atakulyyewa_humay
30.11.2023 03:45
Ynsan nä derejede gaýratly bolsada bir işe başlamak üçin ilkinji ädimi ädende tolgunmazlyk onuň elinde däl. Suwa bökmäge gaýratyňyz çatar, emma asyl gaýratlylyk suwa ilkinji gezek böküşde başlanar. Bir işi ýerine ýetirmek nähili derejede çylşyrymly bolsa bolsun ýöne ilki synanşykdan soňra başaryp bilersiňiz.

Üstünlik-meşhurlyga ýol açan netijeler bilen bir hatarda alkyşlamaga mynasyp zähmetleri hem orta goýar. Biziň wezipämiz, berkidilen işi doly derejede ýerine ýetirmek we soňunda ýüze çykan netijelere syn etmekdir. Şeýle pikirlenmek, birinji altyn ädimi ätmegi aňsatlaşdyrar. Bir gorky gursagymyzy lerzana getiren we bize “başarmarsyň’’ diýer.

Aslyna seretseň başarýanlar bu päsgelçiligi ýeňip geçenlerdir. Bir işde başarjaň bolman hem başga bir işde tapawutlanyp bilersiňiz. Bu durmuşda ähli zady başarmaly diýen zat ýok.Tebigatyň bize eçilen kanuny şeýle. Şonuň üçin hem “başarmarsyň’’ diýen düşünjäni unudyp, ilkinji altyn ädimi ätmekde haýyr bar.
36
184
atakulyyewa_humay
29.11.2023 20:34
Gahar — duşman, paýhas — dost.

Goňşyň toý etse, sen-de gapyňy açyp goý.

Ýa dostuň çanagyna bar, ýa çanagyňy dostuňa elt.

Ýüregiň çekýän ýerine ýol alys däldir.

Ýagşy goňşy — baýlyk, ýagşy hatyn —behişt.

Ekine şärik bolmasaň, öwme-de, syndyrma-da.

Nätanyş ýeriň çukury kän.

Şaly üçin haşal otlar hem suwarylýar.

Baýlyk baýlyk däl-de, agzybirlik baýlykdyr.

Bir ýyl tut eken ýüz ýyl hasyl ýygnar.

Müň garga bir daş ýeterlik.

Köp gezenden däl-de, köp görenden sora.

Egri agaç düzelmez.


Türk dilinden terjime eden: Muhammet BÄŞIMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türk dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
23
48
atakulyyewa_humay
28.11.2023 00:50

Elini gapa gapjadyp görmedik ýok bolsa gerek. Bu ýagdaý köp halatda öz tagaşyksyz hereketlerimiziň netijesinde amala aşýar. Rus dilinde geçirilýän çärelere gatnaşanymda hem beýnimde we ähli aragatnaşyk ukyplarymda şeýle agyryny duýýaryn. Gapy däl-de dil gapjaýar..


Her gezek bu agyryny duýanymda atamyň “70-nji ýyllarda Rus dilini ruslara hem öwredipdim” sözleri ýadyma düşýär. Şeýle ukyby bolan atadan rus dilinde ýönekeýje zatlary düşündirmekde hem kynçylyk çekýän agtyk nähili döreýär?!


Özümi we maňa meňzeşleri dilleriň arasynda gysylyp galan nesil hökmünde atlandyrasym gelýär. Türkmen-Türk mekdebine başlanymyzda hepdelik 20 sagat iňlis dili okadylmagy beýleki dilleri ikinji derejä geçirdi. Mekdebi gutaranymyzda bolsa aramyzda gürleşýän Türk-iň-men dilimize başga biriniň düşünmezligi adaty ýagdaý ýaly görünýärdi. Dolulygyna türk dilinde dowam eden uniwersitet diňe iňlis diliniň däl, eýsem ene dilimiň hem agsamagyna sebäp boldy. Şäher gazetlerinde işläp başlanymda ýagdaý has hem erbetleşdi; türkmen dili iň az ulanýan dilime öwrüldi. Türk dilinde pikirlenmäge, okamaga we ýazmaga öwrenşen beýin Watanyna dolanyndan soňra işsiz galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu sebäpden hem, habary ýazmak bilen däl-de ýazylan habaryň gazetiň sahypasyna ýerlikli ornaşdyrylmagy bilen meşgullanyp başladym. Şol döwürler türkmen dilinde ýazmaga birnäçe gezek synanyşypdym.

Gullukda boş wagtlarymyň bir bölegini ýerli gazet-žurnallary okamaga sarp etdim. Bu ýagdaý ene dilimi “täzeden öwrenmegime” kömek etdi. Bu döwürde türkmen neşirinde ilkinji makalalarym çap edilmäge başlandy. Bir tarapdan hem şahsy blogym üçin bir zatlar garalaýardym.


Iki ýyly tamamlap, alty aý ýaly mahabat ulgamynda selpänimden soňra täzeden žurnalistika dolanmagy makul bildim. Täzeden ýazmaga we öwrenmäge başladym. Geçen ýylyň awgust we oktýabr aýlarynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşi ýaly halkara çäreleriň dili rus hem bolsa, terjimeçileriň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilipdi. Beýnimi gapjanlar bolsa, häzirki zaman düşünjäniň kölegesinde geçirilýän hususy ulgama degişli çäreler, şeýle hem halkara guramalaryň gurnaýan ýygnanyşyklary boldy. Rus dilim orta derejeli habar ýazyp biljek derejede maglumata düşünmäge mümkinçilik berse-de yzygiderli aragatnaşygy ýola goýmaga synanyşanymda elewreýärdi.


Garaz, agsak iňlis dili, gelejegi gümürtik türk dili, ýuwaşlyk bilen kämilleşýän türkmen dili bilen oklanan galamyň “Google Translate”-e az güni düşenok.


Ýokaryda agzan çärelerime meňzeş interaktiw ýygnanyşyklaryň birinde alyp baryjy gatnaşyjylara rus dilinde “5 ýyldan özüňizi nirede görýärsiňiz/görmek isleýärsiňiz?” soragyny berdi. Nobat maňa ýeteninde bilýän iküç sözüm bilen ýamap goýberdim.

Bu soragyň asyl jogaby bolsa: “Ýene 5 ýyldan Türkmenistan üçin, türkmenistanlylar üçin geçirilýän şeýle çäreleriň türkmen dilinde geçirilýändigine şaýat bolmak. Çäreleriň şeýle derejä ýetmegine goşant goşan biri hökmünde çykyş etmek”...

41
346
atakulyyewa_humay
26.11.2023 09:54
🌺dynç günüňiz gowy geçsin...💞
34
86
atakulyyewa_humay
26.11.2023 01:13
Biz hakda erbet pikir edýänler näçe bay ýa-da bilimli bolsada bizden pes derejeli adamlardyr, sebäbi bizden ýokary derejeli adamlaryň biz hakda erbet pikirä beýlede dursun asla pikir etmäge wagty yok. Sebäbi olaryň öz işleri, öz aladalary özlerine yeterli.




OMAR HAÝÝAM
26
86
atakulyyewa_humay
25.11.2023 07:18
📌Akyl we akyllylyk barada nakyllar Iňlis dilinde :



1.Agyr otur, ýeňil gop. – Think much, act swift.
***

2.Akmak, akyllydan ökde boljak bolup, hemişe öňe sokuljak bolar. – A fool always rushes to the fore.
***

3.Akmak bilen gülüşenden, akylly bilen aglaşan ýagşy. – Better to mourn with a wise than to make a joy with fool.
***

4.Akmak dana boladan, samsyk akylly bolan ýegdir. – Better a witty fool than a foolish wit. – (W.Şekspir)
***

5.Akmak dymsa, akylly saýylar. – A fool when he is silent is counted wise.
***

6.Akmak kyrk ýaşda-da akmakdyr. – A fool at forty is a fool indeed.
***

7.Akmak öz ilinden aýyp gözlär. –A fool seeks disgrace from his people.
***

8. Akmaga dymmaklyk – jogap. – It is wise to remain silent to the fool’s speech.
***

9. Akmagyň agasy bolandan, akyllynyň inisi bol. – Better to be a younger brother of a wise man than an elder brother of an idiot.
***

10. Akmagyň dili aklyndan öňde. – A fool’s tongue runs before his wit.
***

11. Akyl är döwletden düşse­de, hormatdan düşmez. – A wise man keeps his respect even though he loses his wealth.
***

12. Akylla ýalbarsaň peseler, akmaga ýalbarsaň – eseler. – A wise man changes his mind, a fool never will.
***

13. Akylla yşarat. Akylla bir söz besdir. – A word is enough to the wise.
***

14. Akylly adam dil öwrener. – Intelligent learns lanuages.
***

15. Akylly dostuny öwer, kemakyl aýalyny, samsyk özüni. – A wise praises his friend, the slow-witted his wife and the idiot praises himself.
***

16. Akylly oýlanýança, tentek işini bitirer. – While a wise man is coming to conclusion, an idiot fulfills it.
***

17. Akyllynyň gadyry akmak ýanynda bilner. – You can appreciate a person’s true worth comparing him with a fool.
***

18. Bir samsyk bäş akyllyň agzyny alardar. – A stupid can breed strife among five wise people.
***

19. Dana bir söz eşidip iki söz düşüner. – A wise man hears one word and understands two.
***

20. Däliniň gazanany bezenenine ýetmez. – A fool and his money are soon parted. : A fool’s bolt is soon shot.
***

21. Däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek (derek). – A fool may sometimes speak to the purpose.
***

22. Gorkagyň akly giç – A coward will always think with his legs.
***

23. Hantamaçylyk haýaňy iý – Expectation consumes embarrassment.
***

24. Ikä çapýan birden galar. Iki jan owarrasy. Iki kude bedäniň arasyndaky eşek. A donkey between two bundles of hay. – An ass between two bundles of hay.
***

25. Kör hasasyn bir aldyr, iki aldyrmaz. -A fox is not taken twice in the same snare.
***

26. Men gezmen, nesibäm gezer. – I don’t seek my fate, but my destiny finds me.
***

27. Mollasy köp bolsa, toklusy haram öler. – Too many cooks spoil the broth.
***

28. Ol eşekde ýküm ýok, ýykylsa, habarym ýok. – A courtyard common to all will be swept by none.
***

29. Saçyna ak girse-de, aň girmedik. Ulalyp oňalmadyk. – A big head and little wit.
***

30. Samsygyň düwen düwünini sag çözüp bilmez. – A fool may throw a stone into a well which a hundred wise men cannot pull out. : A fool may ask more questions in an hour than a wise man can answer in seven years.
***

31. Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer -A burnt child dreads the fire.
***

32.Zeleliň ýaryndan gaýtmak peýda. – A fault confessed is half redressed.



Çeşme: ,,Makul sözlük\"
27
79
atakulyyewa_humay
24.11.2023 12:19
Dünýäde 7000-den gowrak dil bar we olaryň köpüsi şiwelerdir.


Iňlis dilindäki “alphabet” sözi Grek elipbiýiniň ilkinji iki harpyndan gelip çykýar – “alpha” we “beta\"


Fransuz dili Beýik Britaniýada öwredilýän esasy daşary ýurt dilidir.


Hawaýlylarda “ýagyş” sözi üçin 200-den gowrak dürli söz bar.


Ýaponlar üç dürli ýazuw ulgamyny ulanýarlar: Hiragana, Katakana we Kanji.


Demirgazyk Koreýada we Günorta Koreýada gürleşilýän diller tapawutlydyr. Uzak wagtlap aýrylandygy sebäpli olaryň aýratyn sözlük düzümi we grammatiki düzgünleri bar.


ABŞ-da ispan dilinde gürleýänleriň sany boyunça Meksikadan soň ikinji ýerde durýar.

Fin diliniň iň uzyn sözi epäjärjestelmällistyttämättömyydellär şübheli diýmegi aňladýar.


Hytaý dilinde 50.000-den gowrak iýoroglif bar. Gazet okamak üçin 2.000 sany iýoroglif bilmelisiňiz.


Iňlis diline “queue” sözi soňky dört harpy öçürilen halatynda hem şol bir ses bilen aýdylýan ýeke-täk sözdür.


Hytaý dili dyngy belgilerini ulanmagy talap etmeýär.


Taý dilinde ‘s’ ýazmagyň dört dürli we ‘t’ ýazmagyň alty dürli ýollary bar.


Wenger dili goňşy dilleriniň hiç biri bilen baglanyşykly däldir.


Grek dili miladydan öňki XIV asyrdan bäri bar.


Italýan dili – iňlis, fransuz, ispan we nemes dillerinden soň iň köp okadylýan bäşinji dil.


Arap dili 22 ýurduň resmi dilidir.


Londonda 300-den gowrak dilde gürleşilýär.


Häzirki wagtda dünýäde 6909 sany janly diller bar.
29
129
atakulyyewa_humay
24.11.2023 06:08
Asyrlardan bäri Hytaýyň wekilleri çaý ekýärler, ýygýarlar, taýýarlaýarlar we içýärler. Olar bu önümiň alty görnüşini döretdiler: ýaşyl, sary, gyzyl, ak, ulun we gara. Hytaýda gül çaýlary ýaly gaýtadan işlenen çaýlar bilen bilelikde çaý önüminiň 2000-den gowrak görnüşi bar.
Bu içgi hytaý halkynyň gündelik durmuşyna mahsus bolup, çaý demlenen ýa-da gaýnadylan görnüşde maşgalalarda, işde, çaýhanalarda, jemgyýetçilik naharhanalarynda we ybadathanalarda hödürlenýär. Toý ýa-da dini däp-dessurlygyna garamazdan, şonsuz ýeke dabara hem geçilmeýär.
25
40
atakulyyewa_humay
23.11.2023 14:36

Hoşgeldiňiz

Hoşgeldiňiz gadyrdan okyjylar!


Bu gezek, dürli hünärlerde işleýän, ilki başda hem IT (Information Technology) ugrunda işleýänler üçin dürli dilleriň, esasan hem “Iňlis” diliniň zerurlygy barada gürrüň edesim geldi. Dünýä ýüzünde gepleşilýän dilleriň birnäçesini sanap bileris. Emma olaryň arasynda iň esasy “Iňlis” dilini öňe sürmegimiziň ençeme sebäpleri bar. Geliň olary gözden geçireliň.


Dil Zerurlygy

Bilşiňiz ýaly, biziň gadymdan gelýän ata-babalarymyzyň aýdyp geçen sözi bardyr:


Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam…


Mundan çykýan netije: Sen näçe köp dil bildigiňçe şonça-da adam/şahsyýet güýjüň/mümkinçilikleriň artýar. Ýagny, bilýän dilleriň sanyça adam güýç-kuwwatynda mümkinçiliklere eýe bolýarsyň.


Dil öwrenmek diňe daşary ýurtlylar bilen gepleşmegi öwretmeýär. Ol bize ol dilde gepleýänleriň medeniýetini hem açýar.


Biziň üçin öň görmedik, tanamaýan täze älemimize bir derweze açylýar. Öň biziň üçin ýapyk bolan dünýä öz syrlaryny, tilsimlerini bize açýar.


Her bir adam kämil ylymlary öwrenip, kämil ussat, hünärmen bolmak isleýär. Beýle bilimiň açary bolsa ýene-de Iňlis dili. Ol hünäri öwrenmek üçin Siz daşary ýurtlardaky Uniwersitetlerde okamak zerurlygy duýarsyňyz. Ol ýerlerde okamak üçin bolsa ýene-de Iňlis dili zerur.


Tehnologiýa we Dil

Islendik hünär, esasan hem tehnologiýa dünýäsi günsaýyn ösýär, kämilleşýär, ilerleýär. Her gün diýen ýaly täze açyşlar, özgertmeler çykyp bur. Bularyň yzyndan ýetişmek we özüňi döwrebap tutup bilmek üçin bolsa bäsleşik ýodasynda galmak zerur. Bäsleşik ýodasynda bolmak üçin bolsa ol ýodanyň şertlerini, talaplaryny bilmek we ýerine ýetirmek gerek. Bäsleşikde galmak üçin hemişe dürli çeşmelerden öwrenip, okap, kämilleşip durmak gerekdir. Bu bäsleşigiň iň düýp esasy möhüm nokady bolsa dil. Ýagny dil bilmesek biz ol bäsleşige gatnaşyp bilmeýäris.


Tehnologiýa öndürýänler we özgerdýänler bilen düşünişip bilmek we olaryň edýänlerini öwrenmek, tejribe gazanmak üçin olaryň dilini bilmek hökmanydyr. Bu diller haýsylar? Iň esasylar hökmünde şulary görkezip bileris:


Iňlis dili

Rus dili

Hytaý dili (birnäçe dialekti bar)

Nemes dili

Fransuz dili

Ispan dili

Hindi dili (birnäçe dialekti bar)


Bulardan başga-da birnäçe dil sanap bileris. Mysal üçin: Arap dili, Ýapon dili, Koreý dili we ş.m. Emma esasy tehnologiýa döredýän ýa-da tehnologiýa täzelikleriniň gepleşilýän we internetde habarlar, maglumatlar, bloglar ýazylýan diller ýokarda sanalanlarmyka diýýärin. Olaryň arasynda-da ilki bilen “Iňlis” dilini öňe çykaryp bileris.


Nireden öwrenip bilerin ?

Bu döwürde täze zat öwrenmek itiň aňsady.


Bilmezlik aýyp däldir. Öwrenmezlik aýyp…


Iň esasy zat, wagt tapmak gerek. Ondan has möhüm zat, öwrenmek üçin wagt meýilleşdireniňizden soň, sabyr bilen yzygider dowam etmek gerek. Wagtal-wagtal arakesme edip dynç alyp bilersiňiz. Emma bu arakesme uzak bolmaly däldir. Oňa da türkmenlerde aýdylyp geçilen dana söz bar.


Taşlama başlanyňy, başlama taşlanyňy…


Internet çeşmeler

Ilki kellä gelýän ýer, şübhesiz Internet çeşmeleri. “Kelläňde näçe sany saç gyly bar?” soragyna, “Asmanda näçe ýyldyz bar bolsa, şonçarak bardyr” diýlişi ýaly, internetde hem şonçarak çeşme barmyka diýýärin. “Youtube”-a girip dil öwrenmek üçin kanallary, wideolary dörseňiz, ýüz müňlerçe, millionlarça çykarmyka diýýärin. Web sahypa hökmünde hem öwredýän çeşmeler bar. Isleseňiz mugt PDF kitaplary hem download edip öýde özbaşdak öwrenip bolýar. Meniň oňa wagt sarp etmäge boş wagtym ýok diýseňiz, “audio” görnüşli çeşmeler hem depeden agdyk. Olary telefonyňyza geçirip, ýolda, duralgada, awtoulagyňyzda, sport bilen meşgullanaňyzda diňläp, gaýtalap, öwrenip bilersiňiz.


Okuw Merkezleri

Eger gönimel okuw merkezlerine gatnap öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda olaryň hem ençemesi bar. Ine ýurdumyzdaky okuw merkezleriniň birnäçesi:


Gujurly Bilim Merkezi

Päk Nesil Okuw Merkezi (birnäçe şahamçasy bar)

Dana Okuw Merkezi

Daýan Okuw Merkezi

Zehinli Nesil Okuw Merkezi

Dalçyn Okuw Merkezi

Telekeçiler Birleşmesiniň Okuw Merkezi

we ş.m.


Bular meniň şu wagtda ýadyma düşenler. Aslynda bulardan başga-da ençemesi bar. Özüňize iň ýakyn bolandy, ýa hili boýunça özüňiziň halanyňyzy saýlap okuwa dowam başlabermeli.


Beýleki okuw usullaryndan bularyň gowy tarapy, okuwy okap üstünlikli tamamlanyňyz barada Şahadatnama alyp bilersiňiz.



Photo by Sara Kurfeß on Unsplash

Priloženiýalar (Apps)

Eger-de bir ýere gatnamany kyn görýän bolsaňyz, telefon ýa planşet bilen köp wagt geçirýän bolsaňyz, ine Size başga-da bir ýol. Telefonyňyza ýa-da planşetyňyza application geçirip islendik ýerde, ýolda, öýde, duralgada, ýatmazdan ozal, tagam iýip otyrkaňyz we ş.m. ýagdaýlarda telefony gapdalyňyzda boýup, “Chat”-larda ýa-da “Instagram”-da wagt ýitireniňizden, priloženiýalaryň üsti bilen dil öwrenip bilersiňiz.


Möhüm nokatlaryň biri, bu okuwdan ýadamazlyk. Şonuň üçin günde 10–15 minut, iň köp bolanda 20 minut okamaklyk ýeterlik. Şu ýagdaýda Siz hem öwrenmekden ýadamarsyňyz. Bir hepde yzyňyza öwrülip seredeniňizde bolsa eýýäm azyndan 70–105 minut arasy dil okanyňyzy görersiňiz. Bu möhlet aý dowamynda 280–420 minut bolýar. Ine maslahat berip biljek priloženiýalarymyň käbiri :


Duolingo (Super hem mugt)

Drops

Busuu

Mondly

Memrise

Rosetta Stone


Bularyň islendik biri hem Size örän kömek eder. Iň maslahat bermek isleýänim bolsa “Duolingo”. Sebäbi bu priloženiýe mugt. Diňe arasynda mahabat görkezýär diýäýmeseňiz. Sebäbi bu mahabatlar arkaly girdeji gazanyp öwrenijilere okuwy mugt hödür edýär.


Jemläliň

Bularyň islendik birine hem başlasaňyz, soňabaka ýagdaýyňyza görä beýlekisine geçip bilersiňiz.


Öwrenmezlik üçin sebäp ýok, diňe bahana bar…


Wagtyňyz bar bolsa okuw merkezlerine gatnaň. Gatnamak kyn bolýan bolsa öýde oturyp internetden öwreniň. Öýe giç gelýän bolsaňyz ýolda-yzda priloženiýalar arkaly okaň. “Men hemişe ýolda, durmaga ýagdaý,wagt bolmaýar” diýýän bolsaňyz bolsa audio dersler diňläň. Bahana gözlemäň…


Umuman aýdanymyzda, Siz islendik hünärde bolup bilsersiňiz. Emma her wagt özüňizi kämilleşdirmäge zerurlyk duýarsyňyz. Sebäbi tehnologiýa, döwür üýtgäp dur. Döwre görä, onuň talaplaryna görä Siz hem öz hünäriňizde kämilleşmeli. Kämilleşmek üçin bolsa Siz goşmaça çeşmelerden goşmaça zatlar öwrenmeli. Iň köp çeşmäniň tapylýan dili bolsa, bilşiňiz ýaly, “Iňlis Dili”.


Şonuň üçin, gadyrdan dostlar, hiç haçan şu wagtky bilýänleriňiz bilen çäklenmäň. Hemişe öwrenip, kämilleşip, bäsleşik ýodasynda boluň.

33
201
atakulyyewa_humay
19.11.2023 01:42

✍️Wagtyň çalt geçişini diýsene gündelik...



Bu gün irden hemişekiler ýaly gündeligime bellik edeyin diydim,19.11.2023.



Bu sene maňa öran tanyş 🤔




Ey way...biziň bu gün Hytaýa gelenimize 3 ay bolupdyra..


Bee... wagtyň çalt geçişini diýsene...



3 aý...



3 aýdan bäri maşgalamyzdan,öz ene atamyzdan, obamyzdan, Öz watanymyzyň topragyndan, howasyndan aýry...



✍️önler Hytaý döwletini diňe kartada görýädim, kitaplarda adyny okap suratyny görerdim, bilyäňmi. Tutyan meydany boyunca dünÿänin 3-nji döwleti, ilat sany boyunça dünÿäde 1-nji orunda baryan dowletde, tehnologiya,ylym-bilim hemme tarapdan ösen döwletde okap bilim alyanyma begenyän....



✍️Gundelik ýöne bilýãnmi, sen näçe azap edip okasan bolmayan wagtlary bolya, ýöne shol wagtlar hic gynanyp ruhdan dusup oturmaly dãl ekennay, menem olimpiadada, egzaminlerde yykylamda gynanyp oturyadym, samsyk ekenim, diyjek bolyanym sen okap yhlas etyanmi shol has gowusy boljagy ekeni...




Indiki yaslara berjek maslahatym, hiç wagt menki bolanok, men näçe yhlas etsem hem bolanok diýip ruhdan dusman, indi okamak üçin şeýle gowy sertler doredilyar, size diňe okap owrenaymek galyar, belki hemmäňize has gowusy bolar diyip arzuwlayan...





Yeri bolýada, bu gün 3 aylygymyzy bellalin...



A: Selbi tur, tur, bu gün biz üçin üýtgeşik günlen biri, 😊


B: Dan bilen, nãme ol gowy habar gyy Humay, sagat 5den isleyar...yatsana


A:Bu gun biziň Hytaýa gelenimizin 3 aylygy


B: Çyndanam...haa...


A: Bu gün bir üýtgeşiklik etmeli....hany tur, mende bir gowy pikir bar...




Üygeshiklik etmeli....



Bu gün üýgeshik günleň biri 😊






2023.11.19


04:10

32
199