awesome
09.08.2022 20:43
Güllüje sandygma arkamy diräp, Öz goşgymy özüm okap agladym.

Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyñ 5-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyñ üçünjisi bolup dünýä indi. 2003-nji ýylda ýaşaýan etrabynyñ 1-nji orta mekdebine okuwa baran Ogulnur şol mekdebi 2013-nji ýylda tamamlaýar. Ogulnuryñ goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda "Garagum" žurnalynyñ 10-njy sanynda çykdy. Göräýmäge ýönekeýje ýaly bolup görünýän her goşgusynda üýtgeşik bir setirine we özboluşlyja pikirine duş gelmek bolýan Ogulnur Ataýewanyñ döredijiligi onuñ gelejegine bil baglap boljak zehindigine güwä geçýär.


EJEM ÜÇIN ÝENE BIR HAT

Käsedäki çaýyň sowap gidipdir,
Sen çeýneýäň gara çaýyň şemmesin.
Hoşlaşdym-da turup gaýtdym ýanyňdan,
Men ýene-de aýdyp bilmän hemmesin.

Hem şol gije ýene ýatyp bilmedim,
Bir ahwalat ýüregimi çawrady.
Güllüje sandygma arkamy diräp,
Öz goşgymy özüm okap agladym.

***

Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men hiç kime garaşsyz
Garaşdym.

Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara,
Derdim çekişeňok, asyl özüň dert,
Sen hossar däl, saňa syrym açara.
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.

***

Sen diňe synla...
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänimi, göwnümiňem synyşyn,
Ody öçürilmän galan çäýnek deý
Gaýnap-gaýnap, bar hasratyň dymyşyn...

Sen diňe synla...
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy...

Sen diňe synla...
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy...

Sen diňe synla...
Saňa ýat adamy, perişan haly...
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi...


AGLAMA DIÝME

Aglasam agym ýetmejek,
Derdim bar, aglama diýme!
Em edäý, ömür bitmejek,
Ýaram bar, aglama diýme!

Ýüregimiň yşyk tary,
Haýal-ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly,
Merdiň ýok, aglama diýme!

Kalby päk, göwni çagajyk,
Aglamak maňa nämejik,
Şu gün ses edip aglajak,
Şertim täk, aglama diýme!


Ogulnur ATAÝEWA
17
108
Myhman Myhman
14 Awgust 2022
Salam hemmäñize🙋‍♂️
ylham_gurbanaly
10 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, gowy ýazylan şolam)
gulshatayewa97
10 Awgust 2022
Garaşdym goşgusyny gowy görýän 💜
alisherxon
10 Awgust 2022
Gowy dost
Myhman Myhman
9 Awgust 2022
Salam gowmysynyz hemmaniz
alisherxon
9 Awgust 2022
😄😄 👍👍 mlds
alisherxon
9 Awgust 2022
Ataýewa siziňem familiýaňyz şeýle dälmi garyndaşyňyzmy ýa? Goşgulara söz ýok 👍👍
kyyas2017
9 Awgust 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Gülhan
9 Awgust 2022
moana, Mm bolya
Gülhan
9 Awgust 2022
Kitapçydan "Güýz ýetip gelýär" goşgular toplumy ýokmyka sende. Awtor ýadyma düşmän dur
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.