alma___
25.03.2024 17:25
Giñ jahanyñ dàlisi bar danasy.
Akmak ,akyllysy bulañ bary bar.
Azgynlara galmaz ýaly bu dùnýe.
Senden medet òziñ gora Biribar.

O dunýa goýdylar kòpler algysyn.
Imansyz adamy ajal almasyn.
Iñ uly duşmanyñ dogan bolmasyn.
Senden medet òziñ gora Biribar.

Aýallar tor ýykdy saçak boşanda.
Geýimsiz goýdylar ýetim ùşànde.
Aç gòzler, ejiziñ hakyn daşanda.
Senden medet, òziñ gora Biribar.

Iki dùnýe òziñ ýalka bendàñi.
Jebirden ýanmasyn kalby endamy.
Dileg etsek gorajak bir sen dàlmi .
Senden medet ,òziñ gora Biribar.

Meni sen ýaratdyñ,señki jan tenim.
Diñe saña bagly geljegim ,
òñim.
Birden o dùnýàde oýanjak gùnim.
Senden medet, òziñ gora Biribar.
24
65
pres
25 Mart 2024
👍🏻👍🏻
flow
25 Mart 2024
👍
alma___
25 Mart 2024
Awtor. K.Ýazmyhammedow
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.