Bagt ýyldyzy (hekaýa) 3-nji bölüm Bezirgen Ejeşiň begenjini görüp, öz ýanyndan bu gyza guwandy. «Şeýle gyzlar begenmäge juda mynasyp» diýip, içini gepletdi. Bezirgeni Ejeşiň erjelligindenem beter edepliligi, ugurtapyjylygy, aýratynam, belent adamkärçiligi haýran galdyrýardy. Mümkinçilik bolsa ol Ejeşiň ýanyna barmaga, onuň bilen bir bahana tapyp gürleşmäge ymtylýardy. Bu bolsa, onuň Ejeşe bolan hormatynyň söýgä öwrülip barýandygyndan bir nyşandy. Muny Bezirgeniň özem aňýardy. Emma Bezirgeniňem ýüreginde bir gussa goş basyp ýatyrdy. Bezirgen ejesiniň garyndaş ugurdan alyp berjek bolýan gyzyna öýlenmändi. Ondan soň bir ýyla ýetmänem ejesiniň aradan çykmagy Bezirgene örän agyr degipdi. «Ýeri, ejem janyň diýenini etmän, ony gaty öýkeledäýdimmikäm?» Ejesine ýok diýeni üçin otursa-tursa ökünerdi. Kakasy-da soňky wagtlarda birazajyk ýarawsyzlyk tapyndy. Kakasynyň: «Biziň öýümizi gowy tertibe getirer ýaly bir zenan maşgala-ha gerek, oglum. Durmuş nähili çylşyrymly bolýar ekeni» diýen sözlerini ýatlanam şoldy weli: «Bezirgen Çalaýewiç, sizi başlyk gyssagly ýanyna çagyrýar!» diýen sesi eşidip özüne geldi.
Hoş habardan soň Ejeş öňküsindenem yhlasly işlemäge çalyşdy. Onuň bar küýi-köçesi okuwa girip, ýüregindäki beslän arzuwyna ýetmekdi. Bagtly pursatlar duýdansyz gelýän ekeni. Ine, bir günem Ejeşi fabrigiň müdiri çagyryp: «Hoşwagtowa, gyzym, tüweleme, familiýaňam özüň ýaly üýtgeşik. Seni ýaş göreldeli işgär, ak ýürekdenem özüňiň işeňňirligiňi görkezdiň. Inženerimizem sen hakynda gowy häsiýetnama berdi. Indi bizem seniň yhlaslylygyňy, erjelligiňi göz öňünde tutup, eger göwneseň, üç dalaşgäriň içinden seni saýlap, daşary ýurda öz işleýän ugruň boýunça okuwa ugratmakçy bolýarys — diýdi.
Ejeş bir zatlar diýmekçi boldy weli, durmuş hem iş tejribesi ýetik müdir ýene gürrüňini dowam etdi:
— Gyzym, gaýgy etme, ejeň-kakaňam göwnär. Ynha, bizem seni goldarys — diýip, Ejeşe: «Indi aýdyber» diýip soragly bakdy. Ejeşiň tolgunyp duranyny görüp, müdir ýene-de sözüni dowam etdi:
— Gyzym, sen ýaýdanma! Inženerimiz seniň ýanyň bilen gidip, okuwyňa ugrukdyryp gaýdar.
Ejeşiň ýüzüniň gül ýaly açylanyny gören müdir:
— Saňa ynamymyz uludyr — diýdi.
Ejeş garaşylmadyk bu şatlykly habardan ýaňa özüni howada gaýyp ýören ýaly duýdy.
Ejeşi az salymdan ýygnaga çagyryp, müdir Bagtyýar Zamanow onuň okuwa ugradylýandygyny mälim etdi. Kärhananyň ähli işgärleri Ejeşi uly şowhun bilen el çarpyp gutladylar.
Bir hepdäniň içinde Ejeş obalaryna gidip geldi hemem okuwyna taýynlyk gördi. Sanlyja wagtyň içinde bolup geçen şatlykly pursatlardan wagtyň nädip geçeninem bilmedi.
Bezirgen Ejeşi okuwa eltip, tiz wagtdan işe dolanyp geldi. Onuň göwnüne bolmasa, hamala, fabrigiň içi boşap galana döndi. Onuň üçin hemme zat gyzyksyz ýaly bolup göründi. Sebäbi her gün saý-sebäp bilen Ejeşi görmäge bahana tapardy. Ony gören her pursadyny özüne bagt hasaplan Bezirgen bir gün oýa batdy: «Be, meniň bu bolup ýörşümi diýsene. Öz iş ýerimdäki işläp ýören bir gyza aşyk bolup ýörün. Söýginiň nirede dörejegini kim öňünden bilýär?! Görüp otursam, meniň kalbymda durmuşa bolan ymtylyşy, höwesi döreden gyz Ejeş ýaly. Men ol gyzy gören badyma sulhum aldy. Beýik Biribar bu gyzy meniň üçin ýörite bize işe ýollaýdymyka?! Ýa-da, Ejeş başga bir ýigidiň bagtymyka? Men hernäçe jan etsemem, her gün Ejeşi görmän gezip bilemok ahyry. Nätmeli? Birden meniň bu bolup ýörşümi Ejeş biläýse nähili bolar? Ol meni ýigrenmezmi?».
Günler yzly-yzyna tirkeş gurap geçip gitdi. Ejeş okuwyny tamamlap gelenden soň işe gaýdyp gelmegi Bezirgeni diýseň begendirdi. Hakyky çyn hossary uzak ýyllardan soň öýlerine gaýdyp gelene döndi. Ejeş indi oba gidip gelmekçidigini duýdurdy. Bezirgenem işden soň uzak ýola gitmekçidi.
— Ejeş, siziň obaňyzyň ady nämedi?
Dowamy bar ☘️