atakulyyewa_humay
23.11.2023 14:36

Hoşgeldiňiz

Hoşgeldiňiz gadyrdan okyjylar!


Bu gezek, dürli hünärlerde işleýän, ilki başda hem IT (Information Technology) ugrunda işleýänler üçin dürli dilleriň, esasan hem “Iňlis” diliniň zerurlygy barada gürrüň edesim geldi. Dünýä ýüzünde gepleşilýän dilleriň birnäçesini sanap bileris. Emma olaryň arasynda iň esasy “Iňlis” dilini öňe sürmegimiziň ençeme sebäpleri bar. Geliň olary gözden geçireliň.


Dil Zerurlygy

Bilşiňiz ýaly, biziň gadymdan gelýän ata-babalarymyzyň aýdyp geçen sözi bardyr:


Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam…


Mundan çykýan netije: Sen näçe köp dil bildigiňçe şonça-da adam/şahsyýet güýjüň/mümkinçilikleriň artýar. Ýagny, bilýän dilleriň sanyça adam güýç-kuwwatynda mümkinçiliklere eýe bolýarsyň.


Dil öwrenmek diňe daşary ýurtlylar bilen gepleşmegi öwretmeýär. Ol bize ol dilde gepleýänleriň medeniýetini hem açýar.


Biziň üçin öň görmedik, tanamaýan täze älemimize bir derweze açylýar. Öň biziň üçin ýapyk bolan dünýä öz syrlaryny, tilsimlerini bize açýar.


Her bir adam kämil ylymlary öwrenip, kämil ussat, hünärmen bolmak isleýär. Beýle bilimiň açary bolsa ýene-de Iňlis dili. Ol hünäri öwrenmek üçin Siz daşary ýurtlardaky Uniwersitetlerde okamak zerurlygy duýarsyňyz. Ol ýerlerde okamak üçin bolsa ýene-de Iňlis dili zerur.


Tehnologiýa we Dil

Islendik hünär, esasan hem tehnologiýa dünýäsi günsaýyn ösýär, kämilleşýär, ilerleýär. Her gün diýen ýaly täze açyşlar, özgertmeler çykyp bur. Bularyň yzyndan ýetişmek we özüňi döwrebap tutup bilmek üçin bolsa bäsleşik ýodasynda galmak zerur. Bäsleşik ýodasynda bolmak üçin bolsa ol ýodanyň şertlerini, talaplaryny bilmek we ýerine ýetirmek gerek. Bäsleşikde galmak üçin hemişe dürli çeşmelerden öwrenip, okap, kämilleşip durmak gerekdir. Bu bäsleşigiň iň düýp esasy möhüm nokady bolsa dil. Ýagny dil bilmesek biz ol bäsleşige gatnaşyp bilmeýäris.


Tehnologiýa öndürýänler we özgerdýänler bilen düşünişip bilmek we olaryň edýänlerini öwrenmek, tejribe gazanmak üçin olaryň dilini bilmek hökmanydyr. Bu diller haýsylar? Iň esasylar hökmünde şulary görkezip bileris:


Iňlis dili

Rus dili

Hytaý dili (birnäçe dialekti bar)

Nemes dili

Fransuz dili

Ispan dili

Hindi dili (birnäçe dialekti bar)


Bulardan başga-da birnäçe dil sanap bileris. Mysal üçin: Arap dili, Ýapon dili, Koreý dili we ş.m. Emma esasy tehnologiýa döredýän ýa-da tehnologiýa täzelikleriniň gepleşilýän we internetde habarlar, maglumatlar, bloglar ýazylýan diller ýokarda sanalanlarmyka diýýärin. Olaryň arasynda-da ilki bilen “Iňlis” dilini öňe çykaryp bileris.


Nireden öwrenip bilerin ?

Bu döwürde täze zat öwrenmek itiň aňsady.


Bilmezlik aýyp däldir. Öwrenmezlik aýyp…


Iň esasy zat, wagt tapmak gerek. Ondan has möhüm zat, öwrenmek üçin wagt meýilleşdireniňizden soň, sabyr bilen yzygider dowam etmek gerek. Wagtal-wagtal arakesme edip dynç alyp bilersiňiz. Emma bu arakesme uzak bolmaly däldir. Oňa da türkmenlerde aýdylyp geçilen dana söz bar.


Taşlama başlanyňy, başlama taşlanyňy…


Internet çeşmeler

Ilki kellä gelýän ýer, şübhesiz Internet çeşmeleri. “Kelläňde näçe sany saç gyly bar?” soragyna, “Asmanda näçe ýyldyz bar bolsa, şonçarak bardyr” diýlişi ýaly, internetde hem şonçarak çeşme barmyka diýýärin. “Youtube”-a girip dil öwrenmek üçin kanallary, wideolary dörseňiz, ýüz müňlerçe, millionlarça çykarmyka diýýärin. Web sahypa hökmünde hem öwredýän çeşmeler bar. Isleseňiz mugt PDF kitaplary hem download edip öýde özbaşdak öwrenip bolýar. Meniň oňa wagt sarp etmäge boş wagtym ýok diýseňiz, “audio” görnüşli çeşmeler hem depeden agdyk. Olary telefonyňyza geçirip, ýolda, duralgada, awtoulagyňyzda, sport bilen meşgullanaňyzda diňläp, gaýtalap, öwrenip bilersiňiz.


Okuw Merkezleri

Eger gönimel okuw merkezlerine gatnap öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda olaryň hem ençemesi bar. Ine ýurdumyzdaky okuw merkezleriniň birnäçesi:


Gujurly Bilim Merkezi

Päk Nesil Okuw Merkezi (birnäçe şahamçasy bar)

Dana Okuw Merkezi

Daýan Okuw Merkezi

Zehinli Nesil Okuw Merkezi

Dalçyn Okuw Merkezi

Telekeçiler Birleşmesiniň Okuw Merkezi

we ş.m.


Bular meniň şu wagtda ýadyma düşenler. Aslynda bulardan başga-da ençemesi bar. Özüňize iň ýakyn bolandy, ýa hili boýunça özüňiziň halanyňyzy saýlap okuwa dowam başlabermeli.


Beýleki okuw usullaryndan bularyň gowy tarapy, okuwy okap üstünlikli tamamlanyňyz barada Şahadatnama alyp bilersiňiz.



Photo by Sara Kurfeß on Unsplash

Priloženiýalar (Apps)

Eger-de bir ýere gatnamany kyn görýän bolsaňyz, telefon ýa planşet bilen köp wagt geçirýän bolsaňyz, ine Size başga-da bir ýol. Telefonyňyza ýa-da planşetyňyza application geçirip islendik ýerde, ýolda, öýde, duralgada, ýatmazdan ozal, tagam iýip otyrkaňyz we ş.m. ýagdaýlarda telefony gapdalyňyzda boýup, “Chat”-larda ýa-da “Instagram”-da wagt ýitireniňizden, priloženiýalaryň üsti bilen dil öwrenip bilersiňiz.


Möhüm nokatlaryň biri, bu okuwdan ýadamazlyk. Şonuň üçin günde 10–15 minut, iň köp bolanda 20 minut okamaklyk ýeterlik. Şu ýagdaýda Siz hem öwrenmekden ýadamarsyňyz. Bir hepde yzyňyza öwrülip seredeniňizde bolsa eýýäm azyndan 70–105 minut arasy dil okanyňyzy görersiňiz. Bu möhlet aý dowamynda 280–420 minut bolýar. Ine maslahat berip biljek priloženiýalarymyň käbiri :


Duolingo (Super hem mugt)

Drops

Busuu

Mondly

Memrise

Rosetta Stone


Bularyň islendik biri hem Size örän kömek eder. Iň maslahat bermek isleýänim bolsa “Duolingo”. Sebäbi bu priloženiýe mugt. Diňe arasynda mahabat görkezýär diýäýmeseňiz. Sebäbi bu mahabatlar arkaly girdeji gazanyp öwrenijilere okuwy mugt hödür edýär.


Jemläliň

Bularyň islendik birine hem başlasaňyz, soňabaka ýagdaýyňyza görä beýlekisine geçip bilersiňiz.


Öwrenmezlik üçin sebäp ýok, diňe bahana bar…


Wagtyňyz bar bolsa okuw merkezlerine gatnaň. Gatnamak kyn bolýan bolsa öýde oturyp internetden öwreniň. Öýe giç gelýän bolsaňyz ýolda-yzda priloženiýalar arkaly okaň. “Men hemişe ýolda, durmaga ýagdaý,wagt bolmaýar” diýýän bolsaňyz bolsa audio dersler diňläň. Bahana gözlemäň…


Umuman aýdanymyzda, Siz islendik hünärde bolup bilsersiňiz. Emma her wagt özüňizi kämilleşdirmäge zerurlyk duýarsyňyz. Sebäbi tehnologiýa, döwür üýtgäp dur. Döwre görä, onuň talaplaryna görä Siz hem öz hünäriňizde kämilleşmeli. Kämilleşmek üçin bolsa Siz goşmaça çeşmelerden goşmaça zatlar öwrenmeli. Iň köp çeşmäniň tapylýan dili bolsa, bilşiňiz ýaly, “Iňlis Dili”.


Şonuň üçin, gadyrdan dostlar, hiç haçan şu wagtky bilýänleriňiz bilen çäklenmäň. Hemişe öwrenip, kämilleşip, bäsleşik ýodasynda boluň.

33
201
sunshining
23 Noýabr 2023
Kurs merkezleriň köpüsinde okap gördüm şu wagta çenli ýöne şolaryň arasynda iň gowy öwredýäni meň pikirimçe Bilim nokady sizede şol kurs merkezde okamagy hemmäňize maslahat berýän
786han
23 Noýabr 2023
👍💐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.