Duýgur göwnüň küýsegi 7-nji bölüm Aýnuruň üýtgeşik ýylgyryşyny görmek isläp, aşaklyk bilen oňa gözümi aýladym. Şol halat Serdar odur-budur alyp geldi. Onuň özüne mahal-mahal Çary kakamyň sowalga diýip berýän pulundan süýşürinmek gylygynyň bardygyny bilýärdim. Onuň ätiýaçdan aýryp goýýanjasy bolaýmalydy.
— Gelnejem diýdiňizmi?
Aýnuruň näme diýýänini eşitmeýärdim, onuň äheňinden göwrümim giňeýärdi. Ejem jana diňe bir sesi däl, özem gaty çalym edip duran zenanyň ýanyndadygyma henizem ynanyp bilemokdym. Eý, Taňrym, munuň soňunyň nähili gutarjakdygy welin akylyma sygmaýardy.
— Çary kakam kakamyň agasy, ol biziň duldegşir goňşymyz, onuň maşgalasy Aýgül gelnejem. Ömürboýy olardan hoşal, ýöne siziň ýanyňyza gaýdanymyzy bilýän däldirler.
Serdaryň radioýaýlymyň edarasyna gaýdanymyzdan Çary kakam dagynyň habarsyzdygyny ünji edinýändigini bilsemem, geplemezligini isleýärdim. Birden Aýnur ýanymyzdan turup gidiberse, ýüregim ýarylaýjak ýalydy.
— Bizi alada edip duraslary ýok-la, onsoňam biz indi uly oglanlar. Özbaşdak.
Şol wagt hem kakamyň ýüzüni sallap, stola tirsegini diräp oturan keşbi göz öňüme geldi. Öz bolup oturyşym hem edil şolar ýalydy. Dünýäde tötänlik bolmaýar ahyry, haýran galaýmaly!
— Kakam ylmy iş edýär eken. Biz olara asla meňzemeýäris diýen ýaly.
Men elimi stoluň erňeginden aýyrdym, özüm bilmezden, elimi ýeňsäme goýdum, ýene kakamyň hereketini gaýtalaýanymy bilýärdim. Aýnuruň ýylgyryp aşak bakyp oturanyny görüp, gaýtam ekezlänýärdim. Bu onuň maňa geplemäge rugsat berendiginiň alamatydy. Onuň bilen biz öňden hem gaýybana tanyşdyk ahyryn.
— Çary kakam bilen Aýgül gelnejem diýýänim gowy adamlar. Ýöne biz olara öň «Çary kaka» ýa-da «Aýgül gelneje» diýip ýüzlenip ýören bolanymyz üçin, häzirem şolar ýaly ýüzlenýäris. Biz olara «eje-kaka» diýsek, olaryň ýeke gyzlary bar, ady Ajap, şol gabanýardy. Indi ol ulugyz.
Aýnur bilen gürrüňimiz alyşdy. Garbanyşhana gelýänleriň sany köpeldi, işgärler günortanlyga çykan bolmaly.
Men darygyp başladym. Özüne habar gatýanlara Aýnur mähirli ýylgyryp başyny atýardy. Göwnüme, olar meniň iň soňky umydymy elimden ogurlap barýan ýalydy.
— Men saňa düşünýärin.
Meniň şol pursatda gözüme biygtyýar ýaş geldi.
— Ýaşuly, halypa işgärlerimiz bilen hem käte şol meselede pikir alyşýarys. Adam diňe bir maddy islegini däl, eýsem, ruhy isleginem doly kanagatlandyrmaly. Şonda ol hakyky derejeli adam bolýar. Bir ýerden okapdym şuny: «Doganlar dürli hilidir, onda esasy zat gan gatnaşygy däldir, ruhy doganlarda pikirleriň, garaýyşlaryň we maksatlaryň birligi bardyr. Ruhy taýdan ýakynlygy bolan adamlar birek-biregini pikir taýdan ösdürip bilýärler» diýip ýazylypdyr. Maşgala agzalarynyň özara ýakynlygy olaryň ruhy bitewüligini emele getirýär. Bolýar, men siziň kelläňizi agyrdyp oturmaýyn. Ynha, ulalarsyň, şonda özüň düşünersiň.
Eý, Taňrym, bu gyzyň sesindäki meni özüne çeken zat, diňe ejem jana meňzeşligi däl, ol akylly zenan. Akylly bolandygy üçin, onuň sesi maňa üýtgeşik göründi. Adam sesini ýüreginden geçirip aýdýar. Sesiň ýöne bolmaga haky ýok. Onuň maňa mähirli ýüzlenmegi hem ýüreginde üýtgeşik jadynyň, adamy güýçli edip bilýän gudratyň bardygy üçin.
— Bolýar, bagyşlaň, meniň ýazgym bardy. Siz salgyňyzy şu ýere ýazyň, telefon belginem unutmaň…
Ol hoşlaşmalydygymyzy duýdurdy. Men onuň öňümde goýan kiçijik kagyzjygyna salgymy belleşdirdim, elim zordan diýen ýaly hereket edýärdi. Ojagaz kagyza başga zatlary, ýüregimdäkini ýazasym gelýärdi. Meniň, haýsydyr oba oglanynyň ýazanja şojagaz hatyny Aýnur ýanynda göterer diýip inçe umyt edýärdim.
Dowamy bar ☘️