awesome
06.08.2022 18:53
Kähalat ýalňyzlygym sebäpli uzakly gün ýazýaryn. Köpçülikden gyra çekileniňde kämillige bolan ymtylyş döreýär. Adamyň ruhy ýalňyzlykda öz-özi bilen gürleşýär, köplenç hem ruhuň güýji herekete öwrülýär. Şonuň üçin eger adam bagtly bolmak isleýän bolsa, özi üçin köpräk wagt bölüp aýyrmaly. Emma ýalňyzlyk peýda getirjekmi ýa-da zyýan – bu adamyň temperamentine, sowadyna
we hususy häsiýetlerine bagly. Eger ýokary häsiýetli adamyň sap ýüregi ýalnñyzlykda hasam arassalanýan bolsa, ownuk kişiniň gödek ýüregi öňküsindenem gödekleşýär. Şol sebäpden ýalňyzlyk ruhy güýçli ynsan
terbiýelese, ejiz ruhlylar üçin ol jebirdir. Ýazyjy welin, ýazmaýan wagty dünýeden gaçmaly däldir. Men
ideýalar däl-de, ilki bilen diri adamlar bilen gyzyklanýaryn. Kino, telewideniýe we teatr ýüregimi gysdyrýar. Adatça aşa dilewar adamlar ýaramaz ýazyjylar bolsa-da, men söhbetdeşligi, kimdir birini diňlemegi halaýaryn.

Ernest Hemingueý
16
109
Raffaello
8 Awgust 2022
moana,şoşany dinlemäni beter gawgörýän fhigfjhfyu🤪
Raffaello
7 Awgust 2022
Menem diňlemäni gowy görýän 😌
perizadym
6 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
alisherxon
6 Awgust 2022
👏👏👍 Hemingwaýiň goja we deňiz kyssasy hoş gal ýarag romany gyzyklyda...
guli_
6 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.