altyyeva
05.10.2023 07:34

Her bir hakyky yşk garaşylmadyk özgerişliklere ýol açýar. Yşk diýmek gaýtadan dünýä inmek gaýtadan dogulmak diýmekdir. Eger " yşkdan öň" hem " yşkdan soň" şol bir adamlygymyzda galyp bilýän bolsak, onda ýeterlik derejede söýen däldiris diýmekdir. Birini söýýän bolsaň, onuň üçin edip biljek iň ähmiýetli işiň - özgermekdir.

18
60
altyyeva
04.10.2023 20:36

Bir gün unudarlar meniň kimligim,

Belki unudarlar meniň adymy,

Ýöne setirlerim ýürekden bolsa,

Hökman ýaşadarlar ýazan zadymy.


Öwrenerler, ýat tutarlar, söýerler,

Harpma - harp

Sözme - söz

Setirme - setir

Beýnide ýer edip, kalpda ýaşamak,

Gör nähili bagt, göz öňüňe getir.


Şonda ähli arzuwlarym hasyl bor,

Arzyly maksadym ýeter myrada,

Şek ýetirmän gezsem ýeterlik maňa,

Ynsan diýen beýik mertebä, ada.


Ilmyrat Babaýew

20
17
altyyeva
03.10.2023 13:58

Men goşgy ýazýaryn gursagmy ýaryp

Ony çepbesine çöwürip ýazýan

Bu goja dünýäniň gowgasyn undyp

Armanym arzuwa öwürip ýazýan


Ýazýaryn ilkinji söýgi hakynda

( Ýüzümde-de iç ýananyň gülkisi)

Ýasama ýylgyryp çozýar üstüme

Yşkdan galan ýatlamalaň hemmesi


Ýazýaryn döwülen umytlar hakda

Ýöne ol şonda-da atam deý merdem

Aýagna daş degip ýykylan çagy

Gör, näçe gezekler galdyrdym ýerden


Lira kimin kakyp ýürek kirşini

Onuň şirin owaz taryny ýazýan

Şatlygymy ýazýan, gussamy ýazýan

Baryny ýazýan...


Ilmyrat Babaýew

24
38
altyyeva
30.09.2023 00:06

Ynsanyň iň esasy

Maksady : bagtyýar bolmak

Wezipesi : bilmek

Amaly : zähmet çekmek !


Bir damja ýalan hem ynam ummanyny zaýalaýar.


Biri kesek atsa barýan ýoluma, ykbal ony duçar etsin päline.


Biz biri-birimizden üstün bolmaýan , ýöne tapawutly aýratynlyga eýe bolan gadyrly barlykdyrys.


Durmuş agyrlaşdygyça gaçybatalgaň arzuwlar bolýar.


Öňe gitmeýän adam yza gaýdýandyr bir duran ýeriňde durup bolmaýar.


Aýbyňy tapmasalar töhmet atarlar, kirli ýürekleriň adaty şeýle.!


Owadanlyk bir gazna ýalydyr, emma onuň hojaýyny akyldyr.


Biraz biperwaý boluň, asla öwrenişmäň.!

20
43
altyyeva
29.09.2023 00:16

Göwünlik bermäni halamok.Men diňe şony aýdyp bilerin: Dünýä indiň, yza ýol ýok!


Hiç kimi ýalan sözleýändigini biläýjek derejede tanamak islemeýän..


Adam üçin iň kyn iş günde "adam bolmak"


Bu ýoluň soňunda gazananlar diňe sabr edenler boldy...


Bir damja ýalan ynam ummanyny zaýalaýar.!


Her aglaýan güýçsiz däldir, her güleniň bagtly bolmaýşy ýaly..


Gaýgylaryňyzy 99,999% azaltmak isleseňiz entek bolmadyk zatlary gözöňüne getirmegi bes ediň!


Durmuş bilen geçirilen gepleşikde onuň soragy möhüm däl, möhümi biziň jogabymyz!


Näme görjegiňizi bilmeseňiz nämä öwrülýändigiňize serediň.

25
57
altyyeva
28.09.2023 19:48

Gybat - ogurlyk haryt mysalydyr. Gybatkeşler şol harydy ogryn paýlaşýandyr.

29
25
altyyeva
27.09.2023 14:27

Durmuş haýsydyr bir ebedi zada garaşmak bilen geçýär. Filmlere, kitaplara, seriallara, wakalara, adamlara, awtobuslara..garaşmak.Çagyryşlar, awtobuslar, ýygnaklar.Aýlyklar, yssy howa, dynç günleri.Hemme zadyň üýtgemegine garaşmak.Bir gün hemme zat gowy bolar öýdüp...Diňe garaşmagy bes etmeli we ýaşamaga başlamaly..!


Elçin Safarli "Bagtyň reseptleri"

23
64
altyyeva
26.09.2023 00:41

Dymmaga mejbur edýän agyrylar, gygyrmaga mejbur edýän agyrylardan has agyr


Käwagt ýalňyz galmak isleýän adamlara gowy düşünýän.Bir ynsany özünden başga hiçbir zat abatlap bejerip bilmez. Ynsany özüne getirýän ýene-de özüdir


Köňlüň gapysy bolsa daşynda şu ýazgy bolardy : "Gir, emma ynjytma! "


Ýalan öwser, hakykatlar yranmaz, gybat kakyp goý atsynlar şyltagy, ak-garany saýgaranlar ynanmaz!


Durmuşdan närazy bolanda ýürek, şol pursat ynanýan dogrularyňy "juda dogrulara" düzetmek gerek


Adamy "adam" edýän zat nebsine we isleglerine eýe çykmak


Bir zada garaşmagyň iň oňat usuly ony unutmakdyr

37
65
altyyeva
25.09.2023 16:34

Merduwanyň basgançaklarynyň aralygy näçe ýygy bolsa şonça çalt ýokary galyp bolýar. Edil şonuň ýaly - da kiçijek ädimler yzygiderligi beýik üstünliklere ýetirýär..!

28
65
altyyeva
24.09.2023 00:09

Herkimiň ejiz tarapy bar, a duşman şol ejiz tarapyň tapýa.Sen wagtynda öz ejiz tarapyň bilip ondan gutulmagyň gerek


Çaga gygyrsaň bir günlik terbiýelärsiň, düşündirseň - ömürlik !


Bir akmagyň deňze zyňan almazyny müň dana hem tapyp bilmez


Eger bir gün senden men hakda sorasalar, " Kiçijek dünýäsi bardy, onam men ýok etdim" diýgin


Degişme öz ýerinde ýagşy, çünki degişmek bilen göwne degişmegiň arasynda birje söz tapawut bar


Ýakynlaryňyzy hiçhaçan ýitirmejek ýaly ýigrenmäň. Galyberse-de adamlaryň gatnaşyklary demir däl-de hrustaldyr


Söýgi gül gözlär, gabanjaňlyk - tiken !

29
53