altyyeva
04.10.2023 20:36

Bir gün unudarlar meniň kimligim,

Belki unudarlar meniň adymy,

Ýöne setirlerim ýürekden bolsa,

Hökman ýaşadarlar ýazan zadymy.


Öwrenerler, ýat tutarlar, söýerler,

Harpma - harp

Sözme - söz

Setirme - setir

Beýnide ýer edip, kalpda ýaşamak,

Gör nähili bagt, göz öňüňe getir.


Şonda ähli arzuwlarym hasyl bor,

Arzyly maksadym ýeter myrada,

Şek ýetirmän gezsem ýeterlik maňa,

Ynsan diýen beýik mertebä, ada.


Ilmyrat Babaýew

20
17
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.