alma___
02.04.2024 05:20
Ýalan dostlar edil kòlege ýalydyr.,,Gùneşli"gùn yzyñdan galmazlar.
,,Kòlegeli "gùn bolsa gòzleseñem tapdyrmazlar.
23
60
alma___
30.03.2024 18:42
Bu enayyja gumgumadaky tübbet müşküni tapjak
bolup, Togrul beg kösenmek kösendi. Getirip berjek diyip sôz beren
köp bolupdyr, yöne olaryň beren sözieriniń yzy gelmändir.
Bu erkekler üýtgeşik ýaradylypdyr. Men-ä bulara teý düşünip
bilmeyarin.
Namesine düşünmeyärsiñiz?!
Erkekler hatynlary adam hasap etmeýärler. Urarlar, öldürerler, ýöne
şol adam hasap etmeyan, islese, uryan, islese, öldürýän hatynlarynyň
ýekeie yyigyryşy üçin ähli baýlygyny orta dökerler. Yurt aşyp ya birnäçe
yhlas edip, müşk gozläp, hatynyna bagyş ederler. Hatyn üçin döwletleri,
op-köp säherleri, kentleri, obalary tozdurarlar, darkaş gurarlar, ençe
adamiar pida bolar. Zenanlary depelerine täç ederler, wasp ederiler. Seniñ
begenmegin üçin uzak yerlere yörite gidip, kerwenläp mata getirerler ýa getirderier. Erkek zenana edyän yhlasyny özüne-de etmez. yekeje dostuna-
da etmez. Ata-enesine-de etmez. Hatyna gowy görünmek üçin Cyna gider
Kaba gider. Hatyna yaranmak üçin ähli zatdan gaýtmaz. Patyşa yaranjak
boimaz, yöne hatyna patyşalaram yaranmak üçin gara gündedir. Arman
şeýdip ezizleyän hatynyny erkek kişi adam hökmünde görmeyar
depesinden gamçy urmagy hiç zatça bilmeyär. Eysem şu geň dälmi
a depänden gamçy urýan şol erkek senin tabşyran işini wagtynda
emändigi üçin münläp gulamy gylyçdan geçirer. Senin göwnüñi awlamak
için köp-köp a adamy öldürer...
20
49
alma___
29.03.2024 11:53
Otyrlyşyklaryñ birinde bu dùnýade adam ùçin iñ erbet zadyñ nàmedigi barada jedel edipdirler.Biri diýdi -kesel - .Ýene biri diýdi - òlim- ,başga biri diýdi - garyplyk - ...Kòp zat aýdyldy. Iñ soñynda Ependiden soradylar.
- Ependi aga sen nàhili pikir edýàñ ?
- Isleýàn zadyñ bolmasa erbet - diýip Ependi jogap berdi - Ýòne islemeýan zadyñ bolaýsa , ondanam erbet.
22
99
alma___
28.03.2024 17:57
Bir dananyñ ýanyna adamlar gelip, odynçynyñ we ýùkçiniñ arasyndakt dawany çòzip bermegi haýyş edipdirler.Ýùkçi uzyn deşli adam bolyp,adamlaryñ ýùkini nirà diýse çekip berip, iýjek çòregini gazanypdyr.Ol odynçynyñ berk dañylan bir arka odyny gòterip ýadanlygyny gòrip.
-Eger isleseñ odynyñy gòterip bereýin diýip -teklip edipdir.
-Wah şeýtsene- diýip odynçy derini syryp durşyna jogap beripdir.
- Onyñ ùçin maña name berersiñ.- diýip yùkçi bir dañy odyny arkasyna alypdyr.
- Hiç zat - diýip odynçy odynyny yzyna almaga hàzirlenipdir.
- Bolýa -diýip ýùkçi baş atyp ,odynçynyñ odynyny òýùne eltip beripdir. Şol ýerde-de.
- Aýdan bahañy ber - diýipdir.
- Saña başda aýtdyma, mende tòlàre zadym ýok diýip.
- O nàhili , tòlàre zadym ýok.Hiç zat diýip pañladyña. Getir şony bàri- diýip ýùkçi içyakgyçlygyny edipdir.
- Ine şeýdip bular dawalaşýarlar.- diýip adamlar dana bolan wakany dùşùndiripdirler..
-Biri ,,Hiç zat ber diýip talap edýàr ,birem aglaýjak aglaýjak bolýar.

- Şondan ýeñil zat ýok- diýip dana jogap beripdir.-Ýòriñ odynçynyñ òýune gideliñ..
Geldiler dana içeri girdi soñra ýùkçini ,odynçyny we àhli şaýatlar içeri çagyrdy.Soñra halynyñ ùstùndàki ýassygy gòterip, ýùkçiden sorady,
- Seret ýassygyñ aşagynda nàme bar.
- Hiç zat -diýip ýùkçi aljyrap jogap beripdir.
- Hà, ine ol nirede eken. Bol al ony al seniñ hakyñ şol - diýip dawany adalatly çòzipdir.
25
61
alma___
27.03.2024 20:43
Içki syryñ ýanýoldaşdan gizlemàñ.
Òz jùbtùñden òzge ýary gòzlemàñ.
Gùnà işdir hergiz zyna yzlamañ.
Nikalaşyp ,,Guda gaýyn" bolmasañ.
22
37
alma___
26.03.2024 16:18
Atanyn dogasy,tukenmez dòwlet.
Enàniñ dogasy,altyndan gymmat.
Şol iki dogadan ýùkùñ ýetirseñ.
Jennetiñ gapysyn gòrersiñ ymmat.

A. Allaberdiýewa.
23
23
alma___
25.03.2024 17:25
Giñ jahanyñ dàlisi bar danasy.
Akmak ,akyllysy bulañ bary bar.
Azgynlara galmaz ýaly bu dùnýe.
Senden medet òziñ gora Biribar.

O dunýa goýdylar kòpler algysyn.
Imansyz adamy ajal almasyn.
Iñ uly duşmanyñ dogan bolmasyn.
Senden medet òziñ gora Biribar.

Aýallar tor ýykdy saçak boşanda.
Geýimsiz goýdylar ýetim ùşànde.
Aç gòzler, ejiziñ hakyn daşanda.
Senden medet, òziñ gora Biribar.

Iki dùnýe òziñ ýalka bendàñi.
Jebirden ýanmasyn kalby endamy.
Dileg etsek gorajak bir sen dàlmi .
Senden medet ,òziñ gora Biribar.

Meni sen ýaratdyñ,señki jan tenim.
Diñe saña bagly geljegim ,
òñim.
Birden o dùnýàde oýanjak gùnim.
Senden medet, òziñ gora Biribar.
24
65
alma___
24.03.2024 18:11
Hawwa erteki dàl saña ýaşaýyş.
Her islegiñ , her bir işiñ paşmaýar.
Ýazda ýaýnaýansyñ, emma welin gyş.
Ine, seniñ ùçin durmyş ba
şlanýar.

Çagakañ sùýjidir her zat dadañda.
Ýòne şatlyk baky dàldir adamda.
Ulylyda sàhel àdim àdeñde.
Ine seniñ ùçin durmyş
başlanýar.

Àhli zat añsatdyr daşdan garanda.
Mùñ kynçylyk duşar òñe ýòrànde.
Dostsyz galyp òñe ýeke ýòrànde.
Ine seniñ ùçin durmyş başlanýar.

Geljegiñi òziñ gurmaly borsyñ.
Òz gùnùñi òziñ gòrmeli borsyñ.
Ģòregi gazanmak bolmaly borjyñ.
Ine,seniñ ùçin durmyş başlanýar.

Ýalançy kàteler gòwne degende.
Her işiñe il gùn baha berende.
Basym adyñ eje kaka bolanda.
Ine seiñ ùçin durmyş başlanýar.

Dùnýa ahyr akyl ýetireniñde.
Gitmesi bar dùnýa getireniñde.
Şol eziz ynsany ýitireniñde.
Ine, seniñ ùçin durmyş başlanýar
24
36
alma___
23.03.2024 22:24
Biriniñ gòwnine degmànkàñ gowy pikirlen, belki erteki gùn òtinç soramaga giç bolar.
25
78
alma___
22.03.2024 18:47
Dyrmyšda iñ uly sowgat-saglyk.
Iñ gowy ýagdaý kanagatly bolmak.
Iñ gowy gatnaşyk bolsa-dogryçyllykdyr.
27
32