýar. T.Gobbsyň arzuw-hyjuwy günä hasaplamaýandygynyň sebäbini onuň entek herekete geçmedik jenaýatyň jenaýat hökmünde kabul edilmeli däldigi baradaky garaýyşlaryna syrykdyrmak mümkin. Ol adamyň gowulyga tarap ymtylmak tebigatyna ynanýar. Ol adam entek arzuw edýärkä, ýagny bu arzuw entek herekete geçmänkä, onuň “düzelmek” mümkinçiligi bar diýip hasaplaýar. Ýöne gynansak-da, tejribe munuň beýle däldigini subut edip gelýär. Munuň beýle däldigini Raskolnikow hem subut etdi. Ol jenaýat etmeklige meýil bildirdi. T.Gobbs kanuny bozmaga itekleýän meýilleriň sebäbini 3 sany diýip anyklapdyr. Biz şolaryň birinjisini “Güýçlülere ähli zat” mümkin diýip atlandyrdyk, sebäbi mazmuny boýunça bu ýörelge şeýle kesgitlemä laýyk gelýär. Raskolnikowyň ýörelgesiniň häsiýetnamasy hem şu kesgitlemä görädir. T.Gobbs bu ýörelgä laýyklykda, eger kanuny bozýan adamlar güýçli bolsa, onda olaryň hiç bir zada boýun egmeýändiklerini, özleriniň hak we nähak baradaky garaýyşlary boýunça ýaşaýandyklaryny ýazýar. Ol kanunyň diňe ejiz adamlara degişli bolup, güýçlüleriň “öz kanunlarynyň” bardygyny kanuny bozmaga itekleýän meýilleriň üç sebäbiniň birinjisi hökmünde görkezipdir (sah.229) Raskolnikow öz-özünden: “Meniň hakym barmy ýa-da gadaganmy?” diýip soraýan wagtynda hut şu ýörelge boýunça hereket edýär. T.Gobbsyň bu ýörelgä beren kesgitlemesi gadymy rim hem-de grek akyldarlarynyň, hukukçylarynyň arasynda meşhur bolupdyr. Bu babatda grek akyldary Solona Anaharsisiň aýdan sözlemi gyzyklydyr. Ol: “Kanunlaram edil kerep ýaly, eger oňa güýçlüler we baýlar düşäýse, çolaşman geçip gider, ýöne ejizler we garyplar düşäýsä welin, çolaşyp saklanar” diýipdir
Raskolnikow hak we nähak hakyndaky garaýyşlaryny öz ahlak düşünjeleri esasynda kemala getiripdir. Şol garaýyşlar gowy ̸ erbet bölünişigi boýunça formirlenipdir (kemala gelipdir) Etikanyň dilinde ýa-da adaty durmuşymyzda ol “ynsap” ady bilen umumylaşdyrylýar. T.Gobbsda ynsap – tebigy hukuk (law in nature) – Şahsy tebigatyny saklamak üçin her bir adamyň öz islegine görä öz güýjüni ulanyp bilmek erkinligine, ýagny durmuşyny goramak we şoňa laýyklykda, gerek bolan zatlaryny etmegine aýdylýar” (sah.98) diýlip kesgitlenen. Diýmek, Raskolnikow öz ynsabyna görä hereket edýär. Ol süýthor garryny öldürmese, özüne rahatlygyň bolmajagyna düşünýär. Onda garyplyga bolan ýigrenç gatnaşygynyň esasynda Protest (garşylyk) emele gelýär. Özem bu garşylyk Raskolnikowyň ynsabyndan gelip çykýar. Baş gahrymanyň garşylyk ýadrosy – onuň öz ynsaby gurluşyna geçýär. Şular ýaly ýagdaýda nämedir bir zat baş gahrymany saklaýjak bolsa, onda şol “nämedir bir zat” diňe onuň “ynsabynyň” tebigatyna bolan soragydyr. Raskolnikow özüne:
- Ýok, men çydamok, çydamok! Goý, goý hatda, ähli hasabym dogry bolup çyksyn, goý, bularyň hemmesi, şu aýda, edil gün ýaly aýdyň, arifmetika ýaly adalatly bolsun. Eý hudaý! Meniň barybir gaýratym çatmaz ahyryn! Men çydaman, çydaman ahyryn! Näme üçin olar henizem... – diýýär . (seret: “Prestupleniýe i nakazanie str58)
Ýokardaky içgepletmeden Raskolnikowyň öz ynsabynyň tebigaty hakynda oýlanýandygy görünýär. Biz bular ýaly ýagdaýa jenaýat edilmezden öňem, soňam örän köp duş gelýäris. Raskolnikowy esasy gyzyklandyrýan sorag onuň ynsabynyň adalatly netijä gelip gelmänligidir. “Men diňe tagtabiti öldürdim, Sonýa, peýdasyz, ýigrenji, nejis tagtabiti” (sah.398) – diýip, ol öz ynsabynyň kararyny aýan edýär. T. Gobbs diňe ynsaby boýunça hereket edýän adamlaryň ahwalyny “Hemmelere garşy hemmeleriň urşy” (война всех против всех) diýen kesgitleme bilen düşündirýär. Hakykatdanam, Raskolnikowyň ynsaby bilen geçirýän gürrüňdeşliklerinden onuň garyplyga bolan gatnaşygy diýýänimizde yzygiderli şöhlelenipdir. Garyplyk – ýigrenç – garşylyk düzümi boýunça dowam etdirsek, T.Gobbs ynsabyň adalatly ýa däldigi baradaky pikirlerini “Hemmelere garşy hemmeleriň urşy” ýagdaýynda gezýän adam üçin hiç bir zat adalatsyz bolup bilmez... Adalatlylyk ýa-da adalatsyzlyk düşünjeleri ýalňyzlykda däl-de, jemgyýet bilen bile ýaşaýan adamlara mahsusdyr” (sah.97) – diýýär. Şeýle-de, ol tebigy hukukly adamyň (ynsaply adam göz öňünde tutulýar) hemme zada hakynyň bardygyny nygtaýar (şol ýerde) Ýokardaky kesgitleme boýunça seljersek, onda Raskolnikow
a) Jemgyýetden üzňe ýaşaýar, ol – ýalňyz
b) Onuň tebigy hukugy – ynsaby bar
c) Ol islän zadyny etmäge haky bar diýip düşünýär
Raskolnikowyň hal-ahwal meýdany ýalňyzlygyň we ynsabyň çägine düşýär. Şol çäkde ol, hakykatdanam, öz ýaşap ýören jemgyýetini, ene-atasyny, dogan-garyndaşlaryny ýitirýär. Şol çäkde ol, hakykatdanam, öz ynsabyna görä, ykbal çözüji adama öwrülýär. Şol çäkde ol, hakykatdanam, ynsabynyň adalatlydygyna şübhelenenok. Ýöne T. Gobbs ynsap boýunça (ýagny tebigy hukuk boýunça) ýaşamagy diňe raýat hukuklarynyň ýok ýerinde mümkin hasaplaýar. “Sebäbi kanun – döwletiň ynsaby” – diýip düşündirýär (sah.252)
Raskolnikowyň ýaşap ýören jemgyýetinde bolsa, raýat hukuklary kesgitlenen, kanunlar düzülen. Diňe aň taýdan başga bir çäge (“hemmelere garşy hemmeleriň uruş ýagdaýyna”) düşen adam öz ýaşap ýören jemgyýetini içinden ýitirip, özüçe hakynyň bardygy ýa ýokdugy baradaky pikir esasynda hereket edip biler. Ýöne ir-de ýa giç-de ol hakyky wagta dolanyp, ýaşap ýören jemgyýetiniň içine düşmeli bolýar. Munuň birinji sebäbi – ähli hasaplaryň ýalňyş bolup, özüňden eden tamaň çykmazlygydyr, hiç zady özüňçe çözübilmeýändigiňe akyl ýetirmekdir.
T.Gobbsyň günäniň näme bolýandygyny anyklaýan wagtynda onuň, esasan, maddy tarapyna üns berendigini, ýagny entek herekete geçmedik jenaýatçylykly arzuwyň günä däldigi baradaky pikirini ýaňzydypdyk. Onuň jenaýat baradaky pikiri hem şol kesgitlemäniň dowamy bolup gidýär. Ol: “Kanunyň emr edýän zatlaryny etmän, söz bilen ýa-da hereket bilen kanunyň gadagan eden zatlaryny amal etmek jenaýatdyr” – diýip kesgitleýär (sah.226) Şuňa laýyklykda, Raskolnikowyň etmişiniň iki parallel (ugurdaş) häsiýetnamasy ýüze çykýar:
1) Jenaýat we jeza
2) Günä we toba
Birinjä laýyklykda, Raskolnikow jenaýaty amala aşyrdy. Ýöne şol jenaýatyň häsiýeti onuň amala aşyran jenaýatyny bilip etmändigini görkezýär. Hawa, formal (resmi) taýdan Raskolnikow bilkastlaýyn adam öldüriji, ol jenaýaty öňünden ölçerip, şol boýunça hereket edýär. T. Gobbs bilkastlaýyn edilen jenaýatyň adaty jenaýatdan agyr bolýandygy barada : “Bilkastlaýyn edilen jenaýat ýalňyş pikirlere ynanyp edilen jenaýatdan has agyrdyr” diýip belleýär. Şuňa görä Raskolnikowyň eden jenaýaty formal taýdan agyr jenaýata degişli bolmaly. Ýöne şu ýerde Raskolnikowyň etmişiniň parallel (ugurdaş) häsiýetnamasynyň ikinjisi günä we toba konsepsiýasy örboýuna galýar. Sebäbi Raskolnikow eden günäsiniň ýalňyş pikirlerden ybarat bolandygyna düşünýär. Ine, şonuň üçinem ol toba gelýär.
F.M.Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romanynyň bu wakalary “Täze wesýet” kitabyndaky näsag Lazaryň direlişi bilen bagly prototip sýužetiň giňişleýin edebi beýanydyr. Näsag Lazar bolsa Raskolnikowyň obrazynyň prototipidir. Şol rowaýata laýyklykda, Lazar keselläp aradan çykýar. Dini tekstlerde köp gabat gelýän kesellemek we aradan çykmak sýužeti Adam ata we ýer ýüzündäki ilkinji günä bilen bagly rowaýatlara degişli. Rowaýatlara görä, Adam atanyň ilkinji günä eden adam bolandygy sebäpli, onuň başyna ölümiň gelendigi, adamyň günä edip, ölmi gazanandygy aýdylýar. Eger Adam ata hudaýyň diýeninden çykmadyk bolsa, onda jennetden kowulmazdy. Jennetden kowulmasa-da, başy ölümli bolmazdy diýlip hasaplanylýar. Sebäbi dini tekstlere görä, jennet – bu ebedilik ýaşaýyş bolup, onda hiç bir ynsanyň başy ölümli däldir. Şol sebäpden adamyň günä etmegini obrazly ýagdaýda onuň ölmi bilen aňladypdyrlar. Adamyň günäden saplanyp, toba gelmegini, ýagny günäden azat bolmagyny – täzeden dogulmak diýip hasaplapdyrlar. Elbetde, bu zatlaryň ählisi dini tekstlerde hudaýyň emri bilen amala aşýar. Magtymgulynyň dilinde aýdanymyzda, “Hak nazar salsa, eýesi gözlese” adamyň “täzeden dogluşy” başlaýar we bu ýaşaýyş ebedi ýaşaýyş bolup, ol Allanyň razylygyny gazanan bendeleriň nesibesidir. Raskolnikow hem edil Lazar ýaly keselläp, aradan çykyp, täzeden dogulýar. Ýöne bu zatlar onuň aňynda bolup geçýär. Dini tekstiň bu wakalary Raskolnikowyň durmuşynyň obrazly beýanydyr. Bu barada T.Gobbs: “Günäler toba edilende ýa-da ak pata bilen, ýa-da öwezi dolnanda, haýsysy hudaýyň isleýşine laýyk gelse, bagyşlanyp bilner” – diýýär. “Jenaýat we jeza” romaynda biz şularyň hemmesi sebäpli, Raskolnikowyň ýalkanşyny görýäris.
Sözümiziň soňunda materealist nukdaýnazardan ýazylan “Lewiýafan” bilen idealist nukdaýnazardan ýazylan “Jenaýat we jeza” romanynyň bu derňewiniň iki akymdaky biri-biri bilen galtaşýan çatryklary görmäge ýardam eder diýen niýetimiziň bardygyny ýatlatmak isleýäris.

Bägül ATAÝEWA.
13
79
awesome
05.08.2022 11:43
Kiçijik goşgulam, sada sözlerim /Toýly Öwezow

Dünýäde baýlygym, barça barym-a,
Kiçijik goşgulam, sada sözlerim.
Kakyň adamlaryň köňül taryna,
Kiçijik goşgulam, sada sözlerim.

Bir yz galdyrmaly bu pana gelen,
Men sizi ýugurdym yhlasym bilen.
Çyna hemra boluň, eýmensin ỳalan,
Kiçijik goşgulam, sada sözlerim.

Çeşmeleriň tämiz suwundan içip,
Oglanlygma sary aýlanyň, uçup.
Şol tekepbir gyzyň hallary niçik,
Kiçijik goşgulam, sada sözlerim?

Gapyllykdan ömür isläp oýanyň,
Uklap ýatan ýary yslap oýaryň.
Allanyň ýanynda ynsap oýaryň,
Kiçijik goşgulam, sada sözlerim.

Salamlar içinde golaýy boluň,
Sowallar içinde jogaby boluň.
Arzuw – niýetlermiň dowamy boluň,
Kiçijik goşgulam, sada sözlerim.


Aşyr HANOW / Goşgyny satmañ

Tämiz duýgy bilen ýugrulan şygyr,
Duşan tebibi deý melhem adama.
Gülkünç bolar, ýazylmasyn goşgular
Taýyn sazyň, taýyn heňiň badyna

Bolmaz gursagyňda uklan duýgyny
Eliň bilen oýandyryp, güýjedip.
Setirleri paýlap ýörmäň manat deý,
Saklaň ony toşap kibi süýjedip.

Goşgy kalpda çoýun kimin taplansyn,
Saklansyn ol bir mukaddes syr kimin.
Okyjylar gözläp tapsyn goşgyny,
Ummanlaryň düýbündäki dür kimin.

Arzysy bolmaly her bir setiriň,
Şahyr haryt däldir, nyrhy bolmaýar.
Eger toý süýji deý seçeläp ýörsek,
Şygryň warsakydan parhy bolmaýar.

Şygyr tämiz bolsun, päk bolsun,
Ony mukaddes zatlaryň deňinde saklaň!
Çigit satyň,
Mata satyň,
Gül satyň,
Ýöne, haýyş edýän, goşgyny satmaň!
11
26