alma___
24.03.2024 18:11
Hawwa erteki dàl saña ýaşaýyş.
Her islegiñ , her bir işiñ paşmaýar.
Ýazda ýaýnaýansyñ, emma welin gyş.
Ine, seniñ ùçin durmyş ba
şlanýar.

Çagakañ sùýjidir her zat dadañda.
Ýòne şatlyk baky dàldir adamda.
Ulylyda sàhel àdim àdeñde.
Ine seniñ ùçin durmyş
başlanýar.

Àhli zat añsatdyr daşdan garanda.
Mùñ kynçylyk duşar òñe ýòrànde.
Dostsyz galyp òñe ýeke ýòrànde.
Ine seniñ ùçin durmyş başlanýar.

Geljegiñi òziñ gurmaly borsyñ.
Òz gùnùñi òziñ gòrmeli borsyñ.
Ģòregi gazanmak bolmaly borjyñ.
Ine,seniñ ùçin durmyş başlanýar.

Ýalançy kàteler gòwne degende.
Her işiñe il gùn baha berende.
Basym adyñ eje kaka bolanda.
Ine seiñ ùçin durmyş başlanýar.

Dùnýa ahyr akyl ýetireniñde.
Gitmesi bar dùnýa getireniñde.
Şol eziz ynsany ýitireniñde.
Ine, seniñ ùçin durmyş başlanýar
24
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.