Dymmaga mejbur edýän agyrylar, gygyrmaga mejbur edýän agyrylardan has agyr
Käwagt ýalňyz galmak isleýän adamlara gowy düşünýän.Bir ynsany özünden başga hiçbir zat abatlap bejerip bilmez. Ynsany özüne getirýän ýene-de özüdir
Köňlüň gapysy bolsa daşynda şu ýazgy bolardy : "Gir, emma ynjytma! "
Ýalan öwser, hakykatlar yranmaz, gybat kakyp goý atsynlar şyltagy, ak-garany saýgaranlar ynanmaz!
Durmuşdan närazy bolanda ýürek, şol pursat ynanýan dogrularyňy "juda dogrulara" düzetmek gerek
Adamy "adam" edýän zat nebsine we isleglerine eýe çykmak
Bir zada garaşmagyň iň oňat usuly ony unutmakdyr