awesome
11.08.2022 10:32
AÝAT

"Biz aýatyñ dälmi Seniñ, Ýa Alla!.."
Möwlana Idris.

Nämähreme bakan gözlem.
Bihuda söz sözlän dillem.
Harama uzalan ellem.
Aýaklam...
Bularyñ barysy jemlenip erte
Bilip-bilmän eden günälerime
Kylmankalar kyýamatda güwälik
"Rabbina atina fid-dünýä hasaneten
we fil-ahyreti hasaneten we kyna azaben-nar..."
diýip diksem Arşa sary ýüzümi
Gözüm ýumsam dünýe doly kemçine
Hem werziş etdirsem kemter dilimi
Tesbih sanalanda "Subhanallaha".
Magtymgulyñ wesýetine eýerip
Dözsem, dözmesemem günde-günaşa
Köze basyp goýsam iki elimi.
Ýüz öwrüp şeýtanyñ erkinliginden
Birmahallar bet işlere hallanlap
Ökjesi ýukalşan aýaklarymyñ
Ugruny üýtgetsem metjide tarap.
Saba Gögüñ ýüzi serpileninde
Parhy ýok türkmenmi, uýgurmy, arap
Gullañ dogasyna garaşylýan çag
Başym egik dyza çöksem,
Ýalbarsam.
Hem-de aýalymyñ ukudasyrap
Ýorganynda synlaýanyn añşyrman
Öýümiñ töründe eglemde seždä
Hakdan gorkunjyma sessiz aglasam...
Meni bu günlere salan şeýtanyñ
Ýedi ismine ýetmiş gezek gargasam.
Harwar-harwar günälermi bagyşlap
Şu gezegem kabul edermi tobam...
Şeksiz!
Çünki men,
Diñe men däl - her men ýaly gul
Ýer ýüzüne ybrat üçin inderlen
Iñ ajap,
Iñ uly aýaty Allañ!

Has TÜRKMEN.
13
113
ideallider
12 Awgust 2022
moana, ýykdyňaý ýakamy goýber, ýogsada häzir "Gyzyň urşugy Hudaýyň berdigi" diýip begenýänlaý😋👍
ideallider
12 Awgust 2022
moana, !!!???
Relax
12 Awgust 2022
moana,onda múmkincilik dörediver)
Relax
12 Awgust 2022
moana,pes tarapyñy öziñede görkezmee...
ideallider
12 Awgust 2022
moana, hä, hm, mmm, ok👍
Relax
12 Awgust 2022
moana,onda tel almakan içgysnç zat edipsiñ)
Relax
12 Awgust 2022
moana,onda sen diñe telfona gümenýän bolmaly
alisherxon
11 Awgust 2022
Meselem...
alisherxon
11 Awgust 2022
👍👍👍👍👍

Moana, bir günde nädip 2 3 post goýsa bolýa?..
Papatya
11 Awgust 2022
BaýramBejidow, 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.