awadan
31.05.2025 18:11
Bagt ýyldyzy (hekaýa)2-nji
Bir gezegem paýtagtly žurnalist myhman ýene-de döredijilik sapary bilen gelip Emir dostunyňkyda düşläpdi. Ertesi irden myhman arassa howadan dem almak üçin daş çykanda, Ejeşiň öňlük dakynyp, sygyr sagyp duranyny gören myhman onuň erjelligine haýran galypdy. «Tüweleme, bu gyzyň ot ýaly dogumlyjadygyny! Hernä, dostumyň göz guwanjy bolan ýekeje gyzy, bagty bolsun-da» diýip, onuň ýanyndan syr bermän geçip gidipdi. Ýagmyr aganyň maşgala agzalary neneň onsoň Ejeş gyza sabyrsyzlyk bilen garaşmasynlar?!

Ýagmyr aga şol günden birki gün geçensoň, Ejeşi okuwa synanyşýança şäherdäki ýüpek fabrigine wagtlaýynça işe ýerleşdiripdi. Ol ýerde ýakyndan gatnaşýan garyndaşynyň ogly Bezirgeniň inžener bolup işleýändiginden Ýagmyr aganyň habary ýokdy. Ol bir gezek Ejeşiň öz işine nähili öwrenişýändigini bilmek üçin fabrige gelende, Bezirgene gabat geldi. Bezirgen Ýagmyr aga gözi düşen badyna onuň ýanyna barmaga howlukdy:

— Salawmaleýkim, Ýagmyr aga! Siz nire, bu ýerler nire?!

— Tüweleme, Bezirgen jan, bu senmidiň, aleýkum essalam! Senem bärde işleýärmidiň?

— Hawa, Ýagmyr aga! Şu ýerde inžener bolup işleýän.

— Tüweleme! Meniň asyl gözläp ýören ýitigim bärde eken-ä!

— Hyzmatyňyza taýýardyryn, Ýagmyr aga.

— Aý, bir uly hyzmatym-a ýok weli, şu ýerde siziň ýaly ýakyn gatnaşýan dostumyň gyzy işleýär weli, şonuň işleýşini, ýagdaýyny biläýeýin diýip gelşim.

— Örän gowy, onuň ady kimkä, Ýagmyr aga?

— Ejegyz Hoşwagtowa bolmaly. Biz-ä Ejeş diýýäs.

— Hä, Ejeş diýsene, Ýagmyr aga?! Işe gelenine az wagt bolsa-da, ol yhlasly, erjel gyz. Asyl ol gyz siziň dostuňyzyň gyzy diýsene?!

Bu sözi eşidip Ýagmyr aga çyn ýürekden begendi. Ejeşiň bu fabrige işe girip, eýýäm az wagtyň içinde işinde abraý gazanandygyny eşidip, Ýagmyr aga monça boldy. Ejeş bilen hal-ahwal soraşan Ýagmyr aga ýanynda duran Bezirgeniňem dostunyň gyzyna gowy baha berendigine öz ýanyndan hoşal boldy.
Ejeş bu ýüpek fabrigine gelen gününden özüniň erjelligi, dogumlylygy, adamkärçiligi, sypaýylygy bilen işdeşlerine özüni tanadypdy. Kärdeşleri işjanly bu gyzyň gujurlylygyny gowy görüpdiler. Aýratynam, inžener Bezirgen Çalaýewiň bu gyza syny oturypdy. Bir gezegem şeýle boldy:

— Ejegyz, arma! Näme beýle oýa batyp otyrsyň?

Ejegyz garaşylmadyk ýerden çykan tanyş sese tisginip gitdi. Görse, inžener ýanynda dur.

— Bezirgen Çalaýewiç, sizmidiňiz? Ejem dagy meni gaýgy edýärlermikä diýip, käwagt ünjä bataýýan-da.

— Tüweleme, ejeň, kakaň özüniň ot ýaly dogumly gyzyny nirä ugratsa-da, gaýgy edýän däldirler. Saňa-da gaýgy etmek asla gelşenok.

— Men özümiň dogumlydygyma hiç wagt ynanyp bilemok — diýip, gyz ýene-de utanjaňlyk bilen aşak bakdy.

— Ýok, hemme gyzlar seniň ýaly dogumly bolaýsa, ýigitlere edere iş galmazdy.

Bu degişmä Ejeş myssa ýylgyrdy.

— Ýöne häzirki badyňy gowşadaýma. Nesip bolsa, size hoş habarymyzam bar. Eger ýene-de şeýdip ejeňi-kakaňy gaýgy edip oturanyňy görsem, ol hoş habary hiç wagt aýtmaryn.

— Bolýar, bolýar, söz berýärin. Ol nähili hoş habarka?!

— Şu şähere näme niýet bilen geldim diýipdiň?

— Okamaga.

— Ana, üstünden bardyň. Ýöne, entek habary doly aýtmaýyn, öňünden gaty begendirmäýin. Sebäbi kärhanamyz boýunça üç sany dalaşgär okuwa hödürlendi. Belki, nesibäň çekse, üç dalaşgäriň arasynda ýeňiji bolup okuwa gitmegiň mümkin.
Bu sözleri düýşünde ýaňlanýan ýaly eşiden Ejeş begenjinden tas guş bolup uçupdy.

— Ynamyňyz üçin, sag boluň!

Dowamy bar ☘️
3
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.