awadan
Düýn, 17:40
Bagt ýyldyzy (hekaýa) 3-nji bölüm
Bezirgen Ejeşiň begenjini görüp, öz ýanyndan bu gyza guwandy. «Şeýle gyzlar begenmäge juda mynasyp» diýip, içini gepletdi. Bezirgeni Ejeşiň erjelligindenem beter edepliligi, ugurtapyjylygy, aýratynam, belent adamkärçiligi haýran galdyrýardy. Mümkinçilik bolsa ol Ejeşiň ýanyna barmaga, onuň bilen bir bahana tapyp gürleşmäge ymtylýardy. Bu bolsa, onuň Ejeşe bolan hormatynyň söýgä öwrülip barýandygyndan bir nyşandy. Muny Bezirgeniň özem aňýardy. Emma Bezirgeniňem ýüreginde bir gussa goş basyp ýatyrdy. Bezirgen ejesiniň garyndaş ugurdan alyp berjek bolýan gyzyna öýlenmändi. Ondan soň bir ýyla ýetmänem ejesiniň aradan çykmagy Bezirgene örän agyr degipdi. «Ýeri, ejem janyň diýenini etmän, ony gaty öýkeledäýdimmikäm?» Ejesine ýok diýeni üçin otursa-tursa ökünerdi. Kakasy-da soňky wagtlarda birazajyk ýarawsyzlyk tapyndy. Kakasynyň: «Biziň öýümizi gowy tertibe getirer ýaly bir zenan maşgala-ha gerek, oglum. Durmuş nähili çylşyrymly bolýar ekeni» diýen sözlerini ýatlanam şoldy weli: «Bezirgen Çalaýewiç, sizi başlyk gyssagly ýanyna çagyrýar!» diýen sesi eşidip özüne geldi.

Hoş habardan soň Ejeş öňküsindenem yhlasly işlemäge çalyşdy. Onuň bar küýi-köçesi okuwa girip, ýüregindäki beslän arzuwyna ýetmekdi. Bagtly pursatlar duýdansyz gelýän ekeni. Ine, bir günem Ejeşi fabrigiň müdiri çagyryp: «Hoşwagtowa, gyzym, tüweleme, familiýaňam özüň ýaly üýtgeşik. Seni ýaş göreldeli işgär, ak ýürekdenem özüňiň işeňňirligiňi görkezdiň. Inženerimizem sen hakynda gowy häsiýetnama berdi. Indi bizem seniň yhlaslylygyňy, erjelligiňi göz öňünde tutup, eger göwneseň, üç dalaşgäriň içinden seni saýlap, daşary ýurda öz işleýän ugruň boýunça okuwa ugratmakçy bolýarys — diýdi.
Ejeş bir zatlar diýmekçi boldy weli, durmuş hem iş tejribesi ýetik müdir ýene gürrüňini dowam etdi:

— Gyzym, gaýgy etme, ejeň-kakaňam göwnär. Ynha, bizem seni goldarys — diýip, Ejeşe: «Indi aýdyber» diýip soragly bakdy. Ejeşiň tolgunyp duranyny görüp, müdir ýene-de sözüni dowam etdi:

— Gyzym, sen ýaýdanma! Inženerimiz seniň ýanyň bilen gidip, okuwyňa ugrukdyryp gaýdar.

Ejeşiň ýüzüniň gül ýaly açylanyny gören müdir:

— Saňa ynamymyz uludyr — diýdi.

Ejeş garaşylmadyk bu şatlykly habardan ýaňa özüni howada gaýyp ýören ýaly duýdy.

Ejeşi az salymdan ýygnaga çagyryp, müdir Bagtyýar Zamanow onuň okuwa ugradylýandygyny mälim etdi. Kärhananyň ähli işgärleri Ejeşi uly şowhun bilen el çarpyp gutladylar.

Bir hepdäniň içinde Ejeş obalaryna gidip geldi hemem okuwyna taýynlyk gördi. Sanlyja wagtyň içinde bolup geçen şatlykly pursatlardan wagtyň nädip geçeninem bilmedi.

Bezirgen Ejeşi okuwa eltip, tiz wagtdan işe dolanyp geldi. Onuň göwnüne bolmasa, hamala, fabrigiň içi boşap galana döndi. Onuň üçin hemme zat gyzyksyz ýaly bolup göründi. Sebäbi her gün saý-sebäp bilen Ejeşi görmäge bahana tapardy. Ony gören her pursadyny özüne bagt hasaplan Bezirgen bir gün oýa batdy: «Be, meniň bu bolup ýörşümi diýsene. Öz iş ýerimdäki işläp ýören bir gyza aşyk bolup ýörün. Söýginiň nirede dörejegini kim öňünden bilýär?! Görüp otursam, meniň kalbymda durmuşa bolan ymtylyşy, höwesi döreden gyz Ejeş ýaly. Men ol gyzy gören badyma sulhum aldy. Beýik Biribar bu gyzy meniň üçin ýörite bize işe ýollaýdymyka?! Ýa-da, Ejeş başga bir ýigidiň bagtymyka? Men hernäçe jan etsemem, her gün Ejeşi görmän gezip bilemok ahyry. Nätmeli? Birden meniň bu bolup ýörşümi Ejeş biläýse nähili bolar? Ol meni ýigrenmezmi?».

Günler yzly-yzyna tirkeş gurap geçip gitdi. Ejeş okuwyny tamamlap gelenden soň işe gaýdyp gelmegi Bezirgeni diýseň begendirdi. Hakyky çyn hossary uzak ýyllardan soň öýlerine gaýdyp gelene döndi. Ejeş indi oba gidip gelmekçidigini duýdurdy. Bezirgenem işden soň uzak ýola gitmekçidi.

— Ejeş, siziň obaňyzyň ady nämedi?
Dowamy bar ☘️
2
13
awadan
31.05.2025 18:11
Bagt ýyldyzy (hekaýa)2-nji
Bir gezegem paýtagtly žurnalist myhman ýene-de döredijilik sapary bilen gelip Emir dostunyňkyda düşläpdi. Ertesi irden myhman arassa howadan dem almak üçin daş çykanda, Ejeşiň öňlük dakynyp, sygyr sagyp duranyny gören myhman onuň erjelligine haýran galypdy. «Tüweleme, bu gyzyň ot ýaly dogumlyjadygyny! Hernä, dostumyň göz guwanjy bolan ýekeje gyzy, bagty bolsun-da» diýip, onuň ýanyndan syr bermän geçip gidipdi. Ýagmyr aganyň maşgala agzalary neneň onsoň Ejeş gyza sabyrsyzlyk bilen garaşmasynlar?!

Ýagmyr aga şol günden birki gün geçensoň, Ejeşi okuwa synanyşýança şäherdäki ýüpek fabrigine wagtlaýynça işe ýerleşdiripdi. Ol ýerde ýakyndan gatnaşýan garyndaşynyň ogly Bezirgeniň inžener bolup işleýändiginden Ýagmyr aganyň habary ýokdy. Ol bir gezek Ejeşiň öz işine nähili öwrenişýändigini bilmek üçin fabrige gelende, Bezirgene gabat geldi. Bezirgen Ýagmyr aga gözi düşen badyna onuň ýanyna barmaga howlukdy:

— Salawmaleýkim, Ýagmyr aga! Siz nire, bu ýerler nire?!

— Tüweleme, Bezirgen jan, bu senmidiň, aleýkum essalam! Senem bärde işleýärmidiň?

— Hawa, Ýagmyr aga! Şu ýerde inžener bolup işleýän.

— Tüweleme! Meniň asyl gözläp ýören ýitigim bärde eken-ä!

— Hyzmatyňyza taýýardyryn, Ýagmyr aga.

— Aý, bir uly hyzmatym-a ýok weli, şu ýerde siziň ýaly ýakyn gatnaşýan dostumyň gyzy işleýär weli, şonuň işleýşini, ýagdaýyny biläýeýin diýip gelşim.

— Örän gowy, onuň ady kimkä, Ýagmyr aga?

— Ejegyz Hoşwagtowa bolmaly. Biz-ä Ejeş diýýäs.

— Hä, Ejeş diýsene, Ýagmyr aga?! Işe gelenine az wagt bolsa-da, ol yhlasly, erjel gyz. Asyl ol gyz siziň dostuňyzyň gyzy diýsene?!

Bu sözi eşidip Ýagmyr aga çyn ýürekden begendi. Ejeşiň bu fabrige işe girip, eýýäm az wagtyň içinde işinde abraý gazanandygyny eşidip, Ýagmyr aga monça boldy. Ejeş bilen hal-ahwal soraşan Ýagmyr aga ýanynda duran Bezirgeniňem dostunyň gyzyna gowy baha berendigine öz ýanyndan hoşal boldy.
Ejeş bu ýüpek fabrigine gelen gününden özüniň erjelligi, dogumlylygy, adamkärçiligi, sypaýylygy bilen işdeşlerine özüni tanadypdy. Kärdeşleri işjanly bu gyzyň gujurlylygyny gowy görüpdiler. Aýratynam, inžener Bezirgen Çalaýewiň bu gyza syny oturypdy. Bir gezegem şeýle boldy:

— Ejegyz, arma! Näme beýle oýa batyp otyrsyň?

Ejegyz garaşylmadyk ýerden çykan tanyş sese tisginip gitdi. Görse, inžener ýanynda dur.

— Bezirgen Çalaýewiç, sizmidiňiz? Ejem dagy meni gaýgy edýärlermikä diýip, käwagt ünjä bataýýan-da.

— Tüweleme, ejeň, kakaň özüniň ot ýaly dogumly gyzyny nirä ugratsa-da, gaýgy edýän däldirler. Saňa-da gaýgy etmek asla gelşenok.

— Men özümiň dogumlydygyma hiç wagt ynanyp bilemok — diýip, gyz ýene-de utanjaňlyk bilen aşak bakdy.

— Ýok, hemme gyzlar seniň ýaly dogumly bolaýsa, ýigitlere edere iş galmazdy.

Bu degişmä Ejeş myssa ýylgyrdy.

— Ýöne häzirki badyňy gowşadaýma. Nesip bolsa, size hoş habarymyzam bar. Eger ýene-de şeýdip ejeňi-kakaňy gaýgy edip oturanyňy görsem, ol hoş habary hiç wagt aýtmaryn.

— Bolýar, bolýar, söz berýärin. Ol nähili hoş habarka?!

— Şu şähere näme niýet bilen geldim diýipdiň?

— Okamaga.

— Ana, üstünden bardyň. Ýöne, entek habary doly aýtmaýyn, öňünden gaty begendirmäýin. Sebäbi kärhanamyz boýunça üç sany dalaşgär okuwa hödürlendi. Belki, nesibäň çekse, üç dalaşgäriň arasynda ýeňiji bolup okuwa gitmegiň mümkin.
Bu sözleri düýşünde ýaňlanýan ýaly eşiden Ejeş begenjinden tas guş bolup uçupdy.

— Ynamyňyz üçin, sag boluň!

Dowamy bar ☘️
3
26
awadan
29.05.2025 14:43
Bagt ýyldyzy (hekaýa) 1-nji bölüm
Orta mekdebi tamamlan oba gyzy agşamara şäheriň demir ýol menziline gelip, otludan düşdi-de, ýolugra geçip barýan ulaglara elini galdyryp başlady. Köp garaşdyrman depesinde «taksi» ýazgyly ulaglaryň biri deňinde saklandy. Obadan gelen gyz barmaly ýerini salgy berip, ulagyň yzky oturgyjyna ýerleşdi. Birdenem, sürüjiniň ýüz keşbine gözi düşen gyz allaniçiksi boldy. «Hakyt kinoda döwüň keşbini janlandyran artistiň özi-dä. Men ol adamdan kiçijekkäm nähili gorkupdym. Hiý-waý, nätsemkäm? Köpi gören sürüji gyzyň nämedir bir zada biynjalyk bolýandygyny derrew aňypdy. Ol muny bilmezlige salyp, gyza sowal berdi. Gyzam syr bildirmejek bolup sürüjiniň sowallaryna kynlyk bilen jogap bermäge synanyşdy.

— Şähere gezmäge geldiňizmi?

— Ýok, okuwa synanyşmaga geldim.

— Talyp bolasyňyz gelýär-dä?

— Hawa.

— Haýsy okuwa girmekçi bolýaňyz?

— Aý, häzirlikçe pikirimi jemläp bilemok. Mugallymçylyk bilen tikinçilik hünärini gowy görýän.

Gyzyň eda bilen gürrüň berşi sürüjä ýarady. Ol bu gyzy edil öz gyzy ýaly görüp, oňa kömek edesi gelýändigini duýdurmak maksady bilen, ulagyny sag gapdala öwrüp saklady-da:

— Gyzym, dogrusy, bu gijäniň içinde myhmançylyga barjak ýeriňi biynjalyk etme-de, meniň çagalarymyň ýanyna baryp maslahatlaşyp, geňeşip gör! Olar ýokary okuw mekdebinde okaýarlar. Belki, saňa laýyk boljak gowy maslahatlary bererler. Çagalarymyň saňa kömegi deger, menem haýyş ederin. Öýde özüň ýaly bir gyzym, bir oglum bar. Belki, tanşarsyňyz. Myhman ýeriňe ertir irden özüm elinjek eltip gaýdaryn — diýdi. Gyz näçe syr bermejek bolsa-da, sesi sandyrap çykdy:

— Daýy, siz gowy adam ekeniňiz. Daýzam öýde biynjalyk bolup maňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturandyr. Men daýzama öýden jaň edip, şu gün barjak diýdim. Meni, kyn görmeseňiz, aýdan salgyma eltäýiň-dä!

— Bor, gyzym, bor. Ýöne, näme üçindir, sizi bir zad-a biynjalyk edýär?!

— Aý, ýok-la, daýy, ýöne sizden, gaty görmeseňiz, bir zat soraýyn-da?—diýip, gyz çekinjeňlik bilen sürüjä ýüzlendi.

— Sora, sora, gyzym.

— Daýy, men entek kiçijik wagtym sizden şeýle bir gorkupdym. Siz kinoda döw bolup, gorkunç ses bilen güleniňizde gorkyma aglanym şu wagtky ýaly ýadymda.

Gyzyň ýüreginden syzdyryp aýdýan sözüne ol hezil edip güldi.

— Sen bir tarapdan mamla. Ýöne, şol kinoda gören döwüň keşbindäki artistiň hut özi däl-de, men onuň ogly. Kakam pahyr ýetmiş dört ýaşynda aradan çykdy. Menem kiçijik wagtym kakam käwagt degşen mahaly ýognas ses bilen gülerdi, özümem gorkardym. Soň öwrenişip gitdim. Maňa-da kem-kemden kakaňa meňzäp barýaň diýýärler. Öňem bir gezek şeýle ýagdaýa duşup gördüm. Gyzym, indi men saňa düşündim.
Gyz ýüregi şundan soň birazajyk ynjalyk tapdy.

— Ine, gyzym, diýen salgyňa-da geldik. Dogrudanam, şol daşarda duran eneli-gyz saňa garaşýan ýaly. Ýoluň ak bolsun, arzuwyňa ýet! — diýdi-de, sürüji gyzyň uzadan ýol hakyny-da alman, öz ýoluna rowana boldy.

* * *

Ejeşiň kakasy Emir Hoşwagtow etrap merkeziniň Medeniýet öýünde zähmet çekýärdi. Merkezden islendik ugurdan döredijilik işgäri iş sapary bilen bu ýere gelse, Emir Hoşwagtowy onuň ýanyna goşardylar. Bir gezegem «Miras» teleýaýlymyndan Ýagmyr Kemjäýew medeniýet işgärleriniň arasynda geçirilýän telebäsleşigi ýazgy etmek üçin bu etraba gelipdi. Şonda Ýagmyr Kemjäýew Emir Hoşwagtow bilen ýakyndan tanşypdylar. Şeýdibem, olaryň gatnaşygy dostluga öwrülipdi. Şondan bärem Ýagmyr Kemjäýew döredijilik sapary bilen bu etraba gelse, hökman Emir Hoşwagtowlara barardy. Soňabaka bu iki ynsanyň maşgalalary hem ýakyndan tanşyp, has ýakyndan gatnaşyp başlapdylar.

Dowamy bar ☘️
5
67
awadan
27.05.2025 21:34
Hakyky söýgi ( Bolan waka esaslandyrylyp ýazylan)sony

Ejesi bul jogaplara näme diýjegin bilmän gyzynyñ ýanyndan aljyrap çykyp gaýtýar. Bu bolan zatlary ejesi gyzyñ kakasyna gürrün berýär. Kakasy şeýle pikire gelýär gyzy bir obada tanyş dostunuñ ogluna bermegi karara gelýär. Şul bolan zadlañ ertesi güni kakasy hälki dostun öýe çörege ogly bilen bile çagyrýar ýöne bul bolup duran zatlañ hiç birinden gyzyñ habary bolmaýar. Kakasy dosty bilen gürrüñ edip otyka gyzyñ halyny aýtýar we sen ogluñ Oraz bilen durmuşdagy gursa özüne gelip bolanlary unutmazmyka diýýär. Dosty oglundan soraýar ýöne bul oglan hälki gyzyñ söýýän oglanynyñ dosty bolup çykýar. Oglan bu bolýan zatlara kän düşünişmän galýar. Kakasyna bu oglan olar ýaly zadyñ bolmajagyny aýtýar.
Aradan esli günler aýlar geçýär gyz sol galmaz bolup ýatyşy. Gyzyñ söýgülsiñ dosty gyzy soramaga gelýär.
Meret:
Gülzada seniñ halyñ niçik ne sebäp bilen özüñ harlaýarsyñ ölen bilen bile ölüp bolmaz ahyra.
Gülzada:
Meret eger bul ýürek ýarasy bolsa gözden ganly ýaşam gaýdar ekeni men ony çyn ýürekden, päk ýüreknden söýdüm ahyry diýýär.
Meret bulary düşünip Gülzada hemme bolonlary gürrüñ bermekden çekinýär we şeýdip gyz bilen hoşlaşyp gaýtýar. Meret hemme zady öýe gelip kakasyna aýtýar. Kakasy bolsada dostuna ýagny Gülzadañ Kakasyna baryp aýtýar we sen islän zadyñy gyzyn razy bolmaz dost diýip arkadyna ýuwaşlyk bilen kakakyp öýüne dolanyp gaýtýar.
Ýene aýlar geçýär, günler geçýär hälki gyz ýuwaşlyk bilen aýaga galýar we ejesinden soraýar.
Ejem şul geçen wagtlarda Meret meni köp soramaga geldi munuñ sebäbini sen bilýärsiñmi men galmaz bolamda nämeler boldy eje diýýär.
Ejesi:
Gyzym kakan sen şol oglan bilen durmuş gurmagyñ isledi ýöne ol oglan señ halyña düşünip hemme zatdan geçdi ol her günde seni soramaga gelenide şondan. Ýöne ol señ aýaga galmagyñy, täze durmuş üçin düşünjäñi bilmek we nähili duýgu bilen garşylajagyñy bilmek we şondanda islämak men bular ýaly zad diýýär.
Gyz uzakly gije ýatman bu bolanlary düşünýär.
Säher dañ atýar gyz anyk pikire gelýär we meretden habar alýar meret asly bul gyza şol bolon wakadan bäri duýgusun düşüdürüp bilmeýärdi sebäbi gyzyñ haly gaty agyrdy. Meret ilki bilen bul gyzyñ ýagdaýyny düşünüpdi. Gyzyñ haly agyrlaşdygyçada oña baglanyp aýrylmaz hala gelipdi. Indi Meret gyzyñ haly düzelendigini eşdip ona bolan duýgularyny aýtmakçydy. Ilki bilen bul zatlary gyza son bolsa ejesine gürrüñ bemekçidi. Iki günden gyza Meret hakda habar gelýär. Meret Gülzadany gürleşmäge we ýagdaýyn düşündürmäge çagyrandygy barada habar gelýär. Meret bar bolonlary Gülzada başdan başlap düşündürýär we oña bolan ähli duýgusyny aýtýar, emma bul zatlara Gülzada garşy çykýar sebäbi onuñ göwni ýekeje ynsany söýýärdi olam bu dünýaden ötüpdi. Aklyda, pikiride, ýüregide ondady ýöne alaç ýokdy ölen bilen bile ölüp bolmaýady Gülzada bulary bilse Merede razylyk bermedi.


Soňy
7
73
awadan
25.05.2025 20:38
Hakyky söýgi ( Bolan waka esaslandyrylyp ýazylan) 1-nji bölüm
Mundan iki aý öñ bir obada şeýle waka bolýar. Bir gyz bilen bir oglan birek birege göwün berip bir birlerin çyn ýürekden söýýär ekeni. Günleriñ birinde gyz söýýän oglanyndan habar almak isläpdir. Muny oglanyñ bir dostundan haýys edipdir oglanadan habar tutmagyny haýyş edipdir. Gyz oglandan habar gelmegine esli wagtlap garaşypdyr aradan bir hepde geçenden soñra ýañky oglanyñ dosty gelip gyza bir habar getirýär. Ýöne bul habar öran gynançlydy we muny gyza nädip aýtjagyny bilmändir. Gyz oglanyñ dostundan sorapdyr men söýen ýarymadan ne habar, ne halda, ne ýagda aýdaý oglan aradan geçen bir hepde men ýüregimde geçen bir asyr boldy a sen bolsa gelipde ýeke söz sözlämäni dursuñ! Ýañky oglan söze şýle başlaýar:
Seniñ söýeniñ aýdan sözlerin men dilim baranak dostumdan sana şeýle habar bar ýöne
Bagda açan gyzyl gülüm
Men terk eýläp gidip baryan bu jahandan,
Halymdan halarsyñ bir habar hatyr ,
Ýöne men bu jahany terk eýläp barýan,
Bu sözler eşdip gülüm aglarsyñ,
Agla gülüm ýöne şul sebäpden agla.
Söýenim men terk etdi diýip däl,
Söýenimden aýra düşdüm diýip agla.
Söýenim ýeke goýdy diýip däl,
Söýenimiñ güli soldy diýip agla.
Diýip sözlerin tamamlaýar we gyzyn şol bada gözünden ganly ýaş akýar. Oglanyñ dosty ganly ýaşlary görüp aljyrap näme etjegin bilmeýär. Gülzada sana näme boldy diýip soraýar. Gyzyn oglana jogap bermän öýe gelyär.
Öýe gelende gyzyñ halyny ejesi görýär we gyzyndan soraýar. Gyzym senin haly niçik gyzym gözlenden akýan ýaşlar näme gyzym bul hala salan zad näme diýip gyzyna ýüzlenýär. Gyzy ejesine esli wagtlap jogap bermän gezýär , emma şol gyzyn gözündäki ganly ýaşlar akmasyny bas etmeýär. Ejesi gyzy uly alada etýär. Gyzy ne iýýärdi , ne içýardi, nede wagtynda ukusyn alýardy onun gözüñ dyngysyz ganly ýaşlarynyñ sebäbini bilmekçi bolup gyzyna kop soraglar berýärdi. Ýöne gyzy bul sorglaryn hiçisine jogap bermeýardi. Dolanaý gijesi bul gyz galmaz hasalyga satýar. Gyz galmaz hassa bolup 3 ýatýar. Ejesi gyzyna gije gündiz gynanyp derdine çäre tapjak bolup uly aladalar etýär. Gyzyny dünýäniñ köp ýerine alyp gitýär, emma gyzyn derdine çäre tapylmaýar. Ejesi gyzyndan soñky gezek ýene soraýar gyzym sen ne üçin bu halda diýip.
Gyz:
Ejejana ejajan kalbymyñ ýeke söýeni bardy ony menden aldylar açylmadyk gülüm soldy gören gözlem gan aglaýar eje men derdimiñ dermany ýeke sol eje ony menden aldylar men bu dünýäde ýaşamaga sebäbimdi eje ol diýýär.

Dowam bar ☘️
11
160
awadan
25.05.2025 12:32
Duýgur göwnüň küýsegi 11-nji bölüm SOŇY
Özüm ondan gowy görülýändirin diýen pikir bar küýümi alypdy. Sesimi çykarman, Aýnur ahyrynda ýüregime melhem boljak şol sözi aýdar diýip, ondan gözümi aýyrman seredýärdim.

— Näme üçin toý etmediňiz?

Men nähilidir bir ýakymly söz eşitmelidim. Bu göwnümiň islegidi.

— Ol düýbünden başga adam ekeni. Men ony tanaman, bilmän gowy görüpdirin. Hat-da onuň bilen toý etmäge razylyk hem berdim.

Rüstem bolmak pikiri başymy alanyndanmy:

— Saňa näme diýdi? Göwnüňe degdimi? — diýdim, gaharyň ýüregime kürsäp urmasy şol pursat özüme-de geň görnüpdi, barha ekezlenip, sesimem endiredi.

— Nirede şol Aşyr? Meň bilen gürleşdirsene şony. Hany, Aşyr?

Aýnuruň garaýşyndaky geňirgenme şol pursat ýüregimdäki harasaty ýom-ýok edipdi.

— Indi giç, Aşyr ýok. Neressäniň ömri gysga ekeni.

— Näme boldy oňa. Bagyşla, Aýnur!

Men boýnumy aşak saldym.

— Ýüreginde dogabitdi bir kemçilik bar ekeni, ahyrynda bir günem…

— Lukmanlar… — Men oňa nämedir bir zatlar diýmekçidim. Aýnuruň bagtly bolmagyny isleýärdim.

— Ejem maňa Aşyry ýatlasam: «Ajaly ýetene alaç ýokdur» diýýär. Hassahanada ýatyrka, onuň ýanyna her gün barmalydym, ýagdaýyny soramalydym. Ejap etdim. Ol ýogsam her gün meni soraýan ekeni. Indi ökünýärin, soňuna çykyp bilemok.

Aýnuruň gözünde ýaş düwmelendi. Men ýerimden silkinip galdym.

— Aglamaň!

Meniň bu sözüm ony özüne getiren ýaly etdi.

— Şu zatlary ýatlamaýyn. Siz özüňiz hakynda köp zat gürrüň bereniňizden soň, menem aýdaýyn diýdim. Indem özüme gelip bilemok. Ýüregim ýalňyz. Ýanymda ejem bar, kakam, doganlarym daşymy gallap durlar. Gowy görýän adamyňy ýitirmek gaty erbet hasrat ekeni.

Ol ýene öňküsi ýaly ýylgyrmaga çalyşdy.

— Siz bagtly bolmaly gyz.

Meniň ony köşeşdiresim, gowy, mähirli sözleri aýdasym gelýärdi.

— Siz maňa durmuşa çykyň, men size ömür wepaly bolaryn. Sizi aýap saklaryn.

Böwet ýarylan ýaly bolup, dilimdäki ähli sözler aýdyldy…

Hawa, şeýdibem men Aýnura öýlendim…

Taňrymyň maňa şeýle bagty miýesser edendigine häzirem begenýärin. Bu ylahylykdyr.

Meniň halaýan gyzymyň Aýnurdygyny bilenlerinde bolsa, Aýgül gelnejem bilen Çary kakam sözaýdyjy gitmäge, tizräk garyndaşlyk açmaga howlukdylar. Mellegimizde soňky ekilen üzümler hem bu ýyl hasyl görkezip başlapdy. Çary kakamyň şolary görüp, egninden agyr ýük aýrylan ýaly, ýüki ýeňledi. Aýgül gelnejem ikisi toýuň şaýyny tutup başlady.

Men şol ýyl uniwersitetiň matematika bölümine okuwa girdim. Şol günlerden Aýnur bilen birleşen ykbalymyzyň taryhy başlandy. Ençeme ýyldan soň öýümiz ýene gelşigine geldi. Öýümiziň diwarlary gülküden hem şatlykdan ýylylyk tapýan ýaly, täzelendi. Onuň diňe tamymyzyň içini-daşyny abatlap, düşekleriniň täzeje bolandygy üçin däldi…
…Ertesi irden ýene öňkülerimiz ýaly «Sag-aman ördüňizmi?» gepleşigi ukudan oýardy.

Men süýji ukudan ýatan Aýnurumdan gözümi aýryp bilmän oturyn. Onuň diňe bir sesi däl, dem alşy hem meniň üçin bir zatlary aňladýar.

Şu günki ýaýlymda onuň sesinde nähilidir bir ünji bardygyny duýdum.

Şony welin alada edýärin.

Penjireden mellegimizdäki garaluw ýaly üzümler bulduraşyp görünýärdi…

Bägül ANNABAÝEWA

SOŇY...
9
56
awadan
24.05.2025 23:17
Duýgur göwnüň küýsegi 10-nji bölüm
Men özümiň dyngysyz gepläp duranymy, Aýgül gelnejemiň geňirgenip seretmesinden bildim. Inim Aýnur hakda gepleýänimi halamaýardy. Meniň bolsa, öz maksadym bardy. Şonda:

— Aýnur bilen okuwa girmek hakda maslahatlaşaýjakdym welin, şähere gidäýeýin?! — diýdim.

— Okuwa?

Çary kakam geň bir söz eşiden ýaly, maňa öwelip seretdi.

— Okuwa girjegiň-ä gowy. Kim boljak?! Merdan jan ýaly alymmy?! Ýa Merjen pahyryň ugruny saýladyňmy?!

Kakam bilen ejemiň ady tutulandan, ýüregim gyýlyp gitdi. Meniň okamagym öz mähribanlarymyň ruhuna hormatymdy, okap olara doga edýändigime ynanýardym.

— Takyk ugur öz-ä, görerin-dä.

Men heniz nähili okuw mekdepleriniň bardygynam doly bilemokdym.

— Şähere gidenimizde «Takyk ylymlar» diýip ýazylgy ýeriň ýanyndan geçýärdik.

Ertesi irden Çary kakamyň özi meni ýola saldy. Ulagy bilen duralga çenli getirdi, inimi hem ýanyma goşup goýberdi. Soňam esli salym yzymyzdan seredip durdy.

Biziň keýpimiz kökdi. Şähere gelenimizden soň, seýilgähiň ýanynda Aýnur bilen görüşmelidik. Kiçeňräjik tegelek aýmançadaky stola elini diräp oturan Aýnuruň şol sypaty ömrem göz öňümden gitmez. Ol bizi gördi-de, ýylgyrdy. Men bolsa, onuň nämedir bir zat diýip özümize habar gataryna garaşýardym. Ädimim hem şol pursat haýallady. Onuň:

— Tüweleme! Siz uly oglan bolupsyňyz — diýen sözüne Serdar ikimiz biri-birimize seredişdik. Onuň hem örän gowy gyzdygyny aýdasym gelýärdi. Dilimden daş asylan ýaly aýdyp bilmeýärdim.

Biz oturdyk. Inim ynjalyksyzdy, bir zat aýtmagyň ebeteýini tapmaýana meňzeýärdi.

— Seýilgähi göresiň gelýärmi?

Men muny inim üçin ýöne oturmagyň gyzyksyz boljagyny aňanym üçin aýdypdym. Soň Aýnur ikimiz galdyk.

— Şu ýyl mekdebi tamamlaýaňyz-da onda?

Meniň gepläsim gelenokdy. Onuň ýanymdadygyny duýup, köp wagtlap oturasym gelýärdi. Geplemesemem Aýnur ýanymdan gider öýdüp hem janym çykyp barýardy.

— Neme, men şu ýyl okuwa girmeli, mekdebiň soňky ýylynda şu wagt. Matematikany erbet göremok. Edebiýatdan bäsleşige gatnaşanymda ýer aldym, şonda hekaýa ýazdym. Siz hakda-da ýazdym.

Men başly-baratsyz bir zatlar diýdim. Edebiýatdan bäsleşikde ýazanym ýogsam ejem jan hakyndady.

— Be-e, «Aýnur» diýen tema barmydy?!

Aýnuruň gözleri ýylgyrdy. Men ýedi gat Asmana çykan ýaly bagtlydym. Ol ýylgyrar ýaly söz tapanym üçinem bagtlydym.

— Siz alypbaryjylygy gowy gördüňizmi?

Men ol hakynda köp zat bilesim gelýärdi.

— Ýok-la, menem edil seniň ýaly, tötänden şu ýere geldim.

Men şonda oňa ilkinji gezek dikanlap seretdim.

Gyz meni ünsli diňleýärdi.

— Size şeýle bir seredesim gelýär. Gözlerime siňip gitseňiz, menem öýe baranymdan soň, şol gözümde galan Aýnur bilen ýaşasam…

Indi men oňa seretmeýärdim, gözüm ýerdedi. Munuň soňunyň nähili gutarjagy akylyma syganokdy.

— Ikimiziň näçe ýaş tapawudymyzyň bardygyny ýatladaýynmy ýa-da özüňem bilýärmiň?!

Aýnuruň sesi galagopludy.
Hawa, şondan soň çynlakaý tanyşlygymyz başlandy. Aýnur özüniň mekdebi tamamlan badyna, alypbaryjy edilip işe çagyralanyny, soň hem dil ugrundan okandygyny gürrüň berdi.

— …Ol meni şeýle bir gowy görýärdi, bir minut görmese, ýüregi ýarylyp barýardy — diýip, gürrüň berip başlady welin:

— Onuň söýgüsi meniňkiden güýçlüdir öýdýärmiň? — diýip, şu sözüň nädip dilimden sypanyny özümem bilemok. Aýnur başyny atdy.

— Seň bilen Aşyryň tapawudy örän uly.


Dowamy bar ☘️
8
43
awadan
24.05.2025 13:25
Duýgur göwnüň küýsegi 9-nji bölüm
Mellegimizdäki üzümlerem garraýardy. Olaryň ornuna täze üzümleri ekip, üzüm töňňelerini hem mellegimiziň aýagujunda telär edip, şonuň üstünde basyp goýupdyk. Aýgül gelnejem:

— Öňümizde toý köpdür, enşalla, bular tamdyr-ojaga odunlyk üçin gerek bolar — diýýärdi.

Hawa, dogrusyny aýtsam, men heniz hiç zat bilemokdym. Aýnuruň geljegim, ýok, geljegimiz bolmagyny welin, şeýle isleýärdim.

…Aýnur bilen ikinji gezek duşuşanymyzda, men oňa ýüregimi açdym. Onuň eger-de göwnünde başga hiç kim ýok bolsa, öýümize hemişelik gelmegini isleýärdim. Soň ol:

— Sen ynha, okuwa girersiň. Köp adamlary görersiň, pikiriň hem üýtgär. Häzir welin, senden hiç zady gaty göremok — diýdi, maňa pikirlenmegi tabşyrdy.

Onuň ilkibada hem meniň bilen dözmezçilikden gepleşendigine gözüm ýetýärdi, ýöne muny boýun alasym gelenokdy. Aýnuruň üýtgeşik adamdygy meniň ömür ygrarly galjak aksiomamdy. Onuň ahyrynda durmuş kesgitlemesi boljakdygyna ynanýardym. Bir günden bir gün howlymyza perişde ýaly bolup, Aýnur gelin bolup düşer diýýärdim. Şonda hem ejem jan aýatda mahallaryndaky ýaly hezil durmuş başlanar…

Aýnur bilen şundan soň esli salym gepleşmedim. Men onuň aýdyşy ýaly pikirlenýärdim, onuň göwni üçin pikirlenýärdim. Aslynda welin, Aýnura bolan garaýşymy hiç bir zat üýtgedip bilmez diýen ynamym bardy.

Ahyry bir gün oňa ýene özüm jaň etdim. Ol habar soraşan badymyza:

— Sen maňa özüň hakda köp zady gürrüň berdiň, men hakda bilesiň gelenokmy?! — diýdi. Aýnuruň sesi maňa şol pursat ykbalyň çakylygy bolup çawuş çakandyr. Özümi unutdym, göwnüm, gör, nirelerdedikä?! Adamyň gyzyklanmasy onuň pikirinden has güýçlüdir. Akyl bilen pikiriň maňzyna baryp bolýar, gyzyklanmanyň, höwesiň welin «diline» düşünmek her bir kişä asyl eýgerdibem durmaz. Meniň höwesim, şonda Aýnuruň sesi bilen howalanan höwesim hakykatyň keşbinde durkuma siňip gidipdi.

— Gürrüň berseňizläň!

Şol günem biz alypbaryjy gyz bilen bir gün duşuşmagy şertleşip hoşlaşdyk. Bir bahana tapyp şähere gitmelidi. Her näme bolsa-da, Çary kakama Aýnury görmäge gitjekdigimi aýtmaga çekinýärdim. Şol aralykda hem ýüregim Aýnur bilen dem aldy, onuň bilen ýaşady. «Sag-aman ördüňizmi?!» gepleşigini öňkülerimiz ýaly, diňleýärdik. Aýnuruň gepleşigi maşgalamyz üçin täze günüň başlanandygyny buşlaýan göwün göteriji säher simfoniýasy bolup, ýaňlanýardy.
Aýnuruň gepleşigindäki aýdymlaram onuň özi saýlap alýarmyka?! — diýip, bir günem Çary kakamyň özi ondan söz açdy. Onuň gyzyklanmasy maňa geňdi, şonuň üçinem: «Bu tötänlik däl-de, özüni oňarmaz Taňry bendesine — maňa Ýaradanyň garadygydyr» diýip, özümçe pikir öwürdim.

— Hawa, gepleşigiň ses režissýoram onuň özi. Çary kaka, gepleşikde säher bilen sergin howanyň, ukudan oýanan tebigatyň sesini, adamlaryň hereketlerini jemläp bermek üçin, olary ses, saz, dürli äheň bilen aňlatmaly. Şolaryň ählisini edýänem režissýor. Iň bärkisi, pikir edip görüň, gepleşigiň adyna, onuň şol ada laýyk gelmegi üçin alypbaryjynyň edil säheriň içinden çykyp gelýän ýaly bolup mylakatly gepleýşine sered-ä.

Dowamy bar ☘️
8
48
awadan
22.05.2025 11:30
Duýgur göwnüň küýsegi 7-nji bölüm
Aýnur emaý bilen örülen saçyny gysymlady, öýümizde ejem janyň edil şolar ýaly suraty bardy.

Biz yzymyza gaýtdyk. Myhmanhananyň agzynda Çary kakam bilen Aýgül gelnejem bize garaşyp duran ekenler.

— Näme beýle eglendiňiz, nirelere aýlandyňyz?

— Şu töwereklere.

Başga zat aýdasym gelmedi. Inim hem uzyn däliziň çetindäki diwana çökdi.

— Oglanlar ýadandyr.

Çary kakam garbanmagyň aladasy bilen boldy. Orta öýden getiren gowurdakly jamymyz hem petir çörek alyndy.

Men tamşansamam, işdäm ýokdy. Bir tarapdan örän bagtlydym.

Şol gün Çary kakam dagy ir agşamdan irkildiler. Olara özümiň Aýnury görenimi, özümiňem niredendir bir ýerden oňa diktor bolmak arzuwymyň bardygyny aýdanymy gürrüň bermäge bognum ysmady.

— Diktorlyga birden saýlanyp alnaýsaň, ýaşlyk bölümine işe çagyrylsaň, näme etjek?

Inimiň howsalasy ýöne ýere däldi. Men sesimi çykarmadym. Dogrusy, onuň pikirinem edemokdym.

…Men edil adatdakylarym ýaly, «Sag-aman ördüňizmi?!» gepleşigi başlan uçurlary mellegimize çykýardym. Çary kakamyňam aladasy ýetikdi, biz ulalýançak, tamymyzy abatlajak, onuň goş-golamyny täzelejek, garaz, iş ýetikdi.

— Biz garrarys, sen Ajap uýaňyza-da, inileriňe-de özüň hossar bolmalysyň — diýip, olar meniň gulagyma guýýardylar. Ýogsa-da, alypbaryjy bolmaga synanyşygym hem ýöne tamamlanmandy. Bir gün mekdebimize ýörite çakylyk haty geldi. Meni ýaş alypbaryjylaryň döwlet gözden geçirilişine çagyrýardylar. Barybir, Çary kakam bilen Aýgül gelnejem meniň alypbaryjy bolmagymy näçe isleselerem, oňa gidesim gelmedi. Aýagymy depip duranym üçin, Çary kakam mekdebimiziň müdiri bilen özi gürleşip geldi.

Şeýdibem ýene öňkimiz ýaly, biz Çary kakama kömekleşdik. Her gün irden agşamky ýygan üzümlerimizi gelip, bazara alyp gidýärdiler. Şol aralykda Aýnura Çary kakamyň telefonyndan birki gezek jaň hem edipdim. Aýnur meniň alypbaryjylaryň bäsleşigine barmazlygymy gaty görmedi.

— Saňa has gowy zatlar garaşýandyr, öz ýüregiňi diňlemeli — diýdi.

Men, hakykatdanam, öz ýüregimi diňleýärdim. Onda bolsa, maňa iň ýakyn hossar hökmünde-de, pikirdeş bolubam diňe Aýnuruň ady gaýtalanýardy. Käbir kitaplarda şeýle adamlara «ideal» diýilýändigini inim aýtdy. Meniň belli alypbaryjy gyz bilen telefonda edil ýakyn adam ýaly jaňlaşmagym, Çary kakam daga ýaraýardy. Şol ýyl men soňkurak kysymlardan bir telefon hem alyndym. Çary kakamyň telefonyna bir-iki gezek Aýnuruň meni sorap jaň etmegi şoňa sebäp bolandyr.
Aýnur jaň edende, Aýgül gelnejem bir ýerde durup bilmezdi. Ajap tä gepleşip bolýançam, ýanymdan aýrylmazdy.

Aýnur bilen duşuşan günüm çagakam ýitiren dünýämi tapypdym. Onuň bilen gepleşmäge sebäp hem tapylýardy.

— Kitap pikirdeşiň bolup biler. Men Wiktor Gýugonyň «Boýunegmezekler» romanyny, F. Dostoýewskiniň «Ak gijelerini» okap, edebiýatyň nämedigine düşündim. Dünýä edebiýatyny hem okamaly — diýip, ol maňa gürrüň bermäge başlardy welin, onuň her sözi ýüregime zerlenip ýazylýardy. Men juda bagtlydym. Okuwyma-da öňkimden höweslenip başlanymy mugallymlar Çary kakama aýdýardylar. Ol paýhaslylyk edýärdi, meniň «Sag-aman ördüňizmi?» gepleşiginiň alypbaryjysy gyz bilen şähere gidenimizde gepleşenimi, häzir hem jaňlaşýanymy illere aýtmaýardy.

Aýnur maşgalamyzyň syrydy. Ondan eşidýän zadymy welin, käte geň görüp agzamam bardy.
— Grigoriý Çikow diýýän ýazyjynyň Çik hakyndaky hekaýatlaryndaky aýalyň gülleriniň owadanlygyny görseň, ol ideg etmäge şeýle bir ökde. Gülleri ýylda birnäçe gezek gülleýärler — diýip, men gyzykdyryp, özümçe dabaralandyryp geplemegem öwrenipdim. Özüme: «Kakasy pahyryň agynjak özi. Şonuňam kellesi güýçlüdi» diýilýänine eselen bolýardym.

Dowamy bar ☘️
5
50
awadan
21.05.2025 17:18
Duýgur göwnüň küýsegi 7-nji bölüm
Aýnuruň üýtgeşik ýylgyryşyny görmek isläp, aşaklyk bilen oňa gözümi aýladym. Şol halat Serdar odur-budur alyp geldi. Onuň özüne mahal-mahal Çary kakamyň sowalga diýip berýän pulundan süýşürinmek gylygynyň bardygyny bilýärdim. Onuň ätiýaçdan aýryp goýýanjasy bolaýmalydy.

— Gelnejem diýdiňizmi?

Aýnuruň näme diýýänini eşitmeýärdim, onuň äheňinden göwrümim giňeýärdi. Ejem jana diňe bir sesi däl, özem gaty çalym edip duran zenanyň ýanyndadygyma henizem ynanyp bilemokdym. Eý, Taňrym, munuň soňunyň nähili gutarjakdygy welin akylyma sygmaýardy.

— Çary kakam kakamyň agasy, ol biziň duldegşir goňşymyz, onuň maşgalasy Aýgül gelnejem. Ömürboýy olardan hoşal, ýöne siziň ýanyňyza gaýdanymyzy bilýän däldirler.

Serdaryň radioýaýlymyň edarasyna gaýdanymyzdan Çary kakam dagynyň habarsyzdygyny ünji edinýändigini bilsemem, geplemezligini isleýärdim. Birden Aýnur ýanymyzdan turup gidiberse, ýüregim ýarylaýjak ýalydy.

— Bizi alada edip duraslary ýok-la, onsoňam biz indi uly oglanlar. Özbaşdak.

Şol wagt hem kakamyň ýüzüni sallap, stola tirsegini diräp oturan keşbi göz öňüme geldi. Öz bolup oturyşym hem edil şolar ýalydy. Dünýäde tötänlik bolmaýar ahyry, haýran galaýmaly!

— Kakam ylmy iş edýär eken. Biz olara asla meňzemeýäris diýen ýaly.

Men elimi stoluň erňeginden aýyrdym, özüm bilmezden, elimi ýeňsäme goýdum, ýene kakamyň hereketini gaýtalaýanymy bilýärdim. Aýnuruň ýylgyryp aşak bakyp oturanyny görüp, gaýtam ekezlänýärdim. Bu onuň maňa geplemäge rugsat berendiginiň alamatydy. Onuň bilen biz öňden hem gaýybana tanyşdyk ahyryn.

— Çary kakam bilen Aýgül gelnejem diýýänim gowy adamlar. Ýöne biz olara öň «Çary kaka» ýa-da «Aýgül gelneje» diýip ýüzlenip ýören bolanymyz üçin, häzirem şolar ýaly ýüzlenýäris. Biz olara «eje-kaka» diýsek, olaryň ýeke gyzlary bar, ady Ajap, şol gabanýardy. Indi ol ulugyz.

Aýnur bilen gürrüňimiz alyşdy. Garbanyşhana gelýänleriň sany köpeldi, işgärler günortanlyga çykan bolmaly.

Men darygyp başladym. Özüne habar gatýanlara Aýnur mähirli ýylgyryp başyny atýardy. Göwnüme, olar meniň iň soňky umydymy elimden ogurlap barýan ýalydy.

— Men saňa düşünýärin.

Meniň şol pursatda gözüme biygtyýar ýaş geldi.

— Ýaşuly, halypa işgärlerimiz bilen hem käte şol meselede pikir alyşýarys. Adam diňe bir maddy islegini däl, eýsem, ruhy isleginem doly kanagatlandyrmaly. Şonda ol hakyky derejeli adam bolýar. Bir ýerden okapdym şuny: «Doganlar dürli hilidir, onda esasy zat gan gatnaşygy däldir, ruhy doganlarda pikirleriň, garaýyşlaryň we maksatlaryň birligi bardyr. Ruhy taýdan ýakynlygy bolan adamlar birek-biregini pikir taýdan ösdürip bilýärler» diýip ýazylypdyr. Maşgala agzalarynyň özara ýakynlygy olaryň ruhy bitewüligini emele getirýär. Bolýar, men siziň kelläňizi agyrdyp oturmaýyn. Ynha, ulalarsyň, şonda özüň düşünersiň.

Eý, Taňrym, bu gyzyň sesindäki meni özüne çeken zat, diňe ejem jana meňzeşligi däl, ol akylly zenan. Akylly bolandygy üçin, onuň sesi maňa üýtgeşik göründi. Adam sesini ýüreginden geçirip aýdýar. Sesiň ýöne bolmaga haky ýok. Onuň maňa mähirli ýüzlenmegi hem ýüreginde üýtgeşik jadynyň, adamy güýçli edip bilýän gudratyň bardygy üçin.

— Bolýar, bagyşlaň, meniň ýazgym bardy. Siz salgyňyzy şu ýere ýazyň, telefon belginem unutmaň…

Ol hoşlaşmalydygymyzy duýdurdy. Men onuň öňümde goýan kiçijik kagyzjygyna salgymy belleşdirdim, elim zordan diýen ýaly hereket edýärdi. Ojagaz kagyza başga zatlary, ýüregimdäkini ýazasym gelýärdi. Meniň, haýsydyr oba oglanynyň ýazanja şojagaz hatyny Aýnur ýanynda göterer diýip inçe umyt edýärdim.

Dowamy bar ☘️
5
46